Bagy-bossan Diýarym

7 Iýun 2023
2017

Häzirki wagtda batly depginlerde ösýän, täsin keşbe girýän gözel paýtagtymyz Aşgabat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ajaýyp eýýamyny we röwşen geljegini alamatlandyrýar. Ak şäherimiz ajaýyp binagärligiň, gözelligiň hem-de amatlylygyň täsin sazlaşygyny äleme äşgär edýär. Şunda tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen sanlyja ýyllaryň içinde gür baglyga bürendi. Ak mermerli Aşgabat seýilgählere, tokaý zolaklaryna örän baý şäher. Bu bolsa ýurdumyzyň baş şäheriniň ösüşiniň, galkynyşynyň esasy şerti bolup durýar hem-de jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyny, daşky gurşawyň goraglylygyny we adam ömrüniň uzalmagyny şertlendirýär.

Ýaşyl zolaklar, seýilgähler, gülzarlyklar baş şäherimiziň we onuň ýaşaýjylarynyň açyk kalbyny, myhmansöýerligini beýan edýär. Şeýle işleriň netijesinde bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hem ähli ildeşlerimizi guwandyrdy. Seýilgäh toplumlary, ýaşyl zolaklar we dürli öwüşginli gülzarlyklar her bir ynsanyň kalbyny joşdurýar. Munuň özi şäheriň tebigy aýratynlygy we bezeg görnüşleriniň özboluşlylygyny artdyrmak bilen bir hatarda, paýtagtymyzda ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabatda ýaşaýjylar, şeýle-de myhmanlar üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän oňyn şertler üpjün edilýär. Çünki üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen berkarar Diýarymyz täze özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary bilen dünýäniň ünsüni özünde jemleýär. Gurmak, döretmek ýörelgesi ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy. Paýtagtymyz Aşgabat şäheri bolsa täsin şähergurluşyk keşbine eýe bolýar.

Nobatberdi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň baş hünärmeni.