"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«Galla — 2024»

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk Welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileriniň köp zähmet siňdirip ýetişdiren bereketli hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp, Watan harmanyna goşuljak günleri ýakynlaşýar. Şunuň bilen baglylykda, bu möwsüme ykjam taýýarlyk görmek esasy talaplaryň biri bolup durýar. Muny nazara almak bilen, şu günlerde welaýatymyzyň ähli künjeklerinde bu ugurdaky işler gyzgalaňly dowam etdirilýär.

Gök ekinleriň idegi ýetirilýär

Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Zemin açary» hususy kärhanasy gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde ýokary netijeleri gazanýar. Onuň ýolbaşçysy Bibijan Hallyýewa 1048 gektar ýeri 99 ýyl möhleti bilen kärendesine alyp, gök-bakja ekinlerini ekýär. Bu ýerde daýhançylyk tejribesine esaslanmak bilen, bir ýylda iki, üç hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Irki ýeralmanyň yzyndan ekilýän giçki käşir, gawun we beýleki ekinler gowy ösüp ýetişýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda başarjaň daýhan 626 gektar ýeralma, 10 gektar bakja, 101 gektar sogana, 10 gektar hyýara, 41 gektar pomidora, 12 gektar ýazlyk käşire, 1 gektar keleme ideg edýär.

Bol hasylyň binýady

Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşigi oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmekde ýylyň-ýylyna ýokary netijelere eýe bolmak bilen, bu babatda öňdebaryjy hojalyklaryň hatarynda ady agzalýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu ýerde şol gazanylan üstünlikleri berkitmek ugrundaky işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl ekiş möwsüminde 1510 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş aldylar. Munuň özi atyz-meýdanlarda gowaçalaryň hatararasyny ýumşatmak, ýekelemek, haşal otlardan arassalamak ýaly bejergi çärelerine öz wagtynda girişmäge hem-de olary turuwbaşdan ýokary depgine çykarmaga mümkinçilik berdi.

Ene toprak nygmat eçilýär

Ýurdumyzyň senagatyny zerur çig mallar bilen üpjün etmekde daýhanlar möhüm hyzmaty ýerine ýetirýärler. Olaryň yhlasly zähmetleriniň, birleşen tagallalarynyň netijesinde ýylyň-ýylyna gowaçanyň hem bereketli hasyly ýygnalyp alynýar. Bu il-ýurt bähbitli işde hususy ýer eýeleriniň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiziň ilhalar çözgüdine laýyklykda olara uzakmöhletleýin ýer bölekleri berildi. Şeýle çemeleşme daýhanlaryň ene topraga hyzmat etmäge, ondan bol hasyl almaga bolan höweslerini düýpli artdyrdy. Şeýle daýhanlaryň biri-de Myrat Seýidowdyr. Ol Hojambaz etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň çäginde özüne berlen ekin meýdanynda dürli ekinleri ösdürip ýetişdirip, oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýar. Janypkeş ýer eýesiniň şu ýylky tutumy has-da uly. Ol geçen baharda 30 gektar meýdana gowaça ekdi. Ýerleriň ekişe agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda taýýar edilmegi, ekişiň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde topraga atylan her bir tohum hatasyz gögerdi. Häzirki günlerde daýhan köp wagtyny gowaçalary ýekelemäge, haşal otlardan arassalamaga, ekinleriň hatar aralaryny bejermäge we mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge sarp edýär.

Harmanyňa bereket, gallaçy!

Daýhan kalbyny uly şatlyga besläp, galla oragy ýetip geldi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi we il içinde hormatlanylýan hem-de sylanylýan ýaşululara ýerlerde «bismilla» diýip başlap bermegi tabşyrmagy bilen ertir welaýatymyzda Saýat etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda galla oragyna badalga berler. Ilmyrat Garajaýewiň ýolbaşçylyk edýän daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanlarynda tutuş welaýatymyz boýunça galla oragyna başlangyç berilmegi ýöne ýerden däl. Daýhan birleşiginiň edermen ýer eýeleri oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Bu hojalygyň başlygy hem, edermen kärendeçileri hem ekine-topraga hyzmat edip, göwün islän hasyllaryny almak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Ilmyrat Garajaýew daýhan birleşigine alty ýyldan gowrak wagtdan bäri ýolbaşçylyk edýär, ondan öňinçä agronom bolup işlän onlarça ýylyň dowamynda ene topraga hyzmat edip, baý iş tejribesini toplady. Bu ýerde her ýyl bugdaýdyr şalydan, gowaçadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl ýygnaýarlar. Geçen ýylda hem daýhan birleşiginiň zähmetsöýer adamlary bugdaý ekilen ýerleriň 900 gektarynda azyklyk ekiniň bol hasylyny ýetişdirip, döwlete 2884 tonna bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Bu bolsa meýilleşdirileninden ep-esli köpdür.

Göwnejaý ideg edilýär

Bol hasylyň aladasy Welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1 müň 100 gektar meýdanda azyklyk soganyň bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Şonça meýdandan 27 müň 500 tonna hasyl almagy göz öňünde tutýan daýhanlar endigan boý alýan soganly meýdanlarda ideg işlerini göwnejaý ýola goýýarlar. Ösüş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda, guramaçylykly alnyp barylýar. Suwuň siňňitli, endigan tutulmagy bolsa, hasyllylygyň ýokarlanmagyna aýgytly täsirini ýetirýär.

Galla — 2024

JOGAPKÄRLI MÖWSÜMIŇ BOSAGASYNDA Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň bady rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň oba hojalyk pudagyny belent sepgitlere ýetirmek, azyk bolçulygyny döretmek boýunça uly tagallalar edilip, ýokary netijeler gazanylýar.

Welaýatymyzyň ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi

Harmanyňyza bereket! Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagatynyň esasy çig malynyň biri bolan piläniň öndümli hasylynyň ýetişdirilmegine çemeleşilýär.

Galla oragy — jogapkärli möwsüm

Bosagada — galla oragy möwsümi. Oba hojalygyndaky möhüm we jogapkärli möwsüme Ahal welaýatynda hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2024-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyndan ugur alnyp, welaýatda möwsüme taýýarlykly başlamak, bökdençsiz alyp barmak we ýetişdirilen hasyly gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak boýunça guramaçylyk işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ekerançylygyň mekany bolan gadymy Ahal ýaýlasynyň ak ekin ussatlary üstümizdäki ýylyň hasyly üçin 195 müň gektarda ýetişdirilen guşgursak bugdaýyň ýokary hasylyny almak ugrunda yhlasly zähmet çekip gelýärler. Olaryň baş maksady şol ýerden dokmaňyz dänäniň 400 müň tonnasyny almakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, şu günler ekiniň ahyrky ideg işlerini alyp barýan welaýatyň janypkeş daýhanlary öňdäki gaýragoýulmasyz işe — galla oragyna taýýarlygy birjik-de ünsden düşürmeýärler.

Maldarçylykda biotehnologiýa usullary

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024—2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» biotehnologiýa ylmyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Biotehnologiýa täze, uly geljegi bolan ylymdyr. Ol maldarçylyk pudagynda biologiki işleri ulanmakdyr. Biotehnologiýa önümçilik we dürli önümleri, şol sanda ykdysady taýdan peýdaly mallaryň tohumlaryny döretmek üçin bedenleri we biologiki işleri ulanylýan senagat usullarynyň jemidir. Onuň esasy maksady ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Maldarçylykda ol, esasan-da, köp önüm berýän mallaryň genofonduny ýüze çykarmakda peýdalanylýar. Bu ylmyň önümi oba hojalygyna zerur bolan biologiki işjeň maddalary mikrobedenjikler tarapyndan döredilýär. Mikrobedenjikler bolsa öz gezeginde oba hojalyk mallaryny iýmitlendirmekde gerek bolan çalşyp bolmaýan aminokislotalary döredýär.

Galla oragyna taýýarlyk

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hasyly üçin 26 müň gektarda däne ýetişdirýän Ak bugdaý etrabynyň ak ekin ussatlary häzirki günlerde tutanýerli zähmet çekmek bilen, galla oragyna ykjam taýýarlyk görýärler. Galla oragynda etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly däne orujy kombaýnlarynyň hyzmatyndan peýdalanylar. Häzirki wagtda kuwwatly kombaýnlar doly taýýarlyk hatarynda bolup, olar tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Etrapda galla kabul ediş kärhananyň, tohumlyk bugdaý hasylynyň kabul ediljek ýerleriniň, hasyly daşajak awtoulaglaryň, şeýle-de elewatorlaryň taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

«Ak bägül» almasy

Dünýäde almanyň sekiz müňe golaý görnüşi bar. Alma dünýäde iň köp ekilýän miwe agajydyr. Olar bir-birinden tagamy, görnüşi, ýetişdirilişi, hasyllylygy boýunça tapawutlanýarlar. Almanyň «ak bägül» sortuny göreniňde, onuň armyt pisint daşky görnüşine haýran galýarsyň. Ak öwüşginli, süýrümtik şekilli almanyň bu görnüşi tagamynyň süýjüligi, şireliligi, ýumşaklygy, bark urýan ýakymly ysynyň bardygy hem-de düzüminiň peýdalydygy bilen hem tapawutlanýar. Gadymy döwürlerden bäri ol Şri-Lankada bezeg ösümligi hökmünde ýetişdirilipdir. «Ak bägül» almasynyň agajy ýagtyny, ýyly howa durumyny halaýar. Agaç ekilensoň, 3-4 ýyl geçirip, hasyla durýar. Bir agaçdan takmynan 30-40 kilogram hasyl ýygnap bolýar. Ýöne ony köp wagt saklap bolanok. Şol sebäpden miweleri dessine gaýtadan işlemäge, ýagny şerbet, miwe suwuny, mürepbe taýýarlaýan kärhanalara goýberilýär. «Ak bägül» almasynyň agajy hemişe gök öwüsýän agaçlara degişli. Almanyň bu görnüşi Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlarda ösýär. Agajyň boýy 3-5 metre barabardyr. Agaç ynjyk däldigi sebäpli, bagbanlar ony owadanlyk üçin ýörite gaplarda hem ekip, ondan 100-200-e golaý alma hasylyny alýarlar.

Gallam bar — tyllam bar

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda agzybir daýhanlarymyz agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, gök-bakjanyň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişini öz wagtynda tamamlap, olaryň ideg işlerini güýçli depginde alyp barýarlar. Doly gögeriş alnan ýaşajyk gowaçalaryň ýekeleme, hatarara bejergi, olary zyýankeşlerden goramak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda çalt we isripsiz ýygnamak üçin etrabymyzda ýörite meýilnama düzüldi. Möwsümde etrap boýunça 84 sany ýokary öndürijilikli däne ýygnaýjy kombaýnlar öz işine ussat mehanizatorlar hem-de tehniki taýdan hyzmat ediji kärhananyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirilip, doly taýýar edildi. Şeýle hem orak möwsümine gatnaşjak awtoulaglaryň, tirkegleriň meýilnamasy düzüldi. Etrap boýunça 35 müň gektar ýere bugdaý ekilip, şondan 63 müň 200 tonna hasyl almaklyga garaşylýar. Ähli daýhan birleşiklerinde, daýhan hojalyklarynda, kärendeçiler toparlarynda galla oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär. Şeýle kärendeçileriň biri hem etrabyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Maksatbek Döwletowdyr. ol özüniň maşgala agzalary bilen 10 gektar ýeri kärendesine alyp, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek bilen, her gektaryň hasyllylygyny 60 sentnerden ýokary geçirmegi maksat edinýär. Gözüňi dokundyrýan bugdaý meýdanlaryny synlanyňda, daýhan ýigidiň öňde goýýan maksadyna ýetjekdigine doly göz ýetirýärsiň. Kär

Kesbinden kemal tapan balaryçy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalygyny ösdürmek, obany galkyndyrmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak barada kabul edilen kararlary, öňde goýlan maksatlary durmuşa ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Döredilen giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýerden bol hasyl alyp, özüni il içinde tanadan tejribeli daýhan Boldumsaz etrabynyň Babadaýhan geňeşliginiň «Daýhanazat» obasynda ýaşaýan Bazarbaý Orazbaýewi Daşoguz welaýatynda tanamaýan az bolsa gerek. Ol 1994-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetini gaýybana tamamlap, alym agronom hünäri boýunça ýokary bilim aldy. Şol obanyň çäginde ýerleşýän Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik hojalygynda bölümiň başlygy, baş agronomy we başga-da dürli jogapkärli wezipelerde 40 ýyldan bäri zähmet çekip, özüni ökde hünärmen hökmünde etrap, welaýat çäklerinde tanatdy. Häzir hormatly dynç alyşda bolmagyna garamazdan, Bazarbaý aga boş oturanok, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna saldamly goşant goşmak üçin balaryçylyk bilen meşgullanýar. — Balarylar maşgalalary baran ýerinde baglary, ekinleri tozanlandyryp, hasylyň has artmagyna öz täsirini ýetirýär — diýip, alym agronom Bazarbaý aga gürrüňdeş bolanymyzda belläp geçdi.

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Miweli bagçylykda täzeçil çemeleşme Täze Zelandiýanyň «Plant and Food Research» ylmy-barlag merkezi miweli baglary ekmegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu usul iki ölçegli gurluşyň hasabyna hasyllylygy ýokarlandyrar, şeýle hem geljekde miweçilik pudagynda robotlary peýdalanmak üçin şertleri döreder.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Welaýatymyzyň zähmetsöýer  pileçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümini guwandyryjy netijeler bilen jemleýärler.  Munuň şeýledigini berlen şertnamalaýyn tabşyryklary  artygy bilen berjaý edýän daýhan birleşikleriniň, aýry-aýry ýüpekçi kärendeçileriň barha artmagy, gazanýan üstünlikleri hem aýdyň tassyklaýar. Şabat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri döwlet harmanyna 13,1 tonna pile goşup, bellenilen meýilnamany öňdäkileriň hatarynda ýerine ýetirdiler. Bu üstünlikde 694 kilogram pile öndüren Erkin Abdyllaýewiň, 253 kilogram hasyl tabşyran Almahan Gutlymyradowanyň, 212 kilogram pile ýygnan  Öktem Kamalowyň mynasyp paýlary bar.

BMG: 2030-njy ýyla çenli ýeralma önümçiligi 750 million tonna ýeter

30-njy maýda dünýäde ilkinji gezek Halkara ýeralma güni bellenildi. Häzirki wagtda dünýä ilatynyň, takmynan, üçden iki bölegi esasy iýmit hökmünde ýeralmany gündelik sarp edýär. Birleşen Milletler Guramasy 2030-njy ýyla çenli dünýäde ýeralma önümçiliginiň 112 göterim ýokarlanyp, 750 million tonna ýetjekdigini çaklaýar. Halkara ýeralma güni bu oba hojalyk ekiniň ýokumlylygy, daşky gurşawa peýdasy we medeni gymmaty barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň dekabrynda döredildi.

Galla oragyna ykjam taýýarlyk görülýär

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

Ýüpekçileriň zähmet üstünligi

Köneürgenç etrabynyň «Galkynyş» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri şu taryhy ýylymyzda döwlete pile tabşyrmak baradaky meýilnamany etrapda ilkinji bolup ýerine ýetirmegi başardylar. Ýakynda biz Galkynyş geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni Joşan Saparalyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

Galla oragy ýakynlaşýar

Lebap welaýatynyň gallaçy kärendeçileri ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmekleri netijesinde, şu ýylda 130 müň gektar ýerde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Indiki möhüm wezipe — galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmekden, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almakdan, Watan harmanyna tabşyrmakdan we ammarlarda kadaly saklamakdan ybarat. Gündogar sebitde ýakyn wagtda badalga aljak bu möhüm möwsüme ykjam taýýarlykly gelnendigini belläp geçmek buýsançlydyr. Häzirki wagtda welaýatyň ähli ýerinde galla oragyna taýýarlyk işleri tamamlanyp, bar bolan 35 sany galla kabul ediş nokatlarynyň ählisi hem bugdaý hasylyny bökdençsiz kabul etmäge we saklamaga doly taýýar edildi. Şonuň bilen birlikde, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň we onuň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde, dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümleri bolan ýokary öndürijilikli, kuwwatly galla ýygnaýjy kombaýnlaryň 300-den gowragy tehniki taýdan gözden geçirilip, orak möwsümine taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr. Kuwwatly kombaýnlara welaýatyň tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlary erk ederler. Orak möwsüminde işleri iki çalşykda alyp barmak meýilleşdirilýär. Jogapkärli möwsümiň dowamynda galla ýygnaýjy kombaýnlaryň gurat we bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen, ýeterlik möçberde ätiý