"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Köýtendag — hazynalar mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ekologiýanyň abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly meseläni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürmek bilen, tebigy gözelliklerimiziň goralyp saklanylmagy we baýlaşdyrylmagy barada yzygiderli alada edýär. Munuň şeýledigini ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen: «Köýtendag türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir» atly maslahat hem anyk subut edýär. «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar astynda geçirilen bu maslahat Köýtendagyň ekoulgamyny goramak we baýlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meselelere bagyşlandy. Men bu maslahat barada welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen makalany okap tanyş boldum we juda begendim. Çünki men talyp, özümem ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdebiniň biologiýa fakultetinde okaýaryn. Şeýle bolansoň tebigat mowzugy maňa juda ýakyn we eziz Diýarmyzyň ajaýyp tebigatyny öwrenmek, gorap saklamak we baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly her bir ädim meniň üçin uly mekdep. Üstesine-de, özüm hem bu ugurdan ylmy iş bilen meşgullanýaryn.

Ekologiýa we biz

Abadan geljegimiziň aladasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli giň möçberli işlere badalga berýär. Täze taryhy eýýamyň ýyllarynda rowaç alýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna kuwwatly itergi berýär. Şeýlelikde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda aýgytly ädimler ädilýär. Şeýle ösüşli depginleriň Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem badynyň artýandygyny nygtamak ýakymlydyr.

«Ýaşyl» energiýa

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda energetika pudagynyň mümkinçilikleri barha artdyrylýar. Ýurdumyzda «ýaşyl» energetikany ösdürmek, ykdysady taýdan amatly, ekologik taýdan arassa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak boýunça çäreler geçirilip, köpugurly elektrik desgalarynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz 25-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «ýaşyl» energiýa boýunça wezipeler barada aýratyn belläp geçdi. Energiýanyň bu görnüşiniň ekologiýa abadançylygy hem-de pudagyň düzümini kämilleşdirmek üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nazara almak bilen, onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän derwaýysdygyny belledi. «Ýaşyl» energiýa diýlip, (gaýtadan dikeldilýän ýa-da täzelenýän energiýa) sarp edilişinden has çalt tizlikde ýerine dolup durýan tebigy çeşmelerden alynýan energiýa düşünilýär. Häzirki döwürde «ýaşyl» energiýa öndürilýän, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler Gün şöhlesi, ýel, suw, geotermiki çeşmeler, deňiz akymlary we tolkunlary, biomassa, biogaz we biokurrentler bolup durýar.

Ýurdumyz bagy-bossanlyga öwrülýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky işler ata Watanymyzyň tutuş süňňüni gurşap aldy. Hormatly Perzidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek işleri giň gerimde amala aşyrylýar. Bu asylly işler mähriban ýurdumyzda yzygiderli häsiýete eýe bolýar, sebäbi bag ekmek, daşky gurşawy goramak, tebigaty gözelleşdirmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsusdyr. Tebigata we daşky gurşawa söýgi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we milli mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, ol gözellige teşne halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň biri hökmünde ebedilige eýedir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dürli görnüşli tokaý agaçlary, çägeli we toýunly düzlüklerde ojar, çerkez, gandym ýaly şorlaşan topraklara çydamly çöl ösümlikleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ýerasty suwlaryň çuňlugy bir ýarym metre çenli bolan, dürli derejede şorlaşan toprakly ýerlerde duza çydamly garagaç, ýylgyn, derek, toraňňy, igde, pisse, tut, beýi ýaly gyrymsy we ýarym gyrymsy agaçlary hem-de ösümlikleri ekmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bag ekilen ýerlerde ideg işleri, ekilen ösümlikleri zyýanly mör-möjeklerden hem-de dürli ösümlik kesellerinden goramak bilen bagly çäreler alnyp barylýar. Oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilýän

Gözel tebigatyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII  gurultaýynda eden taryhy çykyşy ähli halkymyzda, aýratyn-da, ýaşlarda uly ruhubelentlik döretdi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII  gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlary täze döwrüň ruhuna laýyk belent maksatlara ruhlandyrdy. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaşlar gurşawynda ekologiýa syýahatçylyk ulgamyny döretmek we ösdürmek, ýaşlarda daşky gurşawyň düzüm böleklerine ekologiýa aňyny, medeniýetini we aýawly garaýşy döretmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda atmosfera howasyny senagat önümçilikleriniň zyýanly zyňyndylaryndan goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, pes uglerodly energetika geçmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça halkara ekologiýa kadalaryna laýyk getirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Arassa ekologiýa — ýaşaýşyň özeni

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky işler ata Watanymyzyň tutuş giňişligini bagtyýarlyk ruhuna besleýär. Hormatly Perzidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek işleri giň gerimde amala aşyrylýar. Bu asylly işler mähriban ýurdumyzda yzygiderli häsiýete eýe bolýar, sebäbi bag ekmek, daşky gurşawy goramak, tebigaty gözelleşdirmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsusdyr. Tebigata we daşky gurşawa söýgi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we milli mirasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, ol gözellige teşne halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň biri hökmünde ebedilige eýedir. Demirgazyk sebitde dürli görnüşli tokaý agaçlary, çägeli we toýunly düzlüklerde ojar, çerkez, gandym ýaly şorlaşan topraklara çydamly çöl ösümlikleri ösdürilip ýetişdirilýär. Ýerasty suwlaryň çuňlugy bir ýarym metre çenli bolan, dürli derejede şorlaşan toprakly ýerlerde duza çydamly garagaç, ýylgyn, derek, toraňňy, igde, pisse, tut, beýi ýaly gyrymsy we ýarym gyrymsy agaçlary hem-de ösümlikleri ekmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bag ekilen ýerlerde ideg işleri, ekilen ösümlikleri zyýanly mör-möjeklerden hem-de dürli ösümlik kesellerinden goramak bilen bagly çäreler alnyp barylýar. Oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerinde gorag tokaý zolaklarynyň tutuş ulgamynyň döre

Bagy-bossanly Diýarym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň çäginde güneşli Diýarymyzyň giň çäklerinde tokaý zolaklary emele gelýär, daş-töweregimiz bagy-bossanlyga bürenip, türkmen tebigaty barha baýlaşýar. Dürli görnüşli baglar, güller, bezeg ösümlikleri bu gün obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň döwrebap keşbine özboluşly gözellik goşýar. Ak mermerli Aşgabady we onuň eteklerini gurşap alan, al-ýaşyl öwşün atýan bagy-bossanlyk göreniň kalbyny heýjana getirýär. Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bagy-bossanlygy döretmek boýunça asylly tutumlar has-da rowaçlanýar. Şu ýylyň güýzki bag ekmek möwsümine badalga bermek boýunça ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda hem merjen şäherimiziň gözel künjeginde müňlerçe agaç nahallary oturdyldy.

Bag-bossanly Watanymyz — buýsanjymyz, bagtymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şeýle-de şol gün Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu ählihalk çäreleri halkymyzyň ene toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza ygrarlydygyny, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamzat işine goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Baglar — Zeminiň bezegi

Türkmen topragynda bag nahallaryny oturtmak işi we ony ösüp gelýän ýaş nesillerimize miras galdyrmak ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgämizdir. Aslynda bag nahallary güýz we ýaz aýlary ekilýär. Her ýylyň güýz we ýaz aýlarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işleriniň üstünlikli alnyp barylmagy biz talyp ýaşlary has-da buýsandyrýar. Biz talyp ýaşlar hem agzybirlikde ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak işine höwes bilen gatnaşýarys. Bu diýseň gyzykly, sogaply iş. Ekilen bag nahallary ösüp, boý alyp, türkmen topragyny gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwrüp, has-da gözelleşdirer.

Bagy-bossanlyk – bagtyýarlygyň hem sagdynlygyň nyşany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her ýylyň güýz hem-de ýaz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi eziz Diýarymyzyň tebigatynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, onuň ekologik abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny hem üpjün edýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi obalarymyzyň, şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň, umuman, tutuş daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda, ilatyň saglygyny berkitmekde we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagynda diýseň ähmiýetlidir. Tebigatyň gözel hem arassa, sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanýan ýeri bolsa bagtyýarlygyň mekanydyr. «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deý gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Arkadagly Serdarymyzyň bu dürdäne sözleriniň döwrümiziň ajaýyp hakykatydygyna geçen şenbe güni ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Gül-gülüstan, bagy-bossan Diýarym!

Uzakdan seredeniňde seleňläp görünýän, saýasy jana şypa berýän, şahalarynda guşlar gonup saýraýan, ýüz dürli miweleri bilen ynsan saglygyna melhem bolýan ýaşyl baglar Zeminiň bezegidir, ýaşaýşyň ýaraşygydyr. Bag ekmek ýaşaýan topragyňy, oba-şäheriňi, ýurduňy gözellige beslemekdir. Halkymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan tebigata asyrlar boýy nusgalyk derejede aýawly çemeleşipdir. Onuň bilen ysnyşykly ýaşamagyň kämil ýollaryny bize miras goýupdyr. Pederlerimizden galan şol asylly ýörelgeler tebigata, ene topraga bolan egsilmez söýginiň nyşanydyr.

Asylly ýörelge

Röwşen zamanamyzda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Watanymyzyň ähli künjeklerini, şol sanda paýtagtymyz Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy aýawly saklamak ýaly möhüm wezipeler hem şeýle buýsandyryjy işleriň hataryndan mynasyp orun eýeleýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, täze tokaý zolaklaryny döretmäge, şeýle hem gözel tebigatymyzyň köpdürlüligini gorap saklamaga, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar. Şol günki ählihalk bag ekmek dabarasyna hem dürli ýaşdaky ildeşlerimiz işjeň gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap gelipdir. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesini has-da ösdürmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça bellän meýilnamalarymyz üstünlikli amala aşyrylýar» diýip belleýär. Bütin ýurdumyz boýunça alnyp barylýan şeýle beýik işleriň guwandyryjy netijelerini bolsa biz her bir ädimde görüp, duýup ýaşaýarys.

Bagbanlara maslahat

Dekabr aýynda toprakda yzgar toplamak maksady bilen baglara gyş suwy tutulýar. Miweli baglaryň zyýankeşlerine we kesellerine garşy derman sepilýär. Agaçlary kesip, timarlamak işleri dowam etdirilýär. Bu iş agaçlaryň ýapraklary düşüp başlandan, tä ýazda pyntyklaýan döwrüne çenli, ýagny, gyşda olaryň uka gidýän wagtynda geçirilýär. Howanyň sowuklygy 5-7 derejeden aşak düşen ýagdaýynda agaçlary kesmek işi togtadylýar. Agaçlar kesilip, timarlanylanda, şahany çykyntgy goýup kesmeli däl. Sebäbi galdyrylan çykyntgy soňra gurap, agajyň esasy şahasynyň içinde gury, boş ýeriň emele gelmegine getirip, onuň ýaşaýyş güýjüni peseldýär. Agaçlaryň şahasy egrelýän ugruna kesilse, dogry kesim hasaplanylýar. Kesiljek şaha ýokary tarapyndan esasy şaha golaýrak, aşaky tarapyndan bolsa az-kem daşrak edip kesilýär. Miweli baglaryň nahallaryny howanyň aýazsyz wagty oturtmaly.

Şu günüň, geljegiň abadançylygynyň hatyrasyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 5-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şeýle-de şol gün Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu ählihalk çäreleri halkymyzyň ene toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza ygrarlydygyny, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamzat işine goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.

Suwly ýer — gülzar

Ýurdumyzda ekerançylyk üçin ulanylýan ähli meýdan 5 million gektara golaý bolsa, ony özleşdirmäge suw hem ýeterlik mukdarda bar. Eziz Diýarymyzda her ýylda ortaça 25 milliard kubmetr suw ulanylýar. Onuň 22 milliard kubmetre golaýy suwarymly ýerler üçin harçlanylýar we 2 million gektara golaý ýer özleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda suwaryş ulgamlarynyň durkunyň täzelenmegi, peýdaly täsir koeffisiýentiniň ýokarlandyrylmagy, ýerleriň düýpli tekizleniş işleriniň göwnejaý geçirilmegi, täze suw howdanlarynyň gurulmagy we olarda ýygnanylan suwuň göwrüminiň artdyrylmagy, duzlulygy pes bolan zeýkeş suwlarynyň peýdalanylmagy suwuň ýitgisiniň has azalyp, ähli mes toprakly ýerlerimizi ulanmaga mümkinçilik döredýär.

Geljek hakdaky alada ählimiz üçin umumydyr

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi 5-nji noýabrda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şu gezekki köpçülikleýin çäre adaty bir çäre bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli, yzygiderli işleriň nyşany boldy.

Tebigata söýgi — uly zähmet mekdebi

Eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine mynasyp goşantdyr. Şäherleriň we obalaryň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi bu ýerlerde amatly howa gurşawynyň emele gelmegine ýardam berýär. Şoňa görä-de, 5-nji noýabrda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi Watanymyzyň bagy-bossanlyga bürelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Güýzki bag ekmek dabarasy

Sogaply işe goşant Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 5-nji noýabrynda, ýurdumyz boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. 31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda hem bu meselä aýratyn üns berildi.

Bakylygyň buýsanjy we binýady bag

Dünýäde ýaşaýşa badalga berýän, bakylyga buýsanç bolup ör-boýuna galýan, gözelligi bilen kalbyňy dokundyrýan gudrat bag süňňünde jemlenendir. Ony ata-babalarymyzyň beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky döreden gözelligi we bolçulygy baradaky taryhy maglumatlar hem aýdyň subut edýär. Halkymyz tebigat bilen dostlugyny nesillerden nesillere geçiripdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň bu ajaýyp dessury döwrebap derejede ösdürilýär. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň noýabr aýynyň ilkinji şenbesinde  ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köpetdagyň etegindäki Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berilmegi hem tassyklaýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berdi

Aşgabat, 5-nji noýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Şu gezekki köpçülikleýin çäre adaty bir çäre bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli, yzygiderli işleriň nyşany boldy.