"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Talyplar okuw tejribeligini geçýärler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyplary şu günler tomusky okuw tejribeligini geçýärler. Talyplaryň tejribeligi welaýatymyzyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, şonuň ýaly-da çagalar bakja-baglarynda guralýar. Olar tejribeli bilim işgärleriniň halypalyk etmeginde öňdebaryjy iş usullaryny öwrenýärler. Şeýle tejribelikler talyplaryň geljekki kesp-kärlerinde kämilleşmeklerinde, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklarynda uly ähmiýete eýedir.

ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): 1. Weterinariýa we zootehniýa (hünärler: atçylyk; weterinar lukmançylygy).

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmek hem-de orta we ýokary okuw mekdeplerinde abatlaýyş işlerini geçirmek bilen bagly berlen tabşyryklardan ugur alyp, häzirki wagta welaýatymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýeňil abatlaýyş işleri dowam edýär. Welaýatymyzda bar bolan 529 sany orta mekdebiň ählisiniň synp otaglarynda, dälizlerinde hem-de daş-töwereginde ýeňil abatlaýyş işleri geçirilýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, orta mekdepleriň synp otaglary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Interaktiw tagtalar, multimedia tehnologiýalary, lingafon otaglary sanly bilim ulgamyny ösdürmäge, daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmäge ýardam berýär. Okuw otaglarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy, olaryň abatlygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda örän ähmiýetlidir.

Ylymlar dünýäsiniň bosagasynda

Talyplyga dalaşgärleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan döwri ýetip geldi. Şu hepdäniň duşende gününden ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul edişlik başlandy. Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmegiň tertibi baradaky resminama gol çekdi. Häzirki günlerde ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzdaky ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde-de dalaşgärlerden resminamalary kabul etmeklik dowam edýär. Etrap-şäherlerimizdäki ýörite bellenilen hassahanalarda we saglyk öýlerinde dalaşgärler lukmançylyk barlagyndan geçirilýär. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bu möhüm işe guramaçylykly girişildi. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat, Arkadag şäherlerinden şu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň resminamalaryny çalt we bökdençsiz tabşyrmaga mümkinçilik döredilýär. Häzire çenli institutda hünärleriň 18-si boýunça talyplara bilim berilýärdi. Täze okuw ýylyndan başlap, defektologiýa hünäri boýunça hem talyplar okadylyp başlar.

Guwandyryjy işler

Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, önümçiligiň bitewüliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer, öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologik işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşige TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyby Mekan Nurmämmedow hem gatnaşyp, zehin başarnygyny görkezdi. Ýaş alym Mekan Nurmämmedowyň ylmy işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty Dünýägözel Amanmuhammedowa ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýän kanuny düzgünleri açyp görkezip, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna teklipleri bermäge uly ýardam etdi. Döwletimizde ylymly-bilimli ýaşlarymyzyň ýetişip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak babatda goşant g

Röwşen geljegiň güwäsi

Ylym-bilime aýratyn sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz bu ulgamy kämilleşdirmeklige uly üns berip, ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda bilim, döwrebap terbiýe bermek boýunça bimöçber işleri durmuşa geçirýär. Bilim bermegiň ýokary hilli usullaryny, dünýä tejribesini ulgama ornaşdyrmak, okuw işiniň hilini ýokarlandyrmak, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, dürli derejedäki okuw mekdeplerini kompýuterleşdirmek, internet ulgamyny elýeterli etmek, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly işler munuň aýdyň mysallarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhunda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp barýan ýaş nesliň çuň bilimine, zehin-yhlasyna baglydyr. Biz ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertleri döredip, olara ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, kämilleşmäge we döredijilik dünýäsine içgin aralaşmaga giň ýol açdyk. Häzir Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalary, ýaşlary bilimleriň çuňluklaryna aralaşýarlar, öwrenýärler, döredýärler we ynamly gadam urýarlar» diýen çuň manyly sözleri bu ugurda nusgalyk ýörelgedir. Bize şular ýaly ajaýyp durmuşda ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikleri döred

Bilim ulgamyndaky jogapkärli işler

Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine Tejen etrabynda aýratyn jogapkärli çemeleşilýär. Şu günler etrapdaky orta mekdeplerde ýeňil we düýpli abatlaýyş işlerine uly üns gönükdirilýär. Çünki bilim ojaklaryny abatlamak, okuw otaglaryny talabalaýyk görke getirmek we döwrebap görkezme serişdeleri bilen üpjün etmek täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işlerinde ähmiýetli bolup durýar. Mekdep mugallymlary bilim işgärleriniň awgust maslahatyna hem häzirden taýýarlyk görýärler. Öňde duran maslahatda geçen okuw ýylynyň netijeleri seljerilip, wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Galyberse-de, Bilimler we talyp ýaşlar gününde ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek 6 ýaşly çagalary hasaba almak işlerine hem uly ähmiýetiň berilýändigini bellemelidiris.

Dalaşgär — 2024: geljegiň binýady şu günden tutulýar

Bilşimiz ýaly, 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde il-ýurt bähbitli möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi 15-nji iýuldan 26-njy awgusta çenli dowam eder. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz agzalan Hökümet mejlisinde ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegi, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagy öňde durýan esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, jogapkärli möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmek babatda görlen taýýarlyk, bu ugurda alnyp barylýan işler hem-de täze okuw ýylynda boljak üýtgeşmeler bilen gyzyklanyp, gazetimiziň habarçysy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýokary we orta hünär bilim bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Berdinazar HAŞYROW bilen söhbetdeş boldy. — Ilki bilen, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek möwsümine

Ýakymly täsirleri döretdi

Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýat kitaphanasynyň meýilnamasy esasynda täsirli çäreler yzygiderli guralýar. «Bilimli nesil — ýurduň ýagty geljegi» ady bilen geçirilen söhbetdeşlik hem şeýle çäreleriň biri boldy. Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlikde kitaphana işgärleriniň çykyşlaryna giň gerim berildi. Çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi, kadaly dynç almagy, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli bolup ýetişmegi ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Onuň barşynda çagalara sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sport bilen meşgullanmak hakynda gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Ýaşlar üçin döwrebap mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli resminamalara gol çekmegi bilen baglylykda, şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi ýaýbaňlandyrylan derejede dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu möhüm we jogapkärli çäräni ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin döwletimizde netijeli işler amala aşyrylýar.

Oňat taýýarlyk — netijeli işler

Beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halky erkana durmuşda ýaşaýar, öz aýdyň geljegini dolandyrjak bagtyýar nesillerini terbiýeleýär. Bu jogapkärli işiň ak mekdeplerimizde alnyp barlyşy kalbyňda çäksiz guwanç duýgusyny döredýär.

Türkmen tebigatynyň tarypçysy

Halypa mugallym Çaryýar Goçyýewiň iş tejribesi hakynda söhbet Hakydamda pikir ýumagyny çöşläp oturyşyma, bu zähmetsöýer we pespäl ynsan bilen tanyşlygymyza çärýek asyra golaý wagtyň geçendigine göz ýetirdim. Şol döwürde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň dosenti wezipesinde zähmet çekýärdim. 1999-njy ýylyň 4-5-nji maýynda ýurdumyzyň ylym-bilim işgärlerinden ybarat topar bilen Bäherden etrabynda geçirilen «Tebigatyň ykbalynda ─ biziň ykbalymyz» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşypdyk. Şol ylmy maslahatda etrabyň 7-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Çaryýar Goçyýewiň Köpetdagyň dermanlyk ösümliklerine bagyşlanan gyzykly çykyşy biziň ünsümizi aýratyn özüne çekipdi.

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Körpelerde zähmet endiklerini terbiýelemek Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesillere sowat öwredilende, işjeň usullardan peýdalanýarys. Çagalara sowat öwretmek, ýönekeý matematiki düşünjeleri, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapaklaryna çagalaryň gyzyklanmalaryny artdyrmak möhümdir. Munuň üçin görkezme esbaplardan, elde ýasalan şekiljiklerden, multimedia tagtasynda slaýdlardan peýdalanýarys. Mysal üçin, ýönekeý matematiki düşünjeleri öwretmekde çagalara slaýd şekillerini görkezmek has täsirli bolýar. Terbiýeçi slaýdda nämeleriň bardygyny ilki özi tanyşdyrýar. Berlen gyzykly soraglar boýunça çagalar terbiýeçiniň beren gürrüňini diňleýärler we slaýddaky şekilleri sanaýarlar.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Çagalar biziň öýümiziň, kalbymyzyň bezegidir. Çünki çagalar biziň geljegimizdir. Şonuň üçin olary akylly-başly, watansöýüji, iline-gününe, ene-atasyna wepaly edip ýetişdirmek her bir ata-enäniň mukaddes borjy bolup durýar. Biziň «Çaga — dowamat-dowam», «Bal süýji, baldan-da bala süýji», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly başga-da birnäçe pähim-parasatlary döreden halkymyz bar. Nesilbaşymyz Oguz hanyň geçen ömür ýoluna, «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salanyňda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ylymlar dünýäsinde täze basgançak

Welaýatymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyplyga dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty öňümizde duran okuw ýylyndan başlap, diňe bir Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda däl, eýsem, ýurduň Ahal we Balkan welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýaşaýan ýaşlara hem mugallymçylyk hünäri boýunça bilim berip başlar. Dalaşgärlerden resminamalar ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kabul ediler. Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden bolan dalaşgärler resminamalaryny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda tabşyryp bilerler. Resminamalary kabul edişlik 15-nji iýulda başlanyp, 28-nji iýulda tamamlanar. 31-nji iýuldan 17-nji awgust aralygynda bolsa giriş synaglary geçiriler. Giriş synaglary Türkmenabat şäherinde geçiriler.

Hünärmenleri taýýarlamak — döwletiň intellektual kuwwatyny artdyrmagyň möhüm şerti

15-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň, şeýle-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklanyldy. Okuwa kabul etmegi 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi. Bu möhüm möwsümiň talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakynda Buýruga hem gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet toparyna 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borç

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy: 1. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (hünärler: nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologiki kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak).

ÝAGŞYGELDI KAKAÝEW ADYNDAKY HALKARA NEBIT WE GAZ UNIWERSITETI 2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: nebitgaz işi). 2. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy).

«TÜRKMENGAZ» DÖWLET KONSERNINIŇ MARY NEBITGAZ ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Nebit we gaz ýataklarynyň gözlegi we olary ulanmak. 2. Nebit-gaz geçirijilerini we nebit-gaz ammarlaryny gurmak we ulanmak.

«TÜRKMENNEBIT» DÖWLET KONSERNINIŇ BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Nebit we gaz guýularyny burawlamak. 2. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.