Tebigaty goramak parzdyr

20 Iýun 2024
771

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Tebigaty goramagyň milli maksatnamasy ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine esaslanýar. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.     

Tebigat — biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz. Ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir. Çünki adam tebigy serişdelerden — nebitden, gazdan, minerallardan we beýlekilerden durmuş üçin zerur bolan zatlaryny öndürýär. Her bir adam bir hakykata düşünmeli, tebigat — bu durmuşyň özüdir. Tebigaty goramak, ol barada alada etmek gerek. Biziň jemgyýetimiziň esasy wezipesi — ilata, ilkinji nobatda, ýaşlara ekologiýa babatda  aň-bilim bermek bolup durýar. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz bu meselä örän uly üns berýär. Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy konwensiýalaryny tassyklady. Ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Dünýäniň Ekologiýa Gaznasy hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde, milli we sebit derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy amala aşyrylýar.  

Mekan GURBANOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Mary welaýat müdirliginiň Türkmengala etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.