"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Halkymyz toý tutdy Arkadag bilen

Gadymy Lebap topragynda uludan tutulan sungatyň toýy ýakymly pursatlara örän baý boldy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan medeni çärelerdir dabaralaryň owazy alyslara ýaň saldy. Geçen hepdäniň anna güni Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň taryhy ýerlerine, gadymy ýadygärliklerine syýahat etdiler. Ýurdumyzyň tanymal şahyrlarydyr döredijilik işgärleri Kerki etrabynyň Astanababa obasynyň çäginde ýerleşýän Astanababa binagärlik toplumyna hem-de Dänew etrabynyň Gabakly geňeşliginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýyna gezelenç edip, özlerinde galan täsirler barada bu ýerdäki taryhçylar bilen pikir alyşdylar. Taryhyň çuňluklaryna alyp giden bu syýahat oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gadymy topragyň taryhy-medeni ýadygärlikleri döredijilik işgärlerinde uly täsir galdyrdy.

Goşa baýramyň guwanjy

Toý-baýramlary goşa-goşadan gelýän türkmen halky mähriban Arkadagymyzyň saýasynda döwletli döwranyň hözirini görýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan kuwwatlanmagy medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi bilen sazlaşykly utgaşýar. Milli medeniýetimiziň taryhy türkmen halkynyň taryhy ýaly gadymylygy, çuňňur many-mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşleri hil taýdan täze belentliklere çykýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bellenilip geçilen medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň goşa toýunyň dabarasy dag aşdy. Şu sene mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäreleri il-günümize şatlyk-şowhuna beslenen ruhubelentligi paýlady. Aýdym-sazlaryň şirin owazy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary buýsançly ýaňlandy. Şeýle baýramçylyk dabaralaryna kitaphanamyzyň işgärlerem işjeň gatnaşyp, goşa toýuň dabarasynyň dag aşmagyna guwançly goşantlaryny goşdular. Dogrusyny aýtsak, şanly ýylymyzyň bu goşa baýramy ýatdan çykmajak täsir galdyryp, guwanjymyza guwanç goşdy.

Aýdym-sazly Diýarym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň belent sepgitlere ýetmegi üçin möhüm işler amala aşyrylýar. Şeýle-de, medeniýet-sungat işgärlerine işlemek, döretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda gazanylýan ösüş-özgerişlikler biz — medeniýet işgärlerini zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzyň çäginde hem ýokary derejede guralýan dürli çäreler uly ruhubelentlige beslenýär. Şol çärelerde medeniýet işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilýän aýdym-sazlarda Gahryman Arkadagymyzyň, bagtyýar döwrümiziň waspy belentden ýaňlanýar.

Sungat äleminde

Zehin bilen ýugrulan Gurbanguly Berdimuhamedow:

Uly hormatyň eýesi

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ähli pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň milli medeniýeti hem ösüşler, özgerişler ýoly bilen öňe barýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabat şäherinde medeniýet we sungat işgäleri üçin niýetlenen täze döwrebap medeniýet şäherçesiniň gurulmagy ýa-da ýurdumyzyň etrapdyr- -şäherlerinde täze medeniýet öýleriniň, çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Gahryman Arkadagymyz milli medeniýetimizi ösdürmek, ony dünýä ýaýmak boýunça bimöçber işleri amala aşyrýar. Türkmeniň gadymdan gelýän milli aýdym-saz sungaty dutar saz guraly bilen berk baglanşyklydyr. Halkymyzyň gadymy geçmişi, taryhy, milli däp-dessurlary halk aýdym-sazlarynyň üsti bilen beýan edilýär. Dutaryň taryndan çykýan mylaýym owaz kalbyň senasy bolup ýaňlanýar. Çünki, dutar kalbyňa giňlik berýän bir täsin güýçdür. Gadymy geçmişde türkmen topragynda ençeme bagşy-sazandalarymyz hem ýaşap geçipdirler. Olaryň aýdan halk aýdymlary we sazlary bu günki gün milli medeniýetimiziň mizemez baýlygyna öwrüldi. Olar türkmen toýlarynda hem söýlüp diňlenip, halk köpçüliginiň ýüreginde ornamagy başardy. Dürli ýyllarda halk köpçüligine hyzmat eden Garadäli Gökleň, Amangeldi Gönübeg, Kel bagşy, Sahy Jepbarow ýaly ussat bagşy-sazandalarymyz dutary ezberlik bilen çalyp, ençeme halk aýdym-sazlaryny bize miras goýup gidipdirler. Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik sazlaşygy

TÜRKMENABAT, 26-njy iýun (TDH). Şu günler Amyderýanyň kenaryndaky şäher ýurdumyzyň işjeň ösýän hem-de köpöwüşginli döredijilik ruhunda ýaşaýan medeni merkezine öwrüldi. Bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň şu günki maksatnamasyna žurnalistler üçin brifing, usulyýet maslahaty hem-de “Saz rowaýaty” atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi girizildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly duşuşygy Lebap welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda guraldy.

Magtymgulynyň şygryýeti — medeniýet we sungat işgärleri üçin nusgalyk mekdep

AŞGABAT, 27-nji iýun (TDH). Şu gün ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň merkezinde, şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde öz eserlerinde Watanyny wasp eden akyldar şahyryň şygyr ussatlygyna we raýat edermenligine belent sarpanyň nyşany hökmünde gül goýmak dabarasy boldy.

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy — umumadamzat gymmatlygy

AŞGABAT, 26-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyga — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan “Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty” atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ylymlar akademiýasy hem-de Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy. Onuň baş maksady Magtymguly Pyragynyň nusgawy döredijilik mirasyny, milli döwletliligi ösdürmekdäki ornuny hem-de beýik ynsanperwer şahyryň umumadamzat ruhy gymmatlyklar hazynasyna goşan ägirt uly goşandyny wagyz etmekden ybaratdyr.

Goşa toýuň şowhuny

Düýn Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Toý güni welaýatymyzyň oba-kentlerinde, şäherçedir şäherlerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary aýratyn göwün göteriji bolup, olara bagtyýar ildeşlerimiz uly ruhubelentlikde gatnaşdy. ÄNEW. Şäherdäki Medeniýet öýünde TMÝG-niň welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleriniň, welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Medeniýet halkyň kalbydyr» ady bilen saz-söhbetli dabara geçirildi. Oňa medeniýet we sungat ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy.

Milli medeniýetimiziň dabaralanmagy

Düýn eziz Diýarymyzda ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe boldy. Onuň çäginde Lebap welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi hem uly ruhubelentlige beslendi. Medeniýet hepdeliginiň üçünji güni köpöwüşginli çykyşlara baý boldy. Onuň maksatnamasy ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dürli künjeklerinde geçirilen, iň gowy däpleriň, ynsanperwer ýörelgeleriň bitewüligini alamatlandyrýan birnäçe çäreleri öz içine aldy.

Adym geçer ilden-ile

Akyldar şahyrymyzyň «Berkarar döwlet islärin» diýip, ýaşan döwründe eden arzuwy bu gün hormatly Prezidentimiziň saýasynda hakykata öwrüldi. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan türkmen döwleti özüniň häzirki bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň ak ýolunda özüniň bedew bady bilen ynamly öňe barýar» diýip, belleýär. Magtymguly Pyragynyň bugdaý nany ýaly sünnäli setirleri, pir dogasy ýaly jümleleri deňsiz-taýsyz hazynadyr, edebi mirasdyr. Şahyr özüniň gyzyldan gymmatly eserlerinde türkmen halkynyň syýasy-ykdysady durmuşyny, umyt-arzuwlaryny, ähli asylly sypatlaryny şahyrana keşpler arkaly ussatlyk bilen suratlandyrýar. Beýik söz ussadynyň ajaýyp hikmetleri — parasatly sözleri diňe türkmene däl, adamzada hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebi, ýolgörkeziji şamçyragy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň martynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny bellemek barada ýörite Karara gol çekdi. Munuň bilen baglanyşykly dabaralar, uly möçberli çäreler tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Olara gatnaşmak bagty miýesser eden raýatlarymyzda we daşary ýurtlardan gelen myhmanlarda şol dabaralar hem-de çäreler ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi. «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly ylmy maslahata 50-den gowrak döwletden alymlardan, edebiýatçylardan we Magtymgulyşynaslardan ybarat düzümde myhmanlaryň uly topary gatnaşdy. Halkara türk meden

Milli mirasa belent sarpa

Medeniýet adamyň iň gözel häsiýetlerini açmagyň, belent adamkärçilik sypatlaryny kämilleşdirmegiň ajaýyp mekdebidir. Halkyň asyrlarboýy nesilden-nesle geçip gelen pähim-paýhasa, milli ýörelgelere ýugrulan medeni mirasy, dürdäne pikirleri, öwüt-ündewleri milletiň ruhy dünýäsini kemala getirýär. Medeniýet ruhubelentligiň, ahlak arassalygynyň, kämilligiň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz müňlerçe ýyllyk taryhymyzy we däp-dessurlarymyzy, örän baý medeni mirasymyzy, sungatymyzy, edebiýatymyzy öwrenmekde, olary gorap saklamakda hem-de geljekki nesillere ýetirmekde uly alada edýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy, tagallasy bilen türkmen halkynyň medeni we edebi mirasy gözümiziň göreji ýaly goralyp, geljekki nesiller üçin aýalyp saklanylýar. Halkymyz gaýtalanmajak milli mirasy döredip, adamzadyň medeni-ylmy hazynasyna uly goşant goşan dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridir. Her bir halkyň, jemgyýetiň ösüşinde, ruhy taýdan kämilleşmeginde miras geçirijiliginiň ähmiýeti uludyr. Ol her bir halkyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden, saklan, ýaýradan, toplan zähmet, önümçilik, durmuş tejribeleriniň jemidir. Mirasgärligiň esasy mazmuny medeniýetiň ösüşinde geçmişi, şu güni, geljegi biri-biri bilen baglanyşdyryjy serişde bolup durýanlygydyr. Häzirki zaman medeniýetiniň gymmatlyklary, däp-dessurlary ata-babalarymyzyň m

Şanly wakalara beslenen hepde

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyl medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleriniň hepdeligini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şonuň çäginde Medeniýet hepdeligi Lebap welaýatynda ikinji gezek geçirildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen Medeniýet hepdeligi birnäçe şanly wakalara beslendi. Lebap welaýaty ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, ýokary depginler bilen günsaýyn ösýär, özgerýär. Welaýatymyzda diňe soňky ýyllarda ululy-kiçili desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berildi, olaryň ýene-de birnäçesiniň gurluşygy gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.

Kenarynda toý toýlandy Jeýhunyň

Toý lybasynda myhmanlara gujagyn geren Lebap!Amul, Hojaidat galalary, Daýahatyn kerwensaraýy, Astanababa, Alamberdar taryhy ýadygärlikleri bilen dünýä ýaň salan gadymy Lebap!Gojaman Jeýhuny, Köýtendagy bolan gözel tebigatly Lebap!Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen görlüp-eşidilmedik ösüşleri başdan geçirýän Lebap!Toý dabaralary dag aşyp, alyslara ýaň salyp, göwünlere ganat berip, Lebap topragynda geçen hepdede ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly ruhubelentlikde bellenildi. Şol günlere utgaşan, ýalkym saçan, şan beren, toý gerimini giňelden wakalar bolsa, şu günümizi şöhratlandyryp, geljegiň bagtyýarlygyny aýan etdi. Şu döwletli wakalaryň gözli şaýady bolmak — uly bagta eýe bolmakdyr. Şonuň üçin «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň täsirine täsirlenen kalbyň heý joşman durup bilermi?!

Taryh we medeniýet — milli gymmatlyklaryň egsilmez hazynasy

Medeniýet hepdeligi — 2021: dördünji gün LEBAP WELAÝATY, 25-nji iýun (TDH). Şu gün Diýarymyzyň gündogar welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini hem-de kino sungatynyň ýeten sepgitlerini açyp görkezýän dabaralar boldy.

Filmleriň görkezilişi — hepdelikde ilkinji gezek

Şu gezekki Medeniýet hepdeligi ozalkylaryndan birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olaryň biri hem 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli geçirilip gelinýän hepdeligiň taryhynda ilkinji gezek ýurdumyzda surata düşürilen çeper filmleriň görkezilişiniň we kino sungatynyň wekilleri bilen duşuşygyň geçirilmegidir. Düýn Türkmenabat şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýolbaşçysy Arslan Eýeberdiýew bilen söhbetdeş bolduk. — Arslan, ilki bilen, sizi ýetip gelýän hünär baýramyňyz bilen gutlaýarys. Hakykatdan-da, Medeniýet hepdeligi ýatdan çykmajak wakalara beslenýär. Gürrüňimizi kino sungatynyň wekili hökmünde şu hepdeligiň geçirilişi baradaky pikirleriňizden başlaýsak!

Baran ýeri alaýaz

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow hakynda kelam Bize halypa ýazyjy, görnükli jemgyýetçilik işgäri Täçmämmet aga bilen bile işleşmek, saparlarda ýoldaş bolmak köp gezek miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen rowaç alan Medeniýet hepdeliklerine-de, daşary döwletlerde geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günlerine-de halypa ýazyjy bilen ençeme gezek gatnaşdyk. Olaryň arasynda «Awaza — 2012» atly halkara sergi, sungat festiwaly we ylmy maslahat, Halkara çagalar festiwaly, şeýle-de ilkinji gezek, ýagny 2013-nji ýylyň 24 — 30-njy iýunynda Awazada geçirilen Medeniýet hepdeligi, Türkiýede geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri bar.

Medeniýetiň, sungatyň ýalkym saçýan şuglasy

Medeniýet we sungat ynsanyň ruhuna nur çaýýar. Ruhy taýdan sagdyn, kämil adam jemgyýeti bezeýär, uly işleri durmuşa geçirmäge ukyply bolýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýetiň, sungatyň ösmegine, kämilleşmegine, baýlaşmagyna, döwrebaplaşmagyna uly üns berilýär. Medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan işler halkymyzyň medeni baýlyklaryna doly buýsanmagyna, şahsyýetiň ruhy hem-de ahlak taýdan kemala gelmeginiň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, durmuş we ykdysady ösüşlerde medeniýetiň täsirini has-da güýçlendirmäge, döwrebap sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak arkaly ulgamyň işiniň netijeliligini we hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gelýän, dünýä medeniýetine saldamly goşant goşan medeni mirasymyzy geljekki nesiller üçin gorap saklamak, ony ylmy jähetden öwrenmek üçin uly aladalar edilýär. Şeýle hem medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerini höweslendirmek maksady bilen bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň indi yzygiderli yglan edilmegi täze-täze zehinleriň kemala gelmegine uly ýardam edýär. Güneşli Diýarymyz dünýä döwletleri bilen ysnyşykly medeni gatnaşyklary pugtalandyrýar hem-de medeniýet, sungat köprüsini gurup, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşy

Köňülleriň ylhamy

Medeniýet döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni bolmak bilen, halkymyzyň şöhratly taryhynyň dowamynda gazanan üstünliklerini, ýeten derejelerini hem-de umumadamzat medeniýetine goşan goşandyny özünde jemleýär. Şonuň üçin hem milli Liderimiziň belleýşi ýaly, adamzadyň ruhy-ahlak, edep ýörelgelerini, ynsanperwerligi, tämiz ruhy, sagdyn ahlagy ündeýän milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz buýsanmaga, taryp etmäge, dünýä ýaýmaga mynasypdyr. Halkymyz tarapyndan irki döwürlerde döredilip, kämil derejelere ýetirilen milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy aýap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde hemmelere görelde bolýan milli Liderimiziň ulgamy ösdürmekde, täze derejelere çykarmakda amala aşyrýan işleri örän uludyr. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň taryhyny içgin öwrenmäge, kämilleşdirmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge üns-ähmiýet berlip, munuň üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlan, ähli şert-mümkinçilikleri özünde jemleýän kitaphanalary, muzeýleri, medeniýet öýleridir çagalar çeperçilik, sungat mekdeplerini medeniýetimizi ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň hatarynda görkezmek bolar.

Geçmişden geljege nazarly bina

Türkmen halkynyň milli medeniýeti öz gözbaşyny müňýyllyklaryň akabasyndan alýandygy bütin dünýä aşgär hakykat. Döwlet Baştutanymyzyň milli medeniýetimizi öwrenmek, dünýä ýaýmak, ony aýawly saklamak hakynda edýän aladalarynyň netijesinde bu gün türkmeniň milli medeniýetiniň sarpasy belent tutulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiz ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda özüniň döwrebap öwüşginine eýe bolýar. Biz muňa Lebap welaýatynda täze gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň keşbinde hem göz ýetirip bileris. 23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde täze gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi. Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşyladylar. Binanyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň gündogar sebitiniň birleşen döredijilik toparlarynyň köpöwüşginli sahna çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz bäş welaýatyň, paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, täze ajaýyp binany açdy.