"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Täsin belgiler

✓ Germaniýanyň Drezden şäherinde 1987-nji ýyldan bäri gyzyl ýanyp duran ýolyşygy bar. Ol Sigelştrasse köçesinden çepe öwrülmegi gadagan edýär. Ýöne päsgelçilik döretmeýän bolsa saga öwrülmäge rugsat berýär. Bu ýolyşygyny aýryp, «Diňe saga hereket» ýol belgisini goýmaga ýerli kanunçylyk ýol bermeýär. ✓ Singapuryň köp pyýadaly geçelgelerindäki ýolyşyklary garrylara we maýyplara ýardam berýän ulgam bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle derejedäki pyýadalar ýörite karty sargyt edip bilýärler we düwmä basmaga derek,  ony sanaýjy enjama golaýladýarlar. Ulgam karty tanansoň, ýaşyl yşygy adatdakysyndan köp ýakýar. Geçelgäniň uzynlygyna görä 3-den 13 sekunda çenli wagt goşulýar.

Berjaý edilmeli kadalar

Hormatly raýatlar, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek wajypdyr. Şu babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öz maslahatlaryny berýär. Ulag kärhanalarynyň duralgasynda göz öňüne tutulanyndan, adatça, 25-den köp awtoulag saklanylýan bolsa, duralganyň girmäge we çykmaga niýetlenen derwezesi iki sany bolmalydyr.

Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Ýakynda Köýtendag etrabynyň Köýtendag şäherindäki 59-njy orta mekdepde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek maksady bilen, dabaraly maslahat geçirildi. Oňa mährem eneler, il sylagly ýaşulular we bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdy.   Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň mundan beýläk-de eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün etjekdigini bellediler. Dabaraly maslahatyň ahyrynda eziz Diýarymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Kalbymyzda orun alan akyldar

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek, şahyryň şygyrlarynyň gymmatyny dünýä ýaýmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň geçmiş taryhy, beýikligi, däp-dessurlary, umyt-arzuwlary akyldaryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Aýratyn hem Magtymguly Pyragy pederlerimiziň Watany söýmek, garaşsyzlyk, bir döwlete gulluk etmek ýaly erk-isleglerini, arzuwlaryny öz döredijiligine siňdirip bilen ägirtdir. Üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreler beýik türkmen şahyryna goýulýan belent sarpanyň we uly hormatyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlary, golýazmalary ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Bu ugurdaky tagallalar halkymyzyň beýikligini, milliligini, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik açýar. Aýratyn bellenilmeli hakykat bolsa, beýik akyldaryň öwüt-ündewleriniň Watana, il-güne ygrarly ýaş nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlylygydyr.     

Ýol asudalygy — il abatlygy

Ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli geçirilýän işlere we çärelere işjeň gatnaşmak her birimiziň borjumyzdyr. Şu esasdan harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketini sazlaýjylar wzwodynyň gözegçileri, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri bilen bilelikde harby tehnikalaryň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine bagyşlanan düşündiriş çärelerini geçirdik. Çäräniň dowamynda harby tehnikalaryň kanuna laýyk ulanylyşyna gözegçilik etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ulag serişdeleriniň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly guramak  bilen baglanyşykly talaplara üns çekildi. Düşündiriş işlerinde ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmakda, ýol resminamalarynyň bellenilen kadalara laýyk ýöredilmeginde harby awtomobil gözegçiliginiň şahsy düzüminiň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçildi.

Halkymyzyň jebisliginiň synmaz güýji

Şu günler ähli etrapdyr şäherlerinmizde öňümizdäki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegine bagyşlanan maslahatlar, duşuşyklar guralýar. Şeýle maslahatlaryň birini jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap häkimliginde hem geçirdik. Maslahatda edilen çykyşlarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Çykyş eden ildeşlerimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini gazanmakda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda sazlaşykly ösüşi dowam etdirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. 

«Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik bäsleşiginiň dabarasy

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymgulynyň arzuwlan zamany geldi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda geçirilen dabara ýurdumyzyň mugallymlary, bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi giňden wagyz edilýär, ýaş nesillere öwredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleri, nusgawy edebiýatyň ylmy esasda öwrenilişini wasp etmekde bilim işgärleri hem asylly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň bilim işgärleri Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wasp edip, «Mugallymlar gazeti» gazetinde makalalar, hekaýalar, goşgular bilen çykyş etdiler.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy

«Ýol hereketiniň  howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli netijeli işler Halaç etrabynyň orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda hem yzygiderli geçirilýär. Bu ugurdan, aýratyn-da, 29-njy, 30-njy, 31-nji orta mekdeplerde, 11-nji, 12-nji, 13-nji  çagalar baglarynda alnyp barylýan işler guwandyryjydyr.

Wagyz-nesihat duşuşygy

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 42-nji orta mekdepde bilim alýan ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän tutumly işleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden, ýaşlaryň ýol hereketleriniň kadalaryny berjaý etmegini gazanmakdan ybarat boldy.

Kadalary berjaý etmek borjumyzdyr

Babadaýhan etrabyndaky 11-nji we 17-nji orta mekdeplerde “Kadalary berjaý etmek borjumyzdyr” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga bagyşlandy. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrap polisiýa bölümi tarapyndan guralan duşuşyklara ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy. Duşuşyklarda ýurdumyzyň köçe-ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge uly ünsüň gönükdirilýändigi, bu ugurda edilýän tagallalaryň gözbaşynda ynsan saglygy we bagtyýarlygy babatdaky aladalaryň durandygy dogrusynda gürrüň edildi. Çykyşlarda pyýadalaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeginiň we ýollaryň ýörite niýetlenilen ýerlerinden geçmegiň möhümdigi hakda aýdylanlar uly dykgat bilen diňlenildi.

Ömrümiziň rahatlygy üçin

Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň guramagynda Arkadag şäheriniň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriniň arasynda «Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şäheri» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň düzgünlerini pyýadalaryň we sürüjileriň arasynda giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, köçe-ýol hereketiniň kadalary doly we dogry berjaý edilmeginiň ilatyň howpsuzlygy we abadançylygy babatda örän uly ähmiýete eýedigini bellediler. Döwlet derejesinde ýaýbaňlandyrylan ýol hereketiniň howpsuzlygy adam hakyndaky aladanyň çuňňur beýanydyr.

Hoşallyk maslahaty

Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teleköpri arkaly ak pata bermegi, şeýle-de türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň welaýatymyza iş sapary bilen gelmegi mynasybetli welaýatymyzda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasynyň we “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekedini işe girizmek dabaralary mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Wagyz-nesihat çäreleri

Ýolumyz asuda — ilimiz abadan TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrabyň polisiýa we etrap bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda «Ýolumyz asuda — ilimiz abadan» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, bilim ulgamynyň, polisiýa bölüminiň işgärleri, etrapdaky 7-nji, 30-njy orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Düzgünleri berjaý etmek borjumyzdyr

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem baý many-mazmunly çärelere beslenýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde giň gerim alan köçe-ýol hereketi bilen baglanyşykly düşündiriş işleri, maslahatlardyr duşuşyklar, bäsleşikler hem şaýatlyk edýär. Ýol hereketiniň düzgünlerini herekete gatnaşyjylaryň ählisi — pyýadalar-da, sürüjiler-de berk berjaý etmelidir. Herekete gatnaşyjylaryň aglabasy pyýadalardyr. Olaryň käbiri ýol hereketiniň düzgünlerini bilmän ýa-da bilip hem bilmezlige salyp, gadagan edilen ýerlerden geçýär, hereket edip barýan ulagyň öňüni kesýär, şonuň ýaly-da, awtobusdan düşende, köçeden geçmek kadalaryny dogry ýerine ýetirmän, ulagyň öň tarapyndan geçip, ýol-ulag hadysalarynyň döremegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de, şu günler Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri pyýadalaryň, şol sanda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýärler.

Maýa goýum forumy: täze ösüşleri nazarlap

Öňňin paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi geçirildi. Ýurdumyzyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Maýa goýum forumyna dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dünýä nusgalyk «akylly» şäher

Golaýda Arkadag şäheriniň häkimliginde «Arkadag şäheri — dünýä nusgalyk «akylly» şäher» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynda «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşyp, onuň çäklerinde Arkadag şäheriniň üç sany baýraga mynasyp bolmagyna bagyşlanyp geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu dabaraly maslahata gatnaşanlar, ilki bilen, Arkadag şäheriniň häkimliginiň eýwanynda guralan sergä syn etdiler. Bu sergide «akylly» şäheriň ýeten üstünlikleri hem-de indi gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekilleri sergilendi.

Ýollar abat — iller abat

Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda etrabyň sport mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Sport mekdebiniň tälimçileriniň we türgenleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wekili çykyş edip, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, pyýadalaryň we sürüjileriň borçlary barada durup geçdi. Işjeň häsiýetde geçen duşuşykda oňa gatnaşanlara ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça degerli maslahatlar berildi. Bu çärä gatnaşanlar ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Şöhraty dünýä dolýan şäher

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «akylly» şäherleriň «World Smart City Expo» atly halkara sergisinde Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» atly halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» diýen ugurlar boýunça ýörite sylaglara mynasyp bolandygy hakdaky şatlykly habar ulus-ilimizi begendirdi. Nobatdaky abraýly baýraklar dag eteginiň gözel künjegindäki «akylly» şäheriň Ýer ýüzündäki şöhratynyň dabaralanýandygynyň nyşanydyr. Geçen ýylynyň tomsunda dabaraly ýagdaýda açylan, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri bu gün göreni haýrana goýýar. Ozal hem halkara güwänamalardyr sylaglaryň 20-den gowragynyň eýesi bolan bu şäherde ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalar, ýaşaýyş üçin döredilen iň amatly gurşaw «akylly» şähere gyzyklanmany artdyrýar.

Dilde dessan paýtagtymyz

Gözel paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn beýik ösüşleri döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ähli görkezijiler, şol sanda hil we netijelilik, estetika, ekologiýa boýunça ýokary derejeli gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýandygynyň netijesinde bitirilýän beýik işler biziň her birimiziň guwanjymyzy goşalandyrýar. Paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy, Gurbansoltan eje, Arçabil, Çandybil, A.Nyýazow, Magtymguly, N.Andalyp, G.Kulyýew, Taslama ýaly onlarça şaýollarydyr köçeleri, «Parahat 7», «Täze zaman», «Çoganly», «Gurtly» ýaşaýyş toplumlary gözelligi, köpugurly şertleri, özboluşlylygy bilen köpleriň ünsüni çekýär. Gözel paýtagtymyz berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny, arzuw-isleglerini aýdyň şöhlelendirýär. Häzirki wagtda berkarar Diýarymyzyň ýüregi ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp seýilgähleri, ýaşyl bossanly, owadan güllere beslenip oturan köçeleri, täsin binagärlik toplumlary aşgabatlylaryň hem-de myhmanlaryň kalbynda ajaýyp duýgulary döredýär. «Ylham» çeperçilik-seýilgäh toplumy, «Aşgabat» medeni-dynç alyş, Arkadag, «Bagtyýarlyk», «10 ýyl Abadançylyk», «Garaşsyzlyk», «Altyn asyr», «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy», N.Halmämmedow seýilgähleri gür baglary, ajaýyp gül

Dünýä ýaň salan şäher

Her bir güni şanly taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýan eziz Diýarymyzda hoş habarlar göwünlere ganat berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan ajaýyp Arkadag şäheriniň ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» (Smart city excellence award) atly baş baýraga mynasyp bolmagy şanly ýylymyzda gazanylan üstünlikleriň biri boldy. Bellenilişi ýaly, dünýäniň 60-dan gowrak döwletiniň we kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sergide jemi 116 pawilýon görkezildi. Şolaryň arasynda bu baýragyň Arkadag şäherine ilkinji bolup gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamalarynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide «akylly» Arkadag şäheri «Daşary ýurt «akylly» şäheri» (Foreign city award); «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan goşandy üçin» (WSCE 2024 Contribution award) atly baýraklara-da mynasyp boldy. Bularyň ählisi sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp şäheriň şan-şöhratynyň bütin dünýä içre ýaýylýandygynyň nyşanydyr.