"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Asudadyr ömrümiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizi ähli ugurlar boýunça dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak babatynda döwlet Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da ösdürmek, geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, okuw-usulyýet binýadynyň pugtalandyrylmagy, okuw kitaplarynyň, usuly gollanmalaryň has-da kämilleşdirilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagynyň, eziz Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeginiň mizemez kepilidir. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş we bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlar, dabaralar, wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallaryň maşgala gatnaşyklary gowulyga tarap ilerlär. Käbir işlerde özüňizden kiçi ýaşlylaryň jogapkärçiligi siziň boýnuňyza düşer. Ownuk şahsy we maddy meseleleriň aradan aýryljagy ikuçsuz. Hepdäniň ahyrynda şahsy durmuşyňyz bilen bagly täzeliklere taýýarlykly bolmak maslahat berilýär.

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.

Yhlasymyz ýerine düşýär

Hormatly Prezidentimiz adam hakyndaky aladany uly döwlet syýasatynda mydama ileri tutýar we bu babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Biz gündelik işimizi şol jogapkärli wezipelerden ugur alyp guraýarys. Ynsan saglygyny goramakda ýollarymyzda awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly we howpsuz guramak möhüm ähmiýete eýedir. Ulaglaryň sanynyň artýan şertlerinde degişli kadalary hem-de ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini berjaý etmek esasy talaplaryň biridir. Biz bular barada häzirki günlerde dowam edýän biraýlygyň çäginde geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde giňden durup geçýäris. Bu işler edara-kärhanalar bilen birlikde bilim edaralarynda, ilatyň arasynda hem alnyp barylýar.

Täze eýýamyň ajaýyp ösüşleri

Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki zamanasynda oba hojalygyny ýokary depginlerde ösdürmek, ony düýpli özgertmek we iň bir düşewüntli pudaga öwürmek üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär, oba zähmetkeşlerine döwletimiz tarapyndan öndürijilikli işlemäge, ýerden bol hasyl öndürip, ýokary netijeleri gazanyp, owadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmekde we ýokary depginlerde ösdürmekde tutumly işler guramaçylykly amala aşyrylýar. Garaşsyz ýurdumyzda düýpli özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi, asuda, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň ählisi bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäniň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ähli zerur işler durmuşa geçirilýär. Daýhanyň ýerden bol hasyl alyp, bereket baýlygynyň eýesi bolmagy üçin amatly şertler döredilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna

Garaşsyzlyk — halkyň buýsanjy Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi ýurt abadançylygynyň, il agzybirliginiň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän döwlet Baştutanymyzyň il-ulus baradaky tutumly tagallalarynyň miwesidir. Ösüşli Diýarymyzyň abraý-mertebesi dünýä derejesinde belende göterilip, hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlary halkara derejesinde gyzgyn goldaw tapýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Bähbitli işleriň başlangyjy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen başy başlanan beýik başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýär. Il-ýurt bähbitli tutumly işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň bolelin, eşretli zamanada ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, döwrebap bilim almagy ugrunda bimöçber işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda ençeme Maksatnamalardyr Kararlar kabul edilip, durmuşa geçirilýär.

Belent mertebäniň ýaňy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda we ulgamlarynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalaryň şaýady bolmak il-günümiziň guwanjyna guwanç goşýar. 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şygary Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy bolup ýaňlanýar. Bu gün gadymy türkmen topragynda Magtymguly atamyzyň arzuwlan Garaşsyz Türkmenistan döwletimizi dünýä tanaýar. Il-günümiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletli döwranyň hözirini görüp ýaşaýar.

Mawy ýangyjyň mekanynda

Burawlaýjylaryň ýeňişli gadamlary Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiz çalt depginlerde ösdürilýär. Gaz senagaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň öňdebaryjy iri pudagy bolmak bilen, zähmetsöýer gazçylarymyzyň yhlas-tagallalary netijesinde tebigy gazyň çykarylyşy ýylsaýyn ýokarlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän tehnikalaryndan we tehnologiki enjamlaryndan netijeli peýdalanyp, mawy ýangyjyň akymyny artdyrmakda uly işler bitirilýär.

Magtymguly pyragy hakynda...

... Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir. W.W.BARTOLD,

Adam. Jemgyýet. Kanun.

ÝOKARY TALABYŇ BORJY Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň binýadyny berkden tutýan türkmen halky ösüş-özgerişleriň rowaç ýoly bilen öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz Türkmenistanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Asudalygyň goragynda

Guramaçylykly iş — üstünligiň açary 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda agzybir türkmen halky hormatly Prezidentimiziň saýasynda döwletli döwranda ýaşap, eşretli günleriň hözirini görýär. Il-günümiziň asudalykda, abadan durmuşda tutanýerli zähmet çekmegini üpjün etmek bolsa, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň wezipe-borçlary bolup durýar.

Galkynyşly döwrüň ýalkymly günleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir gün taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna özboluşly many-mazmun çaýýar. Geçen hepdäniň dowamynda bolan taryhy wakalar eziz Diýarymyzyň günsaýyn öňe barýandygyny äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiziň 30-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depgininiň saklanandygy aýratyn bellenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz degişli ugurlar boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Hadysasyz ýollaryň aladasy

Güneşli Diýarymyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk başlandy. Ýurt boýunça geçirilýän bu çäräniň ilimiziň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynda ähmiýeti uludyr. Şonuň üçinem şu çäre ählihalk işine öwrülýär. Abadan durmuşymyzyň has-da gözelleşmegine gönükdirilen möhüm işlere biz hem işjeň gatnaşýarys. Bölümçämiziň işgärleri ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmagyň meselesine-de uly üns berýärler. Biz raýatlar we çagalar bilen guralýan duşuşyklarymyzda maşgalamyzyň abadan, ömrümiziň rahat bolmagynyň özümize baglydygyny düşündirýäris.

Ýoluňyz ak bolsun!

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň aýdyň ösüşleriniň miwelerini, gazanylýan netijeleri her ädimde görmek bolýar. Ajaýyp hem bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz giň, owadan, dürli öwüşginli yşyklar bilen bezelen döwrebap ýollary gurduryp, halkymyzyň hyzmatyna berýär. Ýaşaýşyň gözelligi, ynsanyň rahatlygy, maşgala abadanlygy bolsa, köp babatda ýol hereketiniň abatlygy bilen baglydyr. Ýollaryň howpsuzlygyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen biraýlygyň yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny, maşgala abadançylygyny ähli zatdan ilerde goýýandygyny aýan edýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişi bilen bagly giň gerimli çärelere halkymyz uly höwes bilen gatnaşýar. Rowaçlanýan Watanymyzda gurulýan we durky täzelenýän giň, ýagty we aýna ýaly tekiz awtomobil ýollarynda ulag serişdeleriniň hereketiniň sazlaşykly, sürüjileriň seresaply, hüşgär bolmagy möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurt derejesinde geçirilýän bu ählumumy çärä Harby awtomobil gözegçiliginiň işgärleri-de işjeň gatnaşýarlar. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda guralýan çäreler pyýadalar bilen sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň sazlaşygyny gazanmaga ýardam berýär, şeýle hem bolup biläýjek ýol

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Jebisligiň aýdyň ýoly Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň uly dabara bilen baýram edilýän günlerinde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkara gatnaşyklarda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyna, dünýä jemgyýetçiligindäki abraýynyň artmagyna ýardam etjek  syýasy, ykdysady, durmuş ähmiýetli meselelere garalar. Öňde goýlan belent wezipelere ýetilmegini üpjün etjek il-ýurt bähbitli, ykbal özgerdiji resminamalar kabul ediler. Halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jebisligiň möhüm instituty bolup durýar. Ol milli döwlet gurluşynyň ýörelgelerini kämilleşdirýär hem-de olaryň häzirki zaman şertlerinde pugtalandyrylmagyny üpjün edýär.

Özara tejribe

Ýakynda podpolkownik Nurmyrat Eminowyň serkerdelik edýän harby bölüminde Döwlet serhet gullugymyzyň ähli serhet birikmeleriniň we harby bölümleriniň terbiýeçi serkerdeleriň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşygy geçirildi. Onuň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gulluk-söweşjeň işlerini guramakda harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyna baha berlip, şahsy düzüm bilen okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini has-da kämilleşdirmekde anyk wezipeler kesgitlenildi. Şeýle-de terbiýeçi serkerdeleriň hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen tejribe okuw sapaklary guraldy. Mähriban Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň pähim-paýhaslary esasynda alnyp barylýan taryhy işler, mukaddes dost-doganlyk serhetlerimizde harby gulluklaryny üstünlikli berjaý edýän merdana serhetçilerimiz üçin döredilýän şertler dogrusyndaky çykyşlar has-da täsirliligi bilen tapawutlandy. Bulardan başga-da, okuw ýygnanyşygynda harby düzgün-nyzamy berkitmekde, ýaş esgerleriň arasynda wagyz-nesihat, döredijilik duşuşyklaryny, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy hem medeni dynç alyş merkezlerine yzygiderli gezelençleri guramak, bu işde weteranlar geňeşine, zenanlar guramasyna uly orun bermek barada hem nygtaldy. Okuw ýygnanyşygynyň netijesi boýunça tapawutlanan serkerdelere mynasyp bolan sylaglary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Döwür we zenanlar guramasy

Işjeňligiň döwrebap nusgasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň zenanlary döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda halal hem tutanýerli zähmet çekip, taryhy ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýle bolmagynda ýerlerdäki zenanlar guramalarynyň ýokary işjeňlik görkezýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri hem ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolup durýar. Guramanyň häzirki wagtda 946 agzasy bolup, olaryň 894-si talyp gyz-gelinler, 31-si zenan mugallymlar, 21-si zenan işgärlerdir.

Hepdäniň habarlary

Duşuşyk geçirildi Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň ähmiýetini wagyz etmek, halypa-şägirtlik mekdebini ösdürmek maksady bilen, golaýda «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňny!» atly şygar bilen duşuşyk geçirildi. Oňa TKA-nyň welaýat birleşmesiniň gurluşyk we senagat pudagyna degişli şäher guramalarynda hem-de medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda uzak ýyllaryň dowamynda abraý bilen zähmet çekýän halypalar hem-de ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Pederlerimizi hormatlap

Ýakynda maýor Parahat Ataýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň serkerdeleri we göreldeli esgerleri etrapdaky kitaphanada gezelençde boldular. Häzirki zaman döwrebap kitaphanany türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, halkymyzyň şahyr ogullarynyň şirin şygyrlary jemlenen, halkymyzyň taryhy, asuda, parahat Watanymyzyň ösüşleri özgerişleri hakyndaky kitaplar bezeýär. Kitaphana işgärleriniňGahryman Arkadagymyzyň ata Watan, ene toprak hakyndaky kitaplaryndan täsirli maglumatlary, hekaýatlary, rowaýatlary gürrüň bermekleri, ýaş esgerlerde ene topraga bolan söýgini has-da artdyrdy. Bulardan başga-da, merdana serhetçilerimiziň türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny labyzly okamaklary has-da täsirli boldy. Şeýle-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň beýik oglunyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kitaphanada alnyp barylýan işler, täze çap edilen kitaplar dogrusynda wideoşekiller görkezildi. Döwran BABAÝEW, maýor.