Ýaşlaryň ekologiýa medeniýeti
Döwlet Baştutanymyz: «Esasy wezipeleriň biri hem ilatyň ekologiýa medeniýetliligini ýokary götermek, ýaş nesliň aňynda daşky gurşawy gorap saklamak düşünjesini terbiýelemek bolup durýar» diýip, çykyşynda nygtaýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban EZIMOWA bilen söhbetdeş bolduk: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak, şahsyýetiň ekologiýa aň-düşünjesini we ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri global häsiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginden täze innowasion dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi talap edýär. Sebäbi bu gün tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna adamzadyň durmuş-ýaşaýşy, ösüşi, geljegi, adam ekologiýasy gönüden-göni bagly bolup durýar. Ekologiýa meseleleriň global görnüşde ýüze çykmagy bu ugurda täze ylmy meseleleriň öwrenilmegine itergi berýär. Bu babatda ekologiýa diplomatiýasy, ekologiýa dolandyryş, adam ekologiýasy, şahsyýetiň ekologiýa ugurdan bilimini we aň-düşünjesini kämilleşdirmek, ekologiýa medeniýeti, ekologiýa edebi, «ýaşyl ykdysadyýet», zyňyndysyz önümçilik tehn