"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti

Ýurdumyzyň gazanýan ýokary ösüş sepgitleriniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa eýlenen döwletli başlangyçlary, öňe süren durmuş-ykdysady ösüş we özgertmeler maksatnamalary durýar.  «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy we oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýäniň ösen tejribesini hem-de öňegidişliklerini nazara alyp, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazaryýet bilimlerine we öňdebaryjy ylymlara esaslanan sanly ykdysadyýeti döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ykdysadyýeti üstünlikli sanlylaşdyrmagyň möhüm şerti ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna maglumat- aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly döwlet hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň elektron görnüşde ýerine ýetirilmeginiň gazanylmagy we sanly hökümet ulgamynyň ornaşdyrylmagydyr. Dünýäde birinji onluga girýän ýurtlarda döwlet tarapyndan hödürlenýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilen ähli möhüm işler dört sany esasy tapgyrdan ybarat bolup, olar maglumat, interaktiw, tranzaksion, transformasion tapgyrlardyr.

Magtymgulynyň döredijiliginde tebigatyň waspy

Beýik Magtymguly Pyragy halkyň durmuşynyň ähli taraplaryndan söz açýan şygyrlary, ölmez-ýitmez eserleri döreden dünýä belli şahyrlaryň hatarynda durýar. Onuň diwanynda Watan, il-gün, adamkärçilik, mertlik, gahrymançylyk, ar-namys..., umuman, ähli meseleler hakyndaky garaýyşlar, oý-pikirler beýan edilen goşgular bar. Başga bir şahyryň aýdyşy ýaly, ol «daň sazyna çenli okan» adama örän köp zat berýär... Magtymgulynyň tebigat, onuň gözellikleri bilen baglanyşykly goşgulary-da az däl. Olar asman-Zemin, dag-dere, duman-sil, gar-ýagyş, çöl-beýewan... barada söhbet açýar. Şol goşgular beýik şahyryň öz Watanyna, onuň ajaýyp tebigatyna çäksiz söýgüsini, ynsanperwerligini, pähim-paýhaslylygyny şöhlelendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň tebigatyň görnüşlerini suratlandyrmakda ýeten derejesi haýran galdyrýar.

Mekdep bazarlary ilatyň hyzmatynda

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 19-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramak, okuwçylar we talyplar üçin zerur harytlar bilen üpjün etmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 1-nji awgustdan welaýatymyzyň dürli künjeginde mekdep bazarlary, göçme söwda nokatlary hereket edip başlady. Şadyýan tomsuň ahyrky aýy çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda ak mekdebe zerur bolan harytlary satyn alýan çagajyklaryň ýüzlerindäki şatlygy olaryň okuw ýylyna batly gadamlar bilen barýandygyny alamatlandyrýar. Ýeri gelende bellesek, mekdep harytlaryny halkymyza sanly ulgam arkaly hödürlemek we eltip bermek hyzmatlary hem ýola goýuldy. Häzirki wagtda welaýatymyzda göçme söwda nokatlary hereket edip, olarda okuwçy we talyp ýaşlara zerur harytlar bar.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşige

Döwletiň hem jemgyýetiň gymmatly baýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň işi halkara derejelere laýyklykda kämilleşdirildi we ösdürildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenen wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ýerine ýetirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynyň şeýle derejelere ýetmegine uly itergi berdi.

Aşgabat — ajaýyp sungat eseri

Özüniň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şöhratly ösüşleriniň nyşanyna öwrülen paýtagtymyz bu gün dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Her bir ýyl şanly üstünlikler, ýetilen belent sepgitler arkaly ýurdumyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar, ak şäherimiz Aşgabadyň keşbinde bolsa ak mermere beslenen belent binalaryň hatary barha uzaýar. Dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem şeýle ajaýyp binalar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyny goşalandyrdy. Aýratyn hem, gojaman Köpetdagyň eteginde ör-boýuna galan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi şanly ýylymyzyň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

Ak arzuwlar bilen ak mekdebe

Häzirki wagtda ýurdumyzda barha golaýlaýan 2024 — 2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň «Teke» bazarynda, «Gülüstan» döwlet söwda merkezinde, «Altyn asyr» Gündogar bazarynda, şeýle hem birnäçe söwda nokatlarynda mekdep harytlarynyň bazarlaryny guramak indi asylly däbe öwrüldi. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň söwda we dynç alyş merkezleriniň, bazarlarynyň ýanlarynda guralan mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlarynyň gelim-gidimi barha artýar. Hepdäniň ähli günlerinde söwda etmäge mümkinçilik döredilen bu bazarlaryň harytlarynyň uly böleginiň ýurdumyzda öndürilen önümlerdigini aýtmak has-da ýakymly. Şeýle göçme söwda nokatlarynyň biri bolan, «Bereketli» bazarynyň meýdançasynda guralan mekdep bazarynda bolanymyzda, ata-eneleri bilen okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini, okuw lybaslaryny, sport egin-eşiklerini we beýleki zerur gerekli harytlaryny satyn almaga gelen ýaşajyk raýatlarymyzyň, talyp ýaşlaryň örän köpdügine göz ýetirdik.

Sport — sagdynlyk

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan gözel Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, sport işjeňligini ösdürmek, bu ugruň dürli görnüşleri boýunça ýaş türgenleri taýýarlamak wezipeleri döwlet durmuşynyň esasy ugry hökmünde üns merkezinde saklanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu babatdaky başlangyçlaryny ýokary derejede durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, ulgamyň döwrebap derejede kämilleşdirilmeginiň netijesinde, häzirki wagtda sportuň dürli görnüşleri boýunça Aziýa hem-de dünýä çempionatlarynda altyndyr kümüş medallaryň köp sanlysyny gazanýan ýaş türgenleriň sany barha köpelýär. Ýurdumyzyň paýtagtyndan başlap, welaýat merkezlerinde, etraplarda, hatda obalarda gurlan we gurulýan sport mekdepleridir desgalarynda dürli olimpiadalara, ýaryşlara ýaşlary taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýar. Kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu desgalarda geçilýän türgenleşik işleri türgenleriň beden taýdan taplanmagyna we ýokary taýýarlykly güýje eýe bolmagyna uly mümkinçilik berýär. Bu işler türkmen türgenleriniň çempionatlarda ýokary netijeleri gazanmagyna getirýär hem-de dünýäniň sport söýüjileriniň ünsüni özüne çekýär.

Algyn pendim, jigerbendim!

Halallyk — ömrüň diregi Adamzat durmuşynda halallyk diýen düşünje kalplara, aňlara siňip galypdyr. «Halala hasap bar» diýen halk pähiminde hem halallyk ýaly häsiýetiň durmuşymyza giňden ornaşandygyny görüp bilýäris. Halallyk — ömrüň diregi, eliň rysgaly. Hikmetli kitaplaryň gatlarynda danalaryň, ulamalaryň halallyk barada edýän wesýetleri durmuş hakykatyndan üzňe däldir. Ata-babalarymyz halallyga ýanalýan dört häsiýeti wesýet edipdirler. Olar: lebzi halallyk, süňňi halallyk, zandy halallyk we kesbi halallykdyr.

Gündogaryň danasy

Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragy döwürleriň we köňülleriň şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde akyldaryň paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde seleňläp duran heýkeliniň gurulmagynda aýratyn many bar. Tebigy belentlikde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan ganatly setirler ýazylan binýadyň beýikligi 25 metre deňdir. Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda ýerleşýän medeni-seýilgäh toplumynda dünýä ýurtlarynyň ýazyjy-şahyrlarynyň 24-siniň heýkelleri hem ýerleşdirilen. Magtymguly Pyragy umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Ol döwrüniň ähli wakalaryny özüniň goşgy setirlerinde beýan edipdir, adamlary ynsanperwerlige, watansöýüjilige, mertlige we ahlaklylyga çagyrypdyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda beýik şahyryň döredijiligine düýpli seljerme berip: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýip belleýär.

Şadyýan tomus

Kiçi futbol boýunça ýaryş guraldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy hem-de şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Tomus paslynyň ajaýyp günlerinde bagtyýar nesiller döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilýän sport bäsleşikleri, gezelençler we beýleki dürli çäreler uly ruhubelentlige beslenýär.

Ýangyndan ägä boluň!

Berjaý edilmeli düzgünler Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, şulary ýatladýar:

Awazanyň owazy

Gojaman Hazaryň türkmen kenaryndaky arassa çägeli, bejeriş ähmiýetli howasy, jana şypaly suwy bilen tanalýan, dürli ýaşdaky adamlary öz gözelliklerine bendiwan eýleýän, seýil-syýahata çagyrýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu gün ýurdumyzyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýere öz saglygyny berkitmek we dynç almak maksady bilen gelýän myhmanlar döredilen mümkinçiliklerden hoşal bolup, bagtyýar döwrümize buýsanýarlar. Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine badalga berildi. Çärelere şu ýylyň 26 — 30-njy martynda Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 1-nji orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalar gatnaşýarlar. Bu halkara ders olimpiadasy ýaş nesilleri bilime höweslendirmekde, zehinlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar 1 — 10-njy awgust aralygynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreler

Giň dünýäniň geň habarlary

«Tigir» diýseň, tigir däl ABŞ-nyň Illinois uniwersitetiniň alymlarynyň oýlap tapan ýeke tigirli «Ringbot» atly roboty ykjamlygy, netijeliligi we özbaşdak hereket etmäge ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ol päsgelçiliklerden geçmäge, öz ugruny kesgitlemäge, hatda basgançaklar arkaly hereket etmäge hem ukyplydyr. Önümçiligiň synag-tejribe tapgyryndan üstünlikli geçen robotyň tehniki mümkinçilikleri häzirki wagtda has-da kämilleşdirilýär. Ondan şäheriň çäginde çaparçylyk hyzmatyny amala aşyrmakda, oba hojalygynda hasyly ýygnamakda we ekinlere ideg etmekde peýdalanmaklyk göz öňünde tutulýar. Şeýle-de onuň mümkinçiligi çäkli adamlaryň hereketini, işjeňligini üpjün etmekdäki mümkinçilikleri öwrenilýär.

Sapaly tomsuň şatlygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu parasatly sözlerinden ugur alyp, eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşine, ylym we saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgelerine gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar. Körpejelerimiz Diýarymyzyň çägindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alşyň üçünji tapgyrynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde wagtlaryny şadyýanlykda geçirýärler. Şadyýan çagajyklaryň birnäçesi Gökdere jülgesindäki köpsanly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Bu ýerdäki körpeleriň gülki sesleri ajaýyp mukam bolup ýaňlanýar. Çagalaryň dynç alyş möwsüminde edilýän işler barada Gökdere jülgesindäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň uly mugallymy Nargül Orazgeldiýewa şeýle gürrüň berdi: — Gökdere jülgesindäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň üçünji möwsüminde öz saglyklaryny berkitmek üçin ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bagtyýar ýaşlarymyzyň 550-ä golaýy geldi. Olaryň her gününiň manyly we şadyýan geçmegi üçin ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Çagalar öz deň-duşlary bilen ýakyndan tanşyp, dostl

Gyzykly geçen bäsleşik

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň geljegi, bagtyýar durmuşymyzyň gülleri bolan ýaş nesillerimiziň kamil bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn ösmegi, watansöýüjilik ruhunda we asylly ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu günler gözel Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyş günleri şadyýanlykda dowam edýär. Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyna garşy meýletin jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda Gökderäniň şypaly goýnunda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň arasynda mekdep okuwçylaryndan düzülen ýaş ýangyn söndüriş topar agzalarynyň ýygyndy toparlary ýangyn-amaly sport bäsleşigine gatnaşdylar.

Gojaman Hazar: dostluk, parahatçylyk söýüjilik deňzi

12-nji awgust — Hazar deňziniň güni Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan halkara hukugynyň deňhukukly subýekti we BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde möhüm halkara tebigaty goraýyş ylalaşyklarynyň işjeň gatnaşyjysy hökmünde giňden tanalýar. Olaryň hatarynda Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýa we Kartahen teswirnamasy, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy we beýlekiler bar. Şeýle-de, Türkmenistan Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň, onuň Monreal teswirnamasynyň, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna gözegçilik etmek hakyndaky Bazel konwensiýasynyň, Maglumatlaryň elýeterliligi hakyndaky Orhus konwensiýasynyň, Suwly-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasynyň gatnaşyjysy bolup durýar. Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleri bilen we Merkezi Aziýa sebitinde daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Munuň şeýledigine Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Tähran Çarçuwaly konwensiýasy we Durnukly ösüş boýunça Aşgabat Çarçuwaly konwensiýasy şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Hazaryň ylalaşyk hem hyzmatdaşlyk deňzine öwrülmegi baradaky garaýşy hem dün

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Seýrek ýagdaýda bolsa-da, hamallar özlerini işlerine höweslendirmek üçin käbir üýtgeşmelere zerurlyk duýýarlar. Geljek hepdede hem garaşýan täzelikleriňiz hakynda biraz artykmaç pikirlenersiňiz. Ýöne käwagtlar garaşmagyň ýeterlik bolmaýandygyny, gerek ýerinde hereket etmegiň zerurdygyny hem unutmaň!

Mekdep bazarlarynda söwda gyzyşýar

Her ýyl täze okuw ýylynyň bosagasynda ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da mekdep bazarlary işläp başlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstümizdäki aýynyň ilkinji gününde hem bu işe guramaçylykly girişildi. Welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginde bize habar berişlerine görä, etrapdyr şäherlerimizdäki ýaşaýyş jaý toplumlarynda, daýhan bazarlarynyň ýanynda göçme söwda nokatlarynyň 51-si hereket edýär. Şonuň ýaly-da birleşige degişli dükanlaryň 570-sinde hem mekdep burçlary döredildi. Alyjylara oňaýly bolmagy üçin bu söwda nokatlary ir säherden tä giç öýläne çenli dynç alyş günsüz işledilýär.

Kämilligiň ýolunda

Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ähli jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem paýyna uly jogapkärçilik düşýär. Bu möhüm we jogapkärli wezipeleri birkemsiz berjaý etmek bolsa, harby gullukçylarymyzdan ylymlylygy, bilimliligi, syýasy taýdan düşünjeliligi, ýokary hünär taýýarlylygyny talap edýär. Döwlet migrasiýa gullugymyzyň harby gullukçylarynyň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda gullugyň merkezi edarasynyň Okuw bölüminiň binýadynda döredilen kitaphanamyzyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaphanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplar we ata Watanymyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýan ösüşli ýoluny beýan edýän suratly diwarlyklar, gazet-žurnallar bar. Kitaphanamyz ýurdumyzyň ösüşini, özgerişini açyp görkezýän döwrebap ylham hazynasydyr. Şeýle hem bu kitaphanada taryhda öçmejek yz galdyran türkmen serkerdeleriniň gahrymançylykly ýollaryny beýan edýän birnäçe taryhy kitaplar hem bar. Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mollanepesiň we türkmen edebiýatynyň g

Belent maksatlar rowaç alýar

Ýeňişli menzilleriň guwanjy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde tutumly işleriň gerimi giňäp, belent maksatlar rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde sazlaşykly ösdürmekde ynamly gadamlaryň bady artýar. Şol bir wagtda döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýändigini doly aýdyň edýär. Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýeňişli sepgitleri guwanç duýgusyny döredýär. Geçen aýyň başynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip, üstümizdäki ýylyň alty aýynyň jemlerine seljerme berdi. Şu ýylyň birinji ýarymynyň görkezijilerinden görnüşi ýaly, ýurdumyz durmuş-ykdysady babatda sazlaşykly ösdürilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde dürli kuwwatlykly önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuş-medeni maksatly ymaratlardyr desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Mekdepleriň we çagalar baglarynyň döwrebap, owadan binalarynyň gurluşygy