«Nurana Aýyň» önümleri

10 Ýanwar 2024
1603

Ýurdumyzyň söwda nokatlarynyň, dükanlarynyň, bazarlarynyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün edilmeginde, bereket bolçulygynyň döredilmeginde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň goşýan goşandy uludyr. Gyzylarbat şäherindäki «Erada» hususy kärhanasynyň «Nurana Aý» çörek we çörek önümlerini öndürýän önümhanasynda hem halkymyzy ýokary hilli çörek we çörek önümleri bilen ygtybarly üpjün etmekde öwgä mynasyp işler bitirilýär.

Öz işine ussat ýaşlaryň yhlasly zähmet çekýän önümhanasynda Türkiýe, Eýran, Italiýa ýaly döwletleriň enjamlary ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde taýýarlanýan türkmen milli çörek önümlerini: ýagly gatlamalary, petirleri, süýtli külçeleri, toý pişmelerini, tortuň, kökeleriň dürli görnüşlerini, içi bally, şokoladly çörek önümlerini müşderiler uly höwes bilen satyn alýarlar. «Nurana Aýyň» öndürýän gündelik önümleri üçin zerur bolan ýokary hilli un «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmenler toplumyndan şertnama esasynda satyn alynýar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».