ÇAGRY BEG

19 Maý 2024
1019

Döwletiň esaslandyrylan pursadynda döwletiň gündogar çäklerini elinde saklan Çagry beg ulgamlaýyn tabyn etmek syýasatyny ýöredip, Horasandan gaznalylary çetleşdiripdir. Biraz soňra Gaznalylar bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşyp, täze eýelenen ýerlerden abanjak howpuň öňüni alypdyr (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 28-29 s.).

Gaznaly soltany Mewdud Çagry begiň gyzyna öýlenipdir. Gaýynatasynyň kesellemeginden peýdalanyp, Horasana goşun ýollapdyr. Çagry beg 14-15 ýaşyndaky ýetginjek ogly Alp Arslany gaznalylaryň garşysyna iberipdir. Balh şäheriniň golaýynda bolan söweşde (1043 ý. awgust — sentýabr aýlary) Alp Arslan gaznalylary ýeňip, 1 müň adamy ýesir alypdyr. Keselinden gutulan Çagry beg Alp Arslan bilen bilelikde Termezi yzyna gaýdyp alypdyr (Hatamow J., Gurbangeldiýew J., Aşyrow O. Maudud Şyhabaddöwle // Mugallymlar gazeti. – 2003. – 24 sent.). Çagry beg soňra Termez, Kobadiýan, Wahş, Gunduz şäherlerini we bütin Toharystanyň häkimligini Alp Arslana berýär (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay, – İstanbul. 2014. – 110 s.). Çagry beg Termezi gabap, onuň häkimi meşhur taryhçy Abu’l-Fazl Beýhaka hat ýazyp, oňa Gaznalylaryň häkimine düşündirip, parahatçylykly ýol bilen şäheri tabşyrmagyny maslahat beripdir (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 40-41 s.). Munuň özi seljuklaryň mümkin bolan ýerde urşuň öňüni almak üçin çäreleri daşary syýasatda ileri tutandygynyň subutnamasydyr.

Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.