Sanly ykdysadyýet — batly ösüşiň guraly

15 Dekabr 2024
81

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmeklik halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga, maglumat giňişligini kemala getirmäge, ösdürmäge, häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki zaman dünýäsini sanly tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylyk iň täze ylmy-tehniki çözgütleriň önümçilige ornaşdyrylyşy, ösen tehnologiýalaryň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Aslynda, «sanlylaşdyrmak» düşünjesiniň özi harytlaryň önümçiligini we hyzmatlaryň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly kämilleşdirmegiň täze tapgyryny göz öňünde tutýar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň esasy sebäbi döwlet dolandyryşyny, maliýe ulgamyny, lomaý we bölek söwdany, jemagat-durmuş hyzmatlaryny öz içine alýan gurşawyň ösmegi bilen baglydyr.

Bekdurdy GARAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.