Botwinnigiň Balkanabatda bolmagy

4 Dekabr 2024
238

Küşt boýunça dünýäniň çempiony, grossmeýster, tehniki ylymlaryň doktory Mihail Moiseýewiç Botwinnik hem-de SSSR-iň sport ussady, halkara derejeli emin Lew Ýakowlewiç Abramow 1971-nji ýylda güneşli Diýarymyza myhmançylyga gelýärler. Olar ýurdumyzda bolmaklarynyň çäklerinde şol wagtlar Nebitdag diýlip atlandyrylýan häzirki Balkanabat şäherinde hem birnäçe günläp bolýarlar. Ussatlaryň nebitçileriň şäherinde bolan günleri hakynda küştçi, respublikan derejeli emin Nikolaý Nikolaýewiç Iwanowyň miras galdyran ýazgysy okanyňa örän degýär. Küşt oýny hem-de sportuň bu görnüşiniň ägirtleriniň ykballary, onda-da olaryň türkmen topragyna dahylly ýerleri bilen gyzyklanýanlar üçin diýseň täsirli bolar diýen niýet bilen, şol ýazgynyň türkmen diline edilen terjimesini okyjylara hödürleýäris. Ýazgydaky ýerleriň, edara-kärhanalaryň atlarynyň hem-de degişli adalgalaryň şol döwürde atlandyrylyşy we aýdylyşy ýaly berilýändiginem öňünden ýatladýarys.

Taýýarlan Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».