Ruhubelentligiň ýoly

1 Aprel 2024
607

Parahatçylygyň we raýdaşlygyň ilçisi hasaplanýan sport halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmekde we häzirki döwürde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup hyzmat edýär. Sportuň dünýä ýüzünde giň meşhurlyk gazanandygy üçin bu gün sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany barha artýar. Döwletimiziň sport ulgamynda Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly iri sport guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi, 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzda sporta ýokary derejede üns berilýändiginiň subutnamasydyr.

Diýarymyzda sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap sport desgalary, stadionlar, sport merkezleri, türgenleşik zallary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda dürli görnüşli sport çäreleriniňdir bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi, ýaş türgenlerimiziň halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy döwletimiziň sport abraýyny artdyrýar. Professional sport bilen bir hatarda, ähli ýaşdaky raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart-aprel aýlarynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda geçirilýän XIII sport ýaryşlarynyň jemleýji tapgyrynyň ýaýbaňlandyrylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýaryşlarda ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, harby we hukuk goraýjy düzümlerinde zähmet çekýän sporta höwesli ildeşlerimiz woleýbol, basketbol, ýeňil atletika, suwda ýüzmek, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis, milli göreş, sambo, küşt, dzýudo, erkin we grek-rim göreşi, boks ýaly görnüşler boýunça özara bäsleşýärler. Paýtagtymyzyň döwrebap sport desgalarynda guralýan ýaryşlar sporta höwesli ildeşlerimiziň hatarynyň artmagyny şertlendirýär.

Bagtyýar GURBANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.