Aýakgap önümçiliginiň öňdebaryjysy

7 Ýanwar 2024
1770

Gadymy gowaklarda ýüze çykarylyp, ýaşy 15 müň ýyldan geçýän suratlarda aýaklarynyň daşyna deri we ýüň böleklerini dolan adamlaryň aw edýän şekilleri janlandyrylýar. Şunuň ýaly şekiller aýakgaplaryň müňýyllyklaryň dowamynda adamyň durmuşynda möhüm orun eýeläp gelýändigini tassyklaýar. Häzirki wagtda aýakgap önümçiligi ýeňil senagatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tehnologiýanyň kämilleşmegi esasynda aýakgaplaryň görnüşleri artyp, hili we rahatlygy barha ýokarlanýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, halkymyz üçin ýokary hilli önümleri öndürýän türkmen telekeçileri hem soňky ýyllarda aýakgap taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanýarlar. Bizem aýakgap önümçiliginiň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhanasynda myhmançylykda bolduk.

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhanada häzirki zaman tehnologik enjamlaryň kömegi bilen dürli ölçegdäki aýakgaplaryň ençeme görnüşleri öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem iş orunlaryny köpeltmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki wagtda kärhanada döredilen iş orunlarynyň sany 650-den geçýär.

Sahypany taýýarlan: Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».