Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Her ýylda amala aşyrylýan özboluşly taslamalar ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga, olary halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklary, baý aýdym-saz medeniýeti bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem halkara derejesinde dürli çäreler geçirilip, ýurdumyzyň baý medeniýeti we milli gymmatlyklarymyz daşary ýurtlarda giňden wagyz edilýär.