Ýaş pälwanlar göreş tutdular

3 Dekabr 2024
188

Ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, sporta höwesli bolup ýetişmeginde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän ýaryşlaryň ähmiýeti uludyr. Şu günler spartakiadanyň çägindäki sport ýaryşlarynyň Gökdepe etrap tapgyrlary uly gyzyklanma döredýär.

Türkmen milli göreşi boýunça etrapdaky 30-njy orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryşda ukyp-başarnygyny görkezmäge höwes edenler köp boldy. Orta mekdeplerden gelen ýaş pälwanlar — okuwçy oglanlar 40; 45; 48; 52; 57; 62; 68; 74 kilogram agram derejelerinde özara güýç synanyşdylar. «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi tarapyndan ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen ýaryşda güýçlüler öňe saýlanyp, ýeňijiler toparlaýyn kesgitlendi.

Ýörite habarçymyz.