Milli medeniýet — halkymyzyň gymmatly mirasy

18 Iýun 2024
865

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar, alymlar, edebiýatçylar tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman

Arkadagymyzyň «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen parasatly sözlerinde milli medeniýetimiziň örän uly gymmatlykdygy aýdyň beýan edilýär. Halkyň döreden medeniýetine berlen bu kesgitleme medeniýete ylym-bilimleriň, terbiýeçilik işiniň bir çeşmesi hökmünde garamagyň täze mümkinçiliklerine ýol açdy. Şonuň esasynda hem döwletiň syýasy-jemgyýetçilik ulgamlarynyň ösüşinde medeniýetiň özboluşly, derwaýys orny ýüze çykdy. Medeniýet ulgamynyň ösüşi syýasatyň ähli ugurlarynda, ösüşiň tutuş mazmunynda uly ähmiýete eýe boldy.

Amanmyrat AÝDOGDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.