Meşhur alymlaryň hatyrasyna

16 Oktýabr 2024
359

Düýn Änew şäherindäki «Ak bugdaý» muzeýiniň binasynda meşhur alymlar Wadim Massonyň we Wiktor Sarianidiniň doglan günleriniň 95 ýyllygyna bagyşlanyp «Türkmenistan — gadymy siwilizasiýalaryň ojagy» ady bilen halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň işgärleri, Türkmenistanyň ýadygärliklerinde bilelikdäki arheologik gazuw-barlag işlerini alyp barýan daşary ýurtly alymlar we hünärmenler, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplary, muzeý işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Köpsanly taryhy ýadygärliklere baý Türkmenistanyň çäginde ençeme zehinli arheologlar zähmet çekdiler we olaryň her biri gazuw işlerinde tapyndylaryň çeşmelerini öwrenmäge uly goşant goşdular. Türkmen topragynyň geçmişiniň syryny açmaga ömrüni bagyşlan meşhur alymlaryň hatarynda ýaşytdaş dostlar, birnäçe ylmy işleri bilelikde ýazan awtorlar Wiktor Iwanowiç Sarianidi we Wadim Mihaýlowiç Masson dagy hem bardy. Şeýle bolansoň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde bu görnükli alymlaryň gadymy türkmen medeniýetiniň öwrenilmegine goşan goşantlary aýdyň şöhlelenýär. Ylmy duşuşykda çykyş edenler Wiktor Sarianidiniň Goňurdepe ýadygärliginde eden dünýä ähmiýetli ylmy açyşlary, gadymy Margiananyň çägindäki Togalak 1 ýadygärliginiň türkmen-italýan ekspedisiýasy tarapyndan öwrenilişi, Wadim Massonyň Ahal welaýatynyň Köpetdagyň demirgazyk eteklerindäki arheologik ýadygärliklerinde eden dünýä ähmiýetli ylmy açyşlary, gadymy Margianadan ýüze çykarylan arheologik tapyndylarynyň dünýäniň tanymal muzeýlerinde sergilenmeginiň ähmiýeti, bu alymlaryň ylmy miraslary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Ýörite habarçymyz.