Ülkämiň toý saçagyna

5 Noýabr 2023
1444

Güýz ahyrlap, howa salkynlap başlaýan döwründe kalbymyz özboluşly duýgulara beslenýär. Mazaly demini alan gök çaýyň ýany bilen lezzetli şokoladyň tagamy bolsa çagalyk ýatlamalaryny oýarýar. Çagalyk döwründe süýjülikler we salkyn howa Täze ýyl baýramynyň ýakynlaýandygyny aňladardy. Ýylyň dowamynda amala aşyrylan işleriň jemleriniň jemlenilip, täze üstünliklere ýol açýan baýramçylygyna telekeçiler hem güýçli depginde taýýarlyk görýär. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri hem telekeçi Begmyrat Işanowyň paýtagtymyzdaky «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen hususy işewürlige giň ýol açylyp, telekeçiler üçin uly mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şeýle asylly başlangyçlaryň mynasyp dowam etdirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen birlikde, konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň işleri rowaçlyga beslenýär. Telekeçi Begmyrat Işanowyň «Oguzhan» haryt nyşanly süýji önümlerini öndürýän konditer kärhanasyna ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň kerwenbaşysy diýsek hem ýalňyş bolmaz. Çünki ol ýurdumyzda süýji önümlerini öndürmek maksady bilen açylan ilkinji kärhanalaryň biridir.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».