Şahyryň şygyrlary — umumadamzat gymmatlygy

9 Oktýabr 2024
456

Akyldar şahyrymyzyň ömür we döredijilik ýolunyň belli bir döwri biziň obamyz bilen baglanyşykly. Has takygy, Magtymguly atamyz jahyllyk çagynda obamyzdaky Idris baba medresesinde okapdyr, meşhur halypalardan tälim alypdyr. Ylmy çeşmelerde beýan edilişine görä, ol älem içre giň meşhurlyk gazanan şygyrlarynyň käbirini hut şu bilim ojagynda okap ýörkä döredipdir.

Dana şahyrymyzyň hut biziň obamyzdaky medresede okandygy, ylham goruny baýlaşdyrandygy ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Türkmene dünýä ýüzünde şan-şöhrat getiren nusgawy şahyrymyz baradaky buýsanç duýgulary obadaşlarymyzyň hakydasynda öçmejek orun aldy. Onuň ady ebedileşdirildi. Ýaşaýan obamyz hem, bu ýerdäki orta mekdep hem dana atamyzyň adyny göterýär. Öz mekdebimizde we obamyzda täze açylan 31-nji orta mekdepde döredilen «Magtymguly Pyragy» muzeýinde nusgawy şahyrymyzyň ömri we döredijiligine degişli arhiw maglumatlary, gadymy golýazmalar, fotosuratlar, şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary saklanylýar. Muzeýimize etrabymyzdaky beýleki mekdepleriň okuwçylary hem gezelenje gelýärler. Magtymguly atamyzyň ömri we döredijiligi dogrusynda guralýan söhbetdeşlikler ýaşlarda uly täsirleri galdyrýar. Mekdebimizdäki akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän edebiýat birleşmesinde hem ýaşlaryň çeper döredijilikde kämilleşmekleri barada aladalanylýar.

Dursun JUMAÝEWA,
Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky 14-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi.