Standartlaşdyrmak — ýokary hiliň kepili

5 Dekabr 2024
180

«Standart hyzmat» hususy kärhanasy Türkmenistanyň iri, orta we kiçi kärhanalaryna hem-de telekeçilik işleri bilen meşgullanýan raýatlaryna halkara standartlaryna laýyk dolandyryş ulgamlarynda işlemekde ýardam berýär. Ykdysady, tehnologik we durmuş aýratynlyklary bolan halkara ISO sertifikatlary kärhanalara dolandyryş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olary täze derejä çykarmaga, döwlet tenderlerine gatnaşmaga, berýän hyzmatlaryny ýa-da öndürýän önümini içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt hökmünde hödürlemäge mümkinçilikleri açýar. Halkara standartlaryna laýyklykda bu sarp edijilerde önümleriň ygtybarly, täsirli we ekologiýa taýdan arassa taýýarlanandygyna ynamyny artdyrýar.

Halkara ISO sertifikatlarynyň arasynda islendik pudakda, onuň ululygyna we alyp barýan işiniň görnüşine garamazdan girizilýän ISO 9001:2015 Hil dolandyryş ulgamynyň halkara standarty, saglygy goraýşyň we zähmeti goramagyň dolandyryş ulgamy üçin girizilýän

Aýgül ORAZOWA,
«Standart hyzmat» hususy kärhanasynyň direktory.