"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ir eken utar

Babadaýhan etrabynyň ak ekin ussatlary 30 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekişini geçirmegi belent maksat tutunyp, şu günler jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Ekişde etrabyň “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň we daýhan hojalyklarynyň ekiji tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Jogapkärli möwsümde gallaçylar ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär, wagtlaýyn döredilen tehniki hyzmat ediş toparlaryň hyzmaty göwnejaý ýola goýulýar. Işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegine itergi berýär. Ekişde tapawutlanýan mehanizatorlaryň höweslendirilip durulmagy bolsa, işiň depginine oňyn täsirini ýetirýär.

Bugdaý ekişi depginli barýar

Kaka etrabynyň gallaçy daýhanlary geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişini depginli alyp barýarlar. 42 müň 400 gektar meýdanda däne ekmegi meýilleşdirýän etrabyň oba zähmetkeşleri möwsümde ekiji tehnikalardyr gurallaryň netijeli ulanylmagyna we işiň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýärler. Ekişde ekiji tehnikalaryň 60-a golaýy bökdençsiz işledilýär. Güýzlük däne ekişinde etrabyň “Türkmenistan”, “Parahat”, G.Kulyýew adyndaky daýhan birleşikleri, şeýle-de “Ýaz meýdan”, “Ýeke çeşme” daýhan hojalyklary nusgalyk görelde bolýarlar. Ekişiň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri möwsüme gatnaşyjylar bilen iş üstünde duşuşyp, armalaryny ýetirýärler.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, 11-nji sentýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan pagtaçylygyň obasenagat toplumynyň möhüm ähmiýetli pudagydygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Pagta süýümi innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçiligi ýola goýmakda Diýarymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar.

Pagta ýygymyna girişildi

Döwlet Baştutanymyzyň 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ak pata bermegi bilen, 11-nji sentýabrda ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Hepdäniň çarşenbe güni welaýatymyzda pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli «ak kerwen» dabarasy geçirildi. Il sylagly ýaşulularyň etrabymyzyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň meýdanynda «ak altynyň» ilkinji hanalaryny ýygmaklary bilen, welaýatymyzda bu jogapkärli möwsüme badalga berildi. Hasyly bereketli meýdanda başlanan dabara Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda dowam etdi.

Bol hasylly meýdanlar

Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmegi pagtaçylarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmatlar ýola goýlup, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bol hasylyň isripsiz ýygnalmagy ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändiginiň subutnamasydyr. Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelen pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti «ak altyn» bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Halkymyzyň asylly däbine görä, Beýik Biribardan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygy dileg edilip,  hormatly ýaşulularyň hasylyň ýygnalyp başlanmagyna ak pata bermekleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýene bir şanl

Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak patasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymyna badalga berildi. 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan pagtaçylygyň obasenagat toplumynyň möhüm ähmiýetli pudagydygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleri gowaçanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin amatlydyr. Pagta süýümi innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap önümçiligi ýola goýmakda Diýarymyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Dokma senagatynyň önümleri bolsa dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Topragyň berekedi — halkyň baýlygy

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalyk pudagynda möhüm möwsümiň — pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýratyn nygtady. Bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Netijede, düýn Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Ahalda

Ak pagta — milli baýlygymyz

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda pagta ýygymyna badalga berildi Hormatly Prezidentimiz 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde edermen pagtaçy kärendeçilerimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini belläp, ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine ak pata berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanan welaýatymyzyň edermen pagtaçy kärendeçileri hem 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna uly ruhubelentlik bilen girişdiler.

01 duýdurýar!

«Ak altyny» ýangyndan goralyň! Pagta hasyly ýygnalýan we daşalýan döwründe ýangyn howpunyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi şulary ýatladýar:

Ynamly gadamlar bilen möhüm möwsüme

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny depginli ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky yzygiderli aladalaryndan ruhlanýan zähmetsöýer babadaýhanlarymyz üçin örän jogapkärli döwür — pagta ýygymy möwsümi ýetip geldi. Şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Hut şu mynasybetli düýn welaýatymyzda «Ak kerwen» dabarasy geçirilip, köpçülikleýin pagta ýygymyna girişildi. Ir säher bilen welaýat häkimliginde etrap hem-de şäher häkimleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleriniň, welaýatyň degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi.

Tohum al-da, ýere bar!

Halkymyz gadymy döwürlerden başlap, özüni zerur azyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ugrunda yzygiderli aladalanypdyr. Bu häzirem şeýle. Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny belent mertebe bilen ýöredip, ýurdumyzda ekerançylyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda ýadawsyz tagalla edýär. Şonda ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak esasy talap hökmünde öňe sürülýär. Bu meseleler bolsa tohumçylyk işini täze derejelere çykarmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şeýle möhüm mesele boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň Saýat ylmy-önümçilik synag hojalygynda nusgalyk işler alnyp barylýar. Bu ýerde beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda şalynyň tohumçylygy we seçgiçiligi boýunça ylmy barlaglar üstünlikli geçirilýär. Ussat ekerançy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Geldimyrat Orazowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda öňden bäri ekilip gelinýän şalynyň «Nukus-2», «Müňbaş», «Elenga», «Gülzar» ýaly görnüşleri indi birnäçe ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Tejribeli alymyň seçgiçilik işleri netijesinde bu ekiniň «Bereket» atly täze görnüşi hem döredildi. Ol häzirki wagtda ýurdumyzyň şalyçylarynyň arasynda ýokary hasyly we lezzetli tagamy bilen tapawutlanýan görnüşleriň hatarynda tanalýar. Ylmy-önümçilik synag hojalygynda bular bil

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna girişildi

Ak pagtam — ak bagtym “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde welaýatymyzyň pagtaçylary 162 müň gektarda pagtanyň boldumly hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Daýhanyň alyn deri bilen kemala getirilen pagta hasylyny çalt we isirpsiz ýygnap, Watan harmanyna ýokary hil derejesinde goşant etmek örän jogapkärli wezipe bolup durýar.

Altyn önýän ak pagtaly meýdanda

Agrosenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymynyň badalga almagy welaýatymyzda hem özboluşly dabaralara beslendi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Ak pataňyz üçin sag bol, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat ýokary guramaçylyga eýe boldy. Onda giň gerim berlen çykyşlaryň çuňňur mazmunynda beýan edilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalyk puda-gynda ýaýbaňlandyrylan oýlanyşykly özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu özgertmeler welaýatymyzda hem hil taýdan täze derejelere eýe bolýar. Munuň özi sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşinde, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli, netijeli zähmetinde aýdyň görünýär. Ene topraga yhlasly hyzmat edýän zähmetsöýer daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, dünýäniň iň kämil tehnikalary bilen üpjünçiligi hemişe döwletiň üns merkezinde durýar. Pudakda hususy ulgamyň eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmekde maksatnamalaýyn işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Hususyýetçileriň oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekleri üçin ýer gaznalaryny döretmekde düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Öndürilýän oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alnyş nyrhlary ýokarlandyrylýar.

Ak pagtam — ak bagtym

Şu gün ýurdumyzda pagta ýygymyna badalga berilýär Bahar paslynyň ajaýyp günlerinde topraga gowaça tohumlary taşlandy. Ýerden iki gulak bolup gögerip çykan ýaşajyk gowaçalara daýhan zähmet baryny siňdirdi. Ine, şonuň hasabyna-da bu gün gowaçalar «ak dona» bürendi. Özüniň gowy taraplaryny görkezip, eýýäm synagdan geçen gowaçanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 114», «Daşoguz — 120» ýaly, tiz ýetişýän, ýokary hilli sortlary 40 — 50 sentnerden hasyl berýär. Bu sortlaryň agrotehnikasyny kemsiz öwrenen daýhanlaryň ýetişdiren hasyly-da gözüňi dokundyrýar. Penje-penje bolup açylan gozalary ýeke-ýekeden ýygnap, «ak altyndan» dag döredýän daýhany möwsümde bökdemez ýaly, hormatly Prezidentimiz 9-njy sentýabrda geçiren iş maslahatynda degişli ýolbaşçylara pagta ýygymyna taýýarlygyň ýagdaýyny ýene-de bir gezek gözden geçirmegi tabşyrdy.

Güýzlük bugdaý ekişi toý ruhunda badalga aldy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine başlamaga beren ak patasyndan göwni galkynan Ahal welaýatynyň ak ekin ussatlary hem geçen hepdäniň çarşenbe güni dili senaly hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen möwsüme toý ruhunda girişdiler. 2025-nji ýylyň bugdaý hasyly üçin güýzlük däne ekişine başlanmagynyň öňüsyrasynda geçen oba hojalyk işgärleriniň tejribe maslahaty netijeliligi bilen alamatlandy.

Pagta — gymmatly baýlyk

Ýurdumyzyň oba hojalygynda jogapkärli möwsümleriň biri-de pagta ýygymydyr. Uly baýlyk hasaplanýan pagtany ýetişdirmek irginsiz zähmeti talap edýär. Zähmetsöýer pagtaçylarymyz şanly ýylyň gowaça hasylyny ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekdiler. Olaryň topraga yhlasynyň ýerine düşendigine berekedini bolluk bilen eçilen «ak altynly» atyzlar hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna beren ak patasyndan göwni galkynan welaýatymyzyň pagtaçylary şu gün ýaşuly nesliň gatnaşmagynda möwsüme dabaraly ýagdaýda girişýärler. Jogapkärli möwsüme Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleriniň taýýarlykly gelendigini bellemek gerek. Etrabymyzda pagta ýygýan kombaýnlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary hem-de pagta arassalaýjy kärhanadyr kabul ediş harmanhanalar möwsüme öňünden doly taýýar edildi.

Zähmetde taplanan zenan

Päk zähmetden kemal tapyp, ene ýere bagry badaşan zähmetsöýer adamlar barada söz açmagyň özboluşly lezzeti bar. Şu gün hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna girişilýär. «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi ýaly, Watan harmanlaryna gelýän «ak altynly» kerwenleriň hatary uzaýar. Kärende ýerine gowaça ekip, idegi mazaly ýetirilen atyzlarda «ak altynyň» ýokary hasylyny ýetişdiren ahally pagtaçy daýhanlar üçin hem gyzgalaňly möwsüm başlanýar. Bu jogapkärli möwsüme yhlasly girişen kärendeçileriň biri-de Gurbangül Ataýewa. Ol Ak bugdaý etrabynyň Myratberdi Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň «Täze oba» bölüminiň kärendeçisi. Gurbangül bilen Muhammetnazar Ataýewleriň maşgalasynda ene ýeriň kerem-keramatyna, mukaddesligine, bereket-bolçulygyna aňryýany bilen düşünilýär. Maşgalada hemmeleriň «Baýlygyň enesi — ýer, atasy — zähmet», «Edenli adam topragy altyna öwrer» diýlen peder pentlerine ynanyp ýaşamagynda Gurbangülüň şahsy göreldesine aýratyn orun degişlidir. Onuň özi 27 ýylyň kärendeçi daýhany, ýanýoldaşy Muhammetnazar bolsa, bölümiň tejribeli mehanizatorlarynyň biri. Ikisiniň döwletli ojagynda bäş perzent — bäş goç ogul kemala gelýär. Olaryň ululary Bagdat, Batyr, Bagtyýar Watan öňündäki harby gulluk borjuny berjaý edip, zähmet ýoluna gadam basan ýigitler. Murgap bilen Söhbet bolsa, heniz mekdep okuwçylary. Çagalar, esasan

4-nji sentýabrda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen badalga berlen güýzlük bugdaý ekişiniň dabaralaryna gatnaşan ildeşlerimiziň ýürek arzuwlary

Ýerine düşýän yhlas

Il aýtmyşlaýyn: «Daýhan mert — ýer jomart». Oňa näçe garaşyk etseň, üns-alada bilen gurşap alsaň, ol özüniň miwesini bolluk bilen eçilýär. Hakyky daýhan ýeriň «diline» düşünýär. Danalaryň dürdänelerinde «Daýhan dünýäni ekleýär» diýen bir jümle bar. Ene topraga bagry badaşan zähmetkeş adamlaryň tagallasy bilen öndürilýän önümleri, ýetişdirilýän miweleri synlanyňda, bu jümläniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň şöhlelenýändigini görmek bolýar. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginiň Kölaryk geňeşliginiň ýaşaýjysy, etrapdaky 25-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Täjinar Ahmedowa indi 20 ýyldan bäri öz şahsy melleginde guran ýyladyşhanasynda limon agajynyň 100-e golaýyny ösdürip ýetişdirýär we ýylyň-ýylyna ondan bol hasyl alyp gelýär. Häzirki günlerde her düýbünde düzüm-düzüm bolup şahasyna agram salyp başlan limonlar onuň zähmetiniň ýerine düşýändigini görkezýär. Halal, päk zähmetden bereket tapan Täjinar Ahmedowanyň çagalary Jennet, Oguljahan, Umytjan hem bagbançylygyň inçe syrlaryny ilik-düwme öwrenýärler. Onuň esasy ýardamçylarynyň biri bolsa, özüniň maslahaty, tejribesi bilen maşgalasyny goldap durýan ýanýoldaşy Yslam Jumakulyýewdir. Yslam aga gurluşyk işleri bilen meşgullansa-da, mellegindäki limon agaçlarynyň keşigini deň çekişip, yhlasyny siňdirýär. Ejesinden hem-de kakasyndan birkemsiz zä

Ekin ýerleriniň käbir gadymy atlary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan dörän «Döwlet guşy» romanynda «Men çagalyk ýyllarymdan bäri öň eşitmedik, gabat gelmedik sözlerimi, olaryň aňladýan manylaryny depderime belläp almagy we şol belläp alan sözlerimi mahal-mahal okamagy, ýeri gelende ulanmagy endik etdim» diýip, ýaşlara görelde hem ýörelge görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerine eýerip, gazetimizde «Ekerançylyk sözlügi» atly rubrikany açyp, onda ekerançylyk bilen baglanyşykly gadymy sözleriň many-mazmunyny okyjylarymyza yzygiderli ýetirip durmagy makul bildik. Abat ýer — öňden bäri suwarylyp, ekin ekilip gelinýän, ýere sepen bir tohumyňy müň bolup, gögerdýän topraga aýdylýar. Bu sözüň asly köne gepleşik diline degişli [a:ba:d] sözünden bolup, «oňat bejerilen, tertibe salnan, medeniýetleşdirilen, ýerbe-ýer edilen ýer bölegi» diýen manyny aňladýar. «Abat» sözi gadymy türkmen sözi bolan «abadan» sözi bilen manydaşdyr.