"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Öňdebaryjylaryň iş tejribeleri öwrenilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin bilim ulgamyna täzeçe usullar ornaşdyrylýar. Milli bilim ulgamynda ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede ýokary hilli bilim bermek, edep-terbiýeli nesilleri ýetişdirmegiň öňdebaryjy tejribelerini mugallymçylyk işine giňden ornaşdyrmak, öz hünär ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek bilim işgärleriniň esasy borjy bolup durýar. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlara bilim işgärleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir» diýen şygar bilen geçen usuly-amaly okuwa Balkanabat şäheriniň bilim işgärleri taýýarlykly geldiler. Iki gün dowam etjek usuly-amaly okuwlar şäheriň ýöriteleşdirilen 3-nji, 21-nji we 22-nji orta mekdeplerinde guraldy. Onda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijeli usullary, okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny, sanly serişdeleri sapaklarda giňden peýdalanmak bilen bilim bermegiň usullaryny has-da kämilleşdirmekde öňdebaryjy iş tejribeleri bolan hünärmenler diňlenildi. Şeýle-de, bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okuw dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, mekdebe çenli bilim bile

Iş­jeň mas­la­hat — kä­mil­li­ge ba­dal­ga

Döwlet Baştutanymyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde, geçen okuw ýylynyň jemine seljerme bermekde, täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda bilim işgärleriniň ýanwar usuly-amaly okuwlarynyň ähmiýeti uludyr. Orta mekdeplerde, mekdebe çenli we mekdepden daşary bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişini, okuwçylara netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy iş tejribäni ýüze çykarmak, öwrenmek, umumylaşdyrmak möwsümleýin geçirilýän usuly-amaly okuwlaryň esasy maksadydyr.

Körpelerde zähmet endiklerini terbiýelemek

Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilimiň hili yzygiderli kämilleşdirilýär. Körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» hem-de bu maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasyny tassyklamagy bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda möhüm bir ädim boldy. Mekdebe çenli bilim milli bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu ýerde körpe nesle bilim-terbiýe berlip, çagalar mekdebe taýýarlanylýar, olar bilimler dünýäsine aralaşyp, dürli sapaklar boýunça düşünje alýarlar, bilimleriň ilkinji esaslaryny öwrenýärler.

Tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli sapaklary kämilleşdirmek

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýaşlara bilim-terbiýe bermekde bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Bu asylly işi durmuşa geçirmekde hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim we terbiýe bermek, bilim ulgamyny halkara derejesine çykarmak hem-de sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak babatda öňde goýlan möhüm wezipelerden ugur alnyp taýýarlanylan «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Häzirki wagtda bu Konsepsiýanyň many-mazmunyny öwrenmek, özleşdirmek we öwretmek bilim işgärleriniň öňünde duran esasy wezipeleriniň biridir.

Bilimler dünýäsine giň ýol

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň ylym-bilim almagy, sagdyn ruhly, berk bedenli, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ylym-bilim ulgamynda döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimedia enjamlary, lingafon otaglar, internet ulgamy ýaşlaryň hyzmatynda goýulýar. Bu bolsa olaryň bilim almakda ukyp-başarnyklaryny görkezmegine giň ýol açýar. Internet tory arkaly döredilen elektron kitaphanalardan, maglumat portallaryndan peýdalanmak, okuw sapaklarynyň interaktiw usulynda alnyp barylmagy, dünýäniň ösen döwletleri bilen teleköpri arkaly okuw sapaklaryna, halkara ylmy-amaly maslahatlara gatnaşmak ýaş nesilleriň başarnygyny has-da kämilleşdirýär.

Terjime işi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyz: «Bilim ulgamy jemgyýetimiziň, ýurdumyzyň, onuň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň we beýleki ugurlarynyň ösüşini üpjün edýär» diýip belleýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda türkmen-rus dilleriniň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär we uly işler amala aşyrylýar. Dil bilimine degişli bolan käbir meseleler diňe bir diliň mysalynda däl-de, ähli dilleriň mysalynda düşündirilse oňat netije berýär. Talyplara diller hakyndaky maglumatlary nazary taýdan umumylaşdyryp, diliň düýp manysy, häsiýetli alamatlary, onuň ösüş kanunlary öwredilse netijesi gowy bolýar.