Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň çeşmesi

28 Iýun 2023
1861

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly syýasaty bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Tebigat gözelliklerini goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak babatda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda badalga berlen maksatnamalar häzirki we geljekki nesilleriň abadan hem bagtyýar durmuşy, saglygy baradaky aladany öz içine alýar. Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär».

Dostlugyň, asudalygyň deňzi hasaplanylýan Hazar deňzi gazylyp alynýan ummasyz tebigy baýlyklary, endemik ösümlik we haýwanat dünýäsini özünde jemleýär. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak we onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak uzak ýyllardan bäri sebitiň ýurtlaryny umumy maksada birleşdirýän derwaýys meseleleriň biri bolup durýar.  Şonuň üçin hem deňziň biologik köpdürlüligini gorap saklamaga, onuň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga, baýlaşdyrmaga, sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy we onda tokaý zolaklarynyň döredilmegi Hazaryň ekologiýa derejesini ýokarlandyrmaga  ýardam edýär. Munuň özi berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, daşky gurşawy, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamakda amala aşyrylýan uly işleriň aýdyň netijesidir.

Hojaguly HOJAGULYÝEW,
Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň döwlet inspektory.