Ýaş türgenler çagalar awtoşäherçesinde

12 Aprel 2024
1041

Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, «Türkmen sporty» gazetiniň, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, «Olimp» orta sport mekdebiniň, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündiriş çäreleri we sport bäsleşikleri geçirildi.

Gyzgalaňly ýaryşlary özünde jemlän çärä Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Olimp» orta sport mekdebiniň we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar. Bu sport dabarasy okuwçylaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmagyna, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmäge, berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmäge bagyşlandy.

Begenç MERETGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.