"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi halkara jemgyýetçilik tarapyndan hem giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. ÝUNESKO-nyň Sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo öz hatynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolup durýandygyny uly şatlyk bilen habar berdi.

Halkara ýaşlar dialogy pugtalandyrylýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolup geçýän ajaýyp wakalar, gazanylýan beýik ösüşlerdir ýetilýän mertebeli menziller eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna zer harplar bilen möhürlenýär. Olar agzybir watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, bagtyýar türkmen ýaşlarynyň durmuşynda hakydalardan baky orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi ýeneki beýik üstünliklere ruhlandyrýar, nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy has-da berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzüminden — ÝUNESKO-dan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy hem şeýle ajaýyp wakalaryň biri boldy. Ata Watanymyzyň beýik geljegini ylym-bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnikalaryndan we tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlarda görýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesilleriň okamagy, hünär öwrenmegi, sport bilen meşgullanyp, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döwrebap şertdir mümkinçilikleriň döredilmeginiň pugta binýadyny goýdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde häzirki wagtda hem ýaşlaryň röwşen geljegini, bagtyýar durmuşyny ü

Ýaponiýada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy

18-nji awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň Kätipliginiň başlygy Ş.Matsuşita bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar özara hyzmatdaşlyk meseleleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow jenap Ş.Matsuşitany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitaby bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistan — ÝUNESKO: ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmagyň ýolunda

Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara guramalar, aýratyn hem, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Bu abraýly halkara guramanyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda esasy hyzmatdaşlaryň biridir. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly bu abraýly guramanyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. ÝUNESKO-nyň XXI asyryň çylşyrymly we dartgynly meselelerini medeni diplomatiýa arkaly çözmek, bütin Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi ynsanperwer ýörelgeler arkaly üpjün etmek ugrundaky tagallalary Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasatynyň baş maksadyna doly gabat gelýär. ÝUNESKO her bir döwletiň, milletiň taryhyny, medeni gymmatlyklaryny, tebigatyny goramak, olary ösüp gelýän ýaş nesillere aýawly ýetirmek, her bir halkyň milli gymmatlyklaryny umumadamzat mirasyna öwürmek babatda netijeli iş alyp barýan ýeke-täk halkara guramadyr. Ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna gabat gelmegi örän guwandyryjydyr. Çünki ÝUNESKO geosyýasy şertleriň ýitileşen döwründe ilkinji bolup ýaşlar syýasatyny öňe süren gurama bolup durýar. Bu abraýly gurama ýigrimi ýyl

Halkara giňişlikde

Eksport mümkinçilikleri öwrenilýär Golaýda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen dostlukly ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Karen Iwanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda K.Iwanow ilçini Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri bilen tanyşdyrdy hem-de ýurdumyzyň käbir ugurlar boýunça eksport mümkinçilikleriniň öwrenilendigi barada habar berdi. Söhbetdeşler iki döwletiň haryt dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, ulag-logistika meseleleriniň üstünde-de durup geçdiler. Karen Iwanow türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, degişli wekillerden ybarat toparyň güýz aýlarynda Türkmenistana iş saparynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: halkara hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär

14-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda dünýäniň strategik sebitleriniň biri bolup durýan Merkezi Aziýanyň häzirki günde depginli ösüşi görkezýändigi bellenildi. Sebitiň ýurtlary ählumumy parahatçylygyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy arkaly döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek boýunça netijeli işleriň alnyp barlandygy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilendigi we anyk maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigi nygtaldy.

Türkmenistan — ÝUNESKO: 30 ýyllyk hyzmatdaşlyk, oňyn tejribeler

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň — ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl doldy. 17-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat hem hut şu şanly senä bagyşlandy. Forum Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: dostlukly hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilip, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň alyp barýan hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda kabul edildi. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Medeniýet, Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky, Suw hojalygy baradaky, Statistika baradaky, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetleriniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Hazar deňzi institutynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Onda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň taryhyna, toplanan baý tejribä, gazanylan üstünliklere syn berildi we gatnaşyklaryň geljeginiň möhüm ugurlary kesgi

Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Şanly sene mynasybetli dabaraly maslahat Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.

Duşenbe sammitinde gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça möhüm resminamalara gol çekiler

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy 14-15-nji sentýabr günleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin mälim etdi diýip, «Sputnik» habar berýär. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklygynda geçiriler.

Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Şanly sene mynasybetli dabaraly maslahat Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.

30 ýyllyk tejribe: ählumumy gymmatlyklary sarpalap

Düýn Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Biz hem şanly sene mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda çykyş edenleriň käbiriniň pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirdik. Çynar RUSTEMOWA,ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary:

TÜRKMENISTAN — TÄJIGISTAN — ÖZBEGISTAN: Sebitiň we dünýäniň durnukly ösüşiniň bähbidine hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, sebitiň ýurtlary, dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Ýurdumyzyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary taryhyň dowamynda emele gelen hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk däplerine esaslanýar. Muňa Türkmenistanyň goňşy döwletler bolan Täjigistan Respublikasy we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygynyň giň gerimi we täze derejelere çykarylmagy hem şaýatlyk edýär. Bu ýurtlary, türkmen, täjik, özbek halklaryny, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen birlikde, taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Häzirki wagtda goňşy döwletleriň üçüsi hem sebit işleriniň oňyn ösdürilmegine, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitde ygtybarly parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň berkarar edilmegine ýardam berip, ählumumy ösüşe we abadançylyga uly goşant goşýar. Bu üç döwletiň Baştutanlary Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň, forumlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy, özara goldawy pugtalandyrýarlar. Dünýäde durn

Hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň belentlikleri

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan 1993-nji ýylda ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan gününden bäri bu abraýly halkara gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Şu gün «Türkmenistan – ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahaty geçirildi. ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr.

«TÜRKMENISTAN-ÝUNESKO: ABADANÇYLYGYŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK» ATLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna  (UNESСO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy  mynasybetli «Türkmenistan-ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk»  atly dabaraly maslahat geçirildi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: netijeli we giň gerimli gatnaşyklara — 30 ýyl!

Şu gün Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Berkarar döwletimiz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu şanly sene mynasybetli çärelere giň gerim berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine jogapkärli çemeleşýäris. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär» diýip belleýär. Geçen 30 ýylda bilelikde ägirt uly işler amala aşyryldy, medeni-ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamakda özara gatnaşyklaryň ägirt uly tejribesi toplandy. 1995-nji ýylyň dekabrynda Parižde Türkmenistanyň ÝUNESKO-daky wekilhanasy açyldy. Onuň bilen birlikde ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy netijeli gatnaşyklary utgaşdyrýar.

Ykdysady hyzmatdaşlygyň batly gadamlary

Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly başlangyçlary esasynda ýurdumyz durmuş-ykdysady özgertmeleriň täze tapgyryna gadam basdy. Häzirki döwürde Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmak, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksatlaryndan ugur alnyp, halk hojalygynyň pudaklaryna dünýä tejribesiniň iň täze gazananlary, innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Halkara tejribesiniň görkezişi ýaly, erkin ykdysady zolaklar dürli ýurtlarda ykdysadyýeti ösdürmegiň netijeli guraly, tehnologik, durmuş we ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edildi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda dünýä tejribesini öwrenip, işleri netijeli guramak bilen baglanyşykly wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Erkin ykdysady zolaklary döretmek, olara içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenilen esasy wezipeleriň biridir. Erkin ykdysady zolaklar — döwletiň araçäginde aýratyn hukuk derejesine eýe bolan hem-de işewürlik üçin salgyt ýeňillikleri, ýörite walýuta we gümrük düzgünleri ýaly şertler göz öňünde tutulan ýerlerdir. Şeýle zolaklaryň döredilmeginiň esasy maksatlary döwletiň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek, önümçilige täze tehnolog

«Türkmen Logistika» türkmen ulag kompaniýalaryny «Gara deňiz—Hazar» Logistika forumyna çagyrýar

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy resmi maglumat hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ulag kompaniýalaryny 2023-nji ýylda geçiriljek «Gara deňiz — Hazar» Logistika Forumy: geçelgeler, ýükler, infrastruktura» maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu baradaky bildiriş assosiasiýanyň resmi web sahypasynda çap edildi. Forum 2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriler.

Gyrgyzystanda sebitiň iri logistika parky dörediler

2024-nji ýylda Merkezi Aziýanyň “A” derejeli iri logistika parky Gyrgyzystanda öz işine başlar. Bu barada bu boýunça taslamanyň konsultanty “NF Group” kompaniýasy özüniň web-saýtynda habar berýär.  163 müň inedördül metr çägi tutjak täze logistika parky ýurduň Çuý sebitiniň Alamedin etrabynda 28,8 gektar ýerde peýda bolar. Bu toplum Hytaýy we Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýurtlary bilen birikdirýän möhüm üstaşyr ýollaryň kesişýän ýerinde gurlar. Logistika parkynyň çäginde sanly tehnologiýalar ornaşdyrylan döwrebap ammarlar, duralga we gorag zolaklary, giriş we çykyş ýerleri bolar.