Ylma baglanan ykballar

18 Oktýabr 2024
456

Türkmen topragynda kökleri müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhyň şaýady bolan ýadygärlikler dünýä alymlarynyň ünsüni çekýär. Merkezi Aziýada arheologiýa ylmynyň düýbüni tutujylaryň hatarynda atlary ebedileşdirilen Wadim Masson we Wiktor Sarianidi hem Watanymyzyň gadymy taryhyny öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren görnükli alymlardyr. 16-njy oktýabrda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde bu iki meşhur alym-arheologyň doglan günleriniň 95 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» atly halkara ylmy duşuşygyň geçirilmegi görnükli alymlara goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň guramagynda geçirilen ylmy duşuşyga türkmen we rus alymlary gatnaşdy. Italiýanyň, Çehiýa Respublikasynyň alymlary bolsa foruma sanly ulgam arkaly goşuldy. Ylmy duşuşygyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny we köptaraplylygyny şöhlelendirýän sergi bilen tanyşdy.

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».