"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Ylym-bilim — üstünlikleriň binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem beýleki ulgamlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ýaş nesillerimiz hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda hemişe ileri tutulýan ugurdygyny görkezýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ylym-bilimli nesilleriň kemala gelmegini gazanmaga, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe boldy. Geçirilýän bäsleşikler, maslahatlar, sport ýaryşlary we beýleki çäreler ulgamyň kämilleşmegine, bilim işgärleriniň has zehinlilerini ýüze çykarmaga ýakyndan ýardam berýär. Şeýle bäsleşikleriň birini ýakynda welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirdik. Welaýat merkezindäki orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýaty mugallymlarynyň arasynda guran bu bäsleşigimizde ähli şertler akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi bilen bagly boldy. Şunuň ýaly bäsleşikleri mekdep okuwçylarynyň arasynda hem yzygiderli geçirip durýarys. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, şeýle-de bilim işgärleriniň işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreler oňyn netijelerini-de berýär. Olar halkara ýaryşlarda hem baýrakly orunlary eýeleýärler. Bular geljekde Watanymyzyň eýeleri boljak ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tar

Dünýä ölçeglerinde kämilleşýän ulgam

Taryhy ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, olar bagtyýar ýaş nesillerimiziň halkara ölçeglere laýyk bilim almaklaryny, ukyp-başarnyklaryny ösdürmeklerini, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda örän uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň öz oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde yzygiderli gazanýan üstünlikleri aýdyň subutnama bolup durýar. Şeýle konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda öwgä mynasyp işler ýerine ýetirildi. Muny hormatly Prezidentimiziň: «On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirýäris, sanly bilimi ösdürýäris» diýen sözleri hem aýdyň tassyklaýar.

Aşgabatda tiz öwrenmäge we aň taýdan kämilleşmäge ýardam edýän «IQ007» mekdebi açyldy

Aşgabatda çagalary we ýetginjekleri ösen bilim maksatnamalaryna laýyklykda goşmaça bilim almaga çagyrýan täze bilim merkezi — «IQ007» mekdebi açyldy. Çagalar tiz okap öwrenmek we aň taýdan kämilleşmek, sowatly ýazmak we kalligrafiýa, iňlis dilini suwara öwrenmek, şeýle hem IQ etika ýaly ugurlary aňsatlyk bilen özleşdirip bilerler. «IQ007» mekdebi — rus franşizasy bolup, 10 ýyllyk iş tejribesiniň dowamynda Russiýada we GDA ýurtlarynda 565 sany mekdebi açdy, 3600 sany pedagogy taýýarlady we 350 000-den gowrak okuwçyny okatdy. Bilim taslamasy tejribeli hünärmenler tarapyndan işlenip düzülip, çagalary döredijilige, öz-özüňi aň taýdan kämilleşdirmäge hem-de her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga ruhlandyrýan dürli programmalary, täsirli we özboluşly usullary hödürleýär.

Nazary mehanika: zehinli ýaşlaryň üstünligi

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça geçirilen III Açyk halkara internet olimpiadasynda türkmen talyplary üstünlikli çykyş etdiler. Oňa 16 döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň 87-sinden zehinli ýaşlar gatnaşdylar. Internet olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşinde geçirildi. Şahsy bäsleşikde gatnaşyjylara sekiz meseläni çözmek üçin 240 minut, toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylara bolsa nazary mehanika dersiniň dürli bölümlerine degişli bäş sany meseläni çözmäge 60 minut wagt berildi. Bäsleşigiň ýeňijileri şahsy we toparlaýyn görnüşde hasaba alnyp, meseleleriň dogry ýerine ýetiriliş derejesine görä toplanan utuklaryň jemi bilen kesgitlendi. Olimpiadanyň ýeňijileri birinji, ikinji we üçünji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň talyplary öňdäki orunlary eýelediler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üstünlikli çykyş edip, olaryň 16-sy birinji, 17-si ikinji, 49-sy bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Anyk aýtsak, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndan D.Suwhanberdiýew, G.Gylyçgeldiýewa, Ş.Babamuradow, A.Ýazjumaýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden K.Çerkezow, M.Artykow, G.Orazgeldiýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden M.Allamyradow, Ö.Hojaýew, S.Merdanow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Görelde sapagyny guramak Edebiýat dersinden okadýan synplarymda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly temalar boýunça görelde sapaklaryny guradym. Sapakda Magtymguly Pyragy, onuň şygryýet dünýäsi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmek örän ähmiýetlidir. Multimedia tagtasynda şahyryň suratyny, oňa degişli dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary, şahyryň goşgy bentleriniň aýdyma öwrülenlerini, ol hakdaky rowaýatlary, Magtymguly barada ýazylan eserleri, «Magtymguly» filmini okuwçylara görkezdim. Okuwçylara ýörite barlagnamalary hödürledim. Synpy iki topara bölüp, şahyryň goşgularyndan ýatdan aýtmak boýunça bäsleşdirdim. Okuwçylara şahyryň goşgularynyň manysy barada sowal berdim. Magtymguly Pyragynyň dürli temalardan döreden goşgularyny okuwçylara gürrüň berdirdim. Döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylarym bolsa, çeken suratlaryny görkezdiler. Guran görelde sapagyma okuwçylarym örän işjeň gatnaşdy. Sapagyň ahyrynda okuwçylary oňat bahalar bilen bahalandyrdym.

Sanly bilimiň we innowasion tehnologiýalaryň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny innowasion we tehnologik esasynda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze görnüşlere eýe boldy. Şunda sanly bilimi ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçil

Körpeleriň sözleýşini ösdürmek

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle terbiýe berlip, olaryň sözleýşi ösdürilýär. Çagalar baglaryndaky körpeler terbiýeçileriň üns-aladasy bilen gurşalýar. Terbiýeçiler körpeleriň irki ösüşini üpjün etmek, olaryň sözleýşini kämilleşdirmek üçin dürli usullary peýdalanýarlar. Munuň üçin terbiýeçilik ähmiýetli oýunlary peýdalanmak, ertekileri gürrüň bermek ýaly gyzykly usullary peýdalanmak bolar. Çagalar bagynda terbiýelenýän körpeler dürli ugurlara gyzyklanma bildirýärler, olar oýnamagy, tebigatda gezelenç etmegi, ertekileri diňlemegi halaýarlar. Terbiýeçi her bir çaganyň gyzyklanmasyny öwrenip durmalydyr. Olaryň düşünjelerini ösdürip, körpelere terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, netijeli usullary ornaşdyrmak terbiýeçileriň paýyna düşýär. Olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin okatmagyň we terbiýelemegiň işjeň usullaryny ulanmalydyr. Bu usullaryň çaganyň irki ösüşiniň ölçeglerine laýyk gelmegine gözegçilik etmelidir.

Okuwçylarda kitap okamak endigini kämilleşdirmek

Kitap okaýan adamyň ýüregi mähir-muhabbetden, köňli ynsanperwerlikden püre-pür bolýar. Ynsanyň yzygiderli kitap okamagynyň netijesinde söz baýlygy artyp, çalt we sagdyn pikirlenmek ukybyna eýe bolýar. Kitabyň gatlaryna aralaşmak arkaly okyjy dürli täsinlikler bilen tanyşýar, kitap gahrymanlarynyň şatlanan ýerinde şatlanyp, gynanan ýerinde gynanmak duýgularyny başdan geçirýär, taryha öwrülen wakalar bilen tanşyp, edebi mirasymyzy öwrenýär, durmuş gözýetimini giňeldýär. Elbetde, kitap iň gowy dost. Kitap okamagy ýaşlykdan endik edinmeli. Kitap okamaga bolan endigiň gözbaşy maşgaladan gaýdyp, ata-enäniň özi görelde bolup, çagalarda kitap okamaga islegi terbiýelemeli. Ata-eneler tarapyndan çagalaryna suratlar bilen bezelen, çagalar üçin niýetlenilen kitaplaryň sowgat edilmegi, olar bilen bilelikde sesli okalmagy ýa-da gyzykly ertekileriň aýdylyp berilmegi çagalarda kitaba bolan söýginiň ilkinji basgançaklaryny kemala getirýär.

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Şu gün Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen Atatürk adyndaky 57-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda  mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň, bilim işgärleriniň gatnaşmagynda usuly-amaly maslahat geçirildi. Tomus paslyna taýýarlyk, arassaçylyk kadalary bilen bagly geçirilen usuly-amaly maslahat baý many-mazmuna eýe boldy. Çykyşlarda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň okap, kämil bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesini gündelik durmuşa girizmegi dogrusynda döredilýän ajaýyp mümkinçilikler barada aýdyldy. Şunda tamamlanyp barýan okuw möwsüminde  çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde oňat dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini  talabalaýyk guramak, bildirilýän talaplara jogapkärli çemeleşmek dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Durnukly ösüş maksatlary we ýaşlar

Golaýda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda bäsleşigiň milli hyzmatdaşy bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyp ýaşlary Gazak-nemes uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Merkezi Aziýada, Owganystanda we Mongoliýada Durnukly ösüş maksatlary» atly halkara internet olimpiadasynyň milli derejedäki tapgyryna gatnaşdylar. Bäsleşige 7 döwletiň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Mongoliýanyň ýokary okuw mekdepleri gatnaşýar. Onuň maksady Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibinde kesgitlenen 17 maksat we olary durmuşa geçirmegiň wezipeleri boýunça talyp ýaşlaryň bilimine, ylmy-taslama işlerine baha bermekden, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat.

Bilimli nesil — Watanymyzyň daýanjy

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, saýlap alan ugurlary boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, ata Watanymyza, halkymyza, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegi ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň okadylmagy, bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy ýaşlaryň köptaraply bilim alyp, berkarar döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyna täze hünär ugurlarynyň girizilmegi bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ýokary bilimli işgärler, tejribeli hem-de kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenler kemala geldi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli bilim ulgamynyň döwrebap ösmegini şertlendirýär. Çünki sanly bilim ulgamy elektron maglumatlar gorundan peýdalanmagy elýeterli edýär hem-de ulanyjynyň okuw okamakdaky gözleglerine sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlaýar. Şeýle-de internet maglumatlar ulgamy boýunça daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmaga, uzak aralykdan olimpiadalardyr ders bäsleşiklerine gatnaşmaga, okuw gollanmalarynyň, kitaplaryň elektron görnüşinden peýdalanmaga şert döredýär.

Üstünlikli jemlenen halkara bäsleşik

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Saud Arabystany, Türkiýe Respublikasy, Belarus Respublikasy, Rumyniýa ýaly dünýäniň 15 döwletinden 600-den gowrak talybyň gatnaşandygy hasaba alyndy. Geljekki ezber inženerleriň — talyp ýaşlaryň zehin bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen bäsleşikde Hytaý Halk Respublikasynyň talyplary iň ýokary netijäni görkezdi. Galyberse-de,  türkmen talyplarynyň görkezen netijesi hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şahsy bäsleşikde talyplarymyz öňdäki  orunlary eýelemek bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä derejesinde ylym-bilim bermäge ukyplydygyny  subut etdiler. Toparlaýyn bäsleşikde oňyn netije görkezen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär

Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça döwlet inspektorlaryny taýýarlamak hem-de awiasiýa howpsuzlygy boýunça milli gözegçi ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Öňdebaryjy tejribeler öwrenilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamy innowasion ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, päk ahlakly, ruhy taýdan sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda alnyp barylýan ylmy-barlag ugurlarynyň artdyrylmagy we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag mümkinçilikleriniň utgaşykly peýdalanylmagy üns merkezinde saklanýar. Bu barada ýaş alymlara döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyndaky dürli ugurlar boýunça ökde hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmegi, ýaş hünärmenleriň ýokary hünär derejesine eýe bolmagyny maksat edinip, degişli hünärler boýunça talyplara bilim bermegiň innowasion usulyndan peýdalanylýar. Talyp ýaşlary taslama we ylmy bäsleşiklere çekmek bilen, olarda ylma tarap ilkinji ädimleriň ädilmegine aýratyn orun berilýär. Bu bolsa talyp ýaşlarda maglumatlary jemlemek we seljermek, özbaşdak pikirlenmek, ed

Döwrebap ugurlar kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny köpugurly ösdürmek ugrundaky tagallalary esasynda golaýda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Kibersport» merkezi döredildi. Bu merkez Türkmenistanda, şol sanda uniwersitetde kibersportuň ähli görnüşlerini ösdürmäge, kibertürgenleriň ýaş neslini kemala getirmäge, dürli ýaryşlary geçirmek arkaly ýurdumyzyň zehinli kibertürgenlerini bir ýere jemlemäge, kibersportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzyň ýygyndy toparlaryny düzmäge, olary halkara ýaryşlara taýýarlamaga we gatnaşdyrmaga, kibersporty ylmy esasda ösdürmäge ýardam eder. «Kibersport» merkezi kibersport boýunça ýörite tölegli okuwlary alyp barmaga, kibersportuň görnüşlerine kibertürgenleriň ýaş aýratynlyklaryna bagly tälimçilik etmäge, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda sportuň bu görnüşini ýaýbaňlandyrmaga, mahabatlandyrmaga, ýurdumyzyň ösüşine sanly hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny çekmek üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen sanly tehnologiýalar merkezidir.

Bilim bermekde netijeli usullar

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym-bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym we bilim döwletimiziň güýç-kuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýjüdir. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaşlaryň öwrenijilik işjeňliginiň, ukybynyň, özbaşdak pikirleniş endikleriniň ösmegini gazanmak esasy ugurlaryň biridir. Okatmakda innowasiýalary, sanly bilim tehnologiýalaryny ulanmaga aýratyn üns berilýär. Tebigy we takyk ylmy ugurly derslerde berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek bilim işgärleriniň esasy wezipeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde orta mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda döredilýän şertler okuw sapaklaryny guramaçylykly alyp barmaga ýardam berýär.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmek Okuwçylar bilen edebiýat sapagyndan daşary okalan eserler boýunça guralýan gürrüňdeşlik sapaklaryny ünsli, taýýarlykly guramak zerurdyr. Bu iş sözleýiş dilini ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Her bir sapagyň özboluşly mümkinçiliginden peýdalanyp bilmek bolsa, başarnyga baglydyr. Mugallym ilki goşgynyň sözlerini dogry aýtmagy hem-de labyz berip okamagy okuwça öwretmeli. Okuwçynyň säwlik goýberen ýa-da sakynan ýerinde mugallymyň ýatdan aýdyp, kömek bermegi täsirli bolýar.

Okuwçylara nusgawy edebiýaty öwretmek

Edebiýat dersinden guralýan sapaklaryň täsirli bolmagy üçin görkezme esbaplarynyň ähmiýeti has uludyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we goşgulary bilen bagly temalary geçenimde multimedia tagtasyndan giňden peýdalanýaryn. Şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bütin adamzat neslini watansöýüjilige, agzybirlige, adamkärçilige, mertlige, halallyga, myhmansöýerlige, ula-kiçä hormat goýmaga, asyllylyga çagyrýar. Okuwçylara akyldar şahyryň goşgularynyň manysyny düşündirmek üçin her bir setiriň üstünde aýratyn durup geçýärin. Akyldar şahyrymyzyň edep-terbiýe beriji goşgularynyň bütin ynsanyýet üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup hyzmat edýändigini okuwçylara düşündirýärin. Ynsany bezeýän häsiýetler onuň şirin dilliligi, hoşsözlüligi, aýdýan sözüniň manysyna ýetip geplemegi, her bir sözüniň yzynda durmagy ýaly häsiýetlerdir. Okuwçylara Magtymgulynyň goşgularynda ynsanyň şeýle gowy häsiýetleri dogrusynda aýratyn bellenilýändigini aýdýaryn. Şahyryň şygyrlarynda manysyny düşündirmegi talap edýän sözleri okuwçylaryň sözlük depderine bellik etdirýärin we manysyny öwredýärin. Esasy temadan, öý işinden daşary şahyryň şygyrlaryndan ýat tutmagy okuwçylara tabşyrýaryn. Munuň çaganyň aňynyň ösmegine we şahyryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilmeklerine täsiri diýseň uludyr. Okuwçylar bilen sorag-jogap guramak hem örän täsirlidir. Şonuň üçin okuwçylardan Magtymguly Pyragynyň goşgu

Jemleýji synaglara taýýarlykly baralyň!

2023 — 2024-nji okuw ýyly Tejen etrabyndaky tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdep üçin şowly ýyllaryň biri boldy. «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginde mekdebimiziň okuwçylarynyň ýigrimi altysy welaýat tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Onuň döwlet tapgyrynda bolsa alty okuwçymyz üstünlik gazandy. Şol üstünlikleriň esasy görkezijisi bolsa mekdebi tamamlaýan okuwçylarymyza degişlidir. Şu ýyl mekdebi uçurymlarymyzyň 84-si tamamlar. Hawa, esasy jogapkärçilik öňde. Mekdebi tamamlaýan okuwçylarymyz jemleýji synaglaryny üstünlikli tabşyrmak üçin taýýarlyk işlerini netijeli geçýärler. Bu işlerde okuwçylara mekdebiň mugallymlary Döwran Mukymow we Öwezdurdy Hanow uly goldaw berýärler.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Kämillik, ilkinji nobatda, ýaşlaryň aňynyň ösüşi, dünýägaraýşynyň baýlygy bilen kesgitlenýär. Bular bolsa, öz gezeginde, çuňňur bilime we güýçli ylmy binýada baglydyr. Bilim hem-de ylym bilen kämillige tarap ýol açylýar. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň çäklerinde ýaş nesillerimize bilim öwretmek meselesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we kämil şahsyýetler edip kemala getirmek esasy wezipeleriň biridir. Milli terbiýäniň özeni bolsa ene dilimizden we nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlyklaryndan gözbaş alýar. Dil aragatnaşyk serişdesidir. Çünki dil arkaly ösüşleri, üstünlikleri beýan etmek mümkin. Şonuň üçin medeni derejäni ýokarlandyrmakda, aňly-düşünjeli, kämil nesilleri ýetişdirmekde ene dilimizi öwretmegiň ähmiýeti örän uludyr.