Çuwal bagşyny ýatlap...

13 Iýun 2024
715

Akdepe etrabynyň Andalyp şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň doglan gününiň 135 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada halypa bagşynyň şägirtleri çykyş edip, Çuwal bagşynyň milli aýdym-saz sungatymyza goşan goşandy, ýerine ýetirijilik ussatlygy hakynda täsirli söhbet etdiler. Soňra onuň aýdan aýdymlaryny özboluşly ýerine ýetirip, tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar.

Bu ýerde Sapyş Çerkezow adyndaky geňeşligiň Taryh muzeýiniň, Magtymguly Garlyýewiň öý-muzeýiniň, Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan gymmatlyklaryň sergisi hem guraldy.

Lälezar ÖWEZOWA,
Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň ylmy işgäri.