Türkmenistan Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşy boldy

5 Dekabr 2024
204

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistan bilen söwda dolanyşygy 947,7 million ABŞ dollary boldy. Statistika gullugynyň habaryna görä, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,92 göterim ýokarlandy (2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 939,1 million dollar).

Türkmenistan hasabat döwründe Özbegistanyň iň uly söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ilkinji üçlige girdi.