Millionlaryň söýgüsini gazanan

17 Noýabr 2024
284

Bir asyrdan gowrak wagt bäri, önümçiligi alnyp barylýan «Pepsi» wagtyň synagyndan geçen içgidir. Günde millionlarça adamyň söýüp içýän bu içgisi Ýeriň ähli yklymyna ýaýrandyr. Bu bolsa «Pepsi» markaly önümleriň dünýä bazaryndaky ornuny doly pugtalandyrandygyny aňladýar.

1893-nji ýylda Kaleb Bradham tarapyndan döredilen «Pepsi» ilkinji gezek ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Nýu Bern şäherindäki dermanhanada satylyp başlanýar. Iýmit siňdiriş maksady bilen döredilen bu içgi ilki diňe dermanhanalarda satylypdyr. «Pepsi-Cola» markasy bilen satylyp başlanan bu önümiň ady 1898-nji ýylda «Pepsi» diýlip üýtgedilýär. Munuň sebäbi bolsa, Ýer ýüzünde meşhur brend bolan «Coco-Cola» markaly önümlere meňzemezlik, oňa dahylly bolan kola tagamyna degişli dispepsiýany aradan aýyrmak bolup durýar. 1898-nji ýylda bu önüm ABŞ-a golaý ýerdäki ýurtlarda satuwa çykarylyp başlanýar.

Sahypany taýýarlan: Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».