"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

«Pan­to­ne»: 2025-nji ýy­lyň reň­ki saý­lan­dy

«Pan­to­ne» ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy çär­ýek asyr­dan gow­rak wagt bä­ri ýy­lyň reň­ki­ni saý­la­mak dä­bi­ni do­wam et­di­rip gel­ýär. «Pan­to­ne» ta­ra­pyn­dan gel­jek ýy­lyň reň­ki «ewo­ka­tiw ýum­şak go­ňur» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan «PAN­TO­NE 17-1230 Mocha Mo­us­se» saý­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri bu reň­ke «duý­gur we ra­hat­lan­dy­ry­jy ýy­ly­lyk be­ri­ji go­ňur reňk» di­ýip ba­ha ber­ýär­ler. Ka­kao, şo­ko­lad we ko­fe­niň ýa­kym­ly duý­gu­sy­ny ber­ýän bu reňk ada­my ra­hat­lan­dyr­ýar. «Pan­to­ne» reňk ins­ti­tu­ty her ýy­lyň de­kabr aýyn­da in­di­ki ýyl üçin haý­sy­dyr bir reň­ki saý­la­ýar. Bu ýyl 26-njy ge­zek gel­jek ýy­lyň reň­ki­ni mä­lim eden «Pan­to­ne» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri ýum­şak go­ňur reň­kiň mo­da äle­min­de, di­zaýn iş­le­rin­de, pop me­de­ni­ýe­tin­de we adam psi­ho­lo­gi­ýa­syn­da uly orun eýe­le­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Il­kin­ji ge­zek 1999-njy ýyl­da ýy­lyň reň­ki saý­la­nyp, «Sky Blue» şol ýy­lyň reň­ki bo­lup­dy. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň reň­ki «Pan­to­ne 13-1023 Peach Fuzz» bo­lup, ýy­ly mä­mi­şi öwüş­gin­de şöh­le­len­dir­di.

«Ber­ni­na Express» meş­hur ot­ly sy­ýa­ha­ty

Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da soň­ky ýyl­lar­da üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri hem ot­ly sy­ýa­hat­la­ry­dyr. Me­ge­rem, köp adam ot­lu­ly bir­nä­çe ýur­dy aý­lan­ma­gy, ýo­lug­ra şä­her gö­zel­lik­le­ri­ni we owa­dan te­bi­ga­ty syn­lap git­me­gi ha­la­ýan bol­sa ge­rek. Ot­ly sy­ýa­hat­la­ryn­da «Em­pi­re Bu­il­der», «The Ghan», «Bel­mond Hi­ram Bing­ham», «Qing­hai-Ti­bet Ra­il­way» öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. «Ber­ni­na Express» hem meş­hur ot­ly sy­ýa­hat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, Ita­li­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň er­te­ki ýa­ly owa­dan­lyk­la­ry­ny syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Iki gap­da­ly giň pen­ji­re­ler bi­len ör­tü­len gy­zyl wa­gon­lar daş-tö­we­re­gi syn­lap git­mek üçin ni­ýet­le­nip­dir. Pa­no­ra­mik wa­gon­da­ky lýuks otur­gyç­da otu­ryp, buz­luk­la­ry, köl­le­ri syn­lap, tun­nel­ler­den we köp­rü­ler­den ge­çip bar­şy­ňa özü­ňi film­ler­dä­ki ýa­ly duý­ýar­syň. Şweý­sa­ri­ýa­nyň Çur şä­he­rin­den ýo­la dü­şen ot­ly sy­ýa­ha­ty Ba­zel, Sýu­rih, Alp dag­la­ryn­dan ge­çip, Mi­lan­dan Ti­ra­no (Ita­li­ýa) şä­he­ri­ne bar­ýar. Dün­ýä­niň iň dik ga­ýa­la­ryn­dan geç­ýän «Ber­ni­na Express» ot­ly sy­ýa­ha­ty 4 sa­gat do­wam ed­ýär. Ot­ly ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len 122 ki­lo­metr­lik de­mir ýol­dan ýö­räp, 196 köp­rü­den, 55 tun­nel­den, be­lent­lik­ler­den, gar­ly dag ge­riş­le­rin­den we he­mi­şe gök öw­süp otu­ran

Taryhda şu gün

1972-nji ýy­lyň 11-nji de­kab­ryn­da ame­ri­kan ast­ro­nawt­la­ry Ýu­jin Ser­nan we Har­ri­son Şmitt XX asyr­da kos­mos gä­mi­si­niň (Apol­lon 17) Aýyň üst­ki gat­la­gy­na al­tyn­jy we soň­ky ge­zek go­nu­şy­ny ama­la aşyr­dy­lar. Aý mo­du­ly­nyň Aýyň üs­tün­de gal­ma­gy­nyň umu­my do­wam­ly­ly­gy 75 sa­ga­da deň bol­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Ga­za­gys­ta­nyň ila­ty art­ýar. Ga­za­gys­ta­nyň ila­ty 2024-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da 20 mil­li­on 244 müňe golaýlady. Mil­li sta­tis­ti­ka gul­lu­gy­nyň mag­lu­mat­la­ryna gö­rä, ýurtda şä­her ila­ty 12,727,404 ada­ma, oba ila­ty 7,516,577 ada­ma deň. Gö­ge uza­ýan bas­gan­çak­lar. Hy­taý­da ýi­ti duý­gu­la­ry ha­la­ýan­la­ra be­ýik­li­gi 1,5 müň metr­lik bas­gan­çak­dan ýö­räp ýo­ka­ry çyk­mak tek­lip edil­ýär. Ho­puk­dy­ry­jy ýo­ly di­ňe ýü­rek­li­ler geçip bilýärler. «As­man bas­gan­ça­gy» att­rak­sio­ny Si­sin da­gyn­da gu­rul­dy. 168 metr­lik uzyn­lyk­da­ky des­ga iki ga­ýa­nyň ara­syn­da ber­ki­di­lip, 50 de­re­je gy­şa­ryp gid­ýär.

Belent binanyň gurluşygyna badalga berildi

Hy­ta­ýyň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän Şenç­žen şä­he­rin­de «Chi­na In­ter­na­tio­nal Ma­ri­ne Con­tai­ners Group» (CIMC) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze ştab-kwar­ti­ra­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Be­ýik­li­gi 270 metr bo­lan ägirt uly bi­na­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy di­ňiň için­de bir­nä­çe gat­dan yba­rat jem­gy­ýet­çi­lik üçin ni­ýet­le­nen ýa­şyl zo­lak bo­lar. Ka­şaň bi­na­da dür­li ofis­ler, şeý­le hem 60 müň­den gow­rak iş­gär üçin ni­ýet­le­nen söw­da we kon­fe­ren­si­ýa otag­la­ry ýer­le­şer. Bi­na­da­ky ýa­şyl zo­lak iş­gär­le­re da­şa­ry çyk­man gü­nor­tan­lyk ara­kes­me­sin­de te­bi­gat­da dynç al­ma­ga we Sýan­haý aý­la­gy­nyň pa­no­ra­ma­ly gör­nüş­le­ri­ne to­ma­şa et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le hem be­lent bi­na­nyň üçe­gin­de bag­lar bo­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, bu bi­na yşyk­lan­dy­ryş üçin ener­gi­ýa sarp edi­li­şi­ni azalt­mak, ýa­gyş suw­la­ry­ny ýyg­na­mak we ga­lyn­dy­la­ry aras­sa­la­mak mak­sa­dy bi­len «akyl­ly» sen­sor ul­gam­la­ry bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lar. Tas­la­ma daş­ky gur­şa­wa ze­per ýe­tir­mez we se­riş­de­le­ri tyg­şyt­lar. Bi­na­nyň gur­lu­şy­gy­ny 2029-njy ýyl­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

ÝHHG-niň tä­ze Baş sek­re­ta­ry

Tür­ki­ýä­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň öň­ki baş­ly­gy we Tür­ki­ýä­niň BMG-dä­ki öň­ki he­mi­şe­lik we­ki­li Fe­ri­dun Si­nir­li­og­lu Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (ÝHHG) tä­ze Baş sek­re­ta­ry bol­dy. «ÝHHG-niň tä­ze ýol­baş­çy­la­ry­ny gut­la­ýa­rys. Fe­ri­dun Si­nir­li­og­lu (Tür­ki­ýe) – Baş sek­re­tar. Ma­ri­ýa Te­la­li­an (Gre­si­ýa) – De­mok­ra­tik gu­ra­ma­lar we adam hu­kuk­la­ry eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy, Kris­tof Kamp (Ni­der­land­lar) – ÝHHG-niň mil­li az­lyk­la­ryň işi bo­ýun­ça ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry, Ýan Bra­tu (Nor­we­gi­ýa) – Ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň azat­ly­gy bo­ýun­ça we­kil» di­ýip, gu­ra­ma­nyň hä­zir­ki baş­ly­gy Mal­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ýan Borg X sa­hy­pa­syn­da­ky ak­ka­un­dyn­da ýaz­dy.

Ýerasty muzeýe öwrülen metro

Gre­si­ýa­nyň ikin­ji uly şä­he­ri Sa­lo­ni­ki­de gur­lu­şy­gy 20 ýyla golaý do­wam eden met­ro işe gi­ri­zil­di. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na Gre­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ka­te­ri­na Sa­kel­la­ro­pu­lu, Prem­ýer-mi­nistr Ki­ria­kos Mi­so­ta­kis, hö­kü­met ag­za­la­ry we sy­ýa­sat­çy­lar gat­naş­dy. Sa­lo­ni­ki met­ro­sy 13 stan­si­ýa­ny we 9,6 ki­lo­met­re uza­ýan ýo­ly öz içi­ne al­ýar. Sa­lo­ni­ki özü­niň met­ro ul­ga­my bi­len Afi­ny­dan soň ýurt­da ikin­ji şä­her bol­dy. Metronyň her ugur boýunça sagatda 18 müňe çenli ýolagçy gatnatmak mümkinçiligi bolup, her günde, takmynan 254 müň ýolagça hyzmat edip biler. Şeýle hem bu metrony 2040-njy ýyla çenli 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän halkara howa menziline çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Hä­ki­mi­ýet­ler bu met­ro­ny Ýew­ro­pa­da iň döw­re­bap met­ro di­ýip ba­ha ber­ýär­ler, se­bä­bi bu ýer­de 18 sa­ny ot­ly sü­rü­ji­siz, di­ňe hyz­mat­çy­la­ryň ýar­da­my bi­len he­re­ket edýär.

BBC: yl­ham ber­ýän 100 ze­nan

BBC kor­po­ra­si­ýa­sy dün­ýä­niň yl­ham be­ri­ji we tä­sir­li 100 ze­na­nynyň bu ýyl­ky sa­na­wy­ny mä­lim et­di. 2024-nji ýy­lyň sa­na­wy­na alym­lar, sy­ýa­sat­çy­lar, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri, tür­gen­ler we sun­gat iş­gär­le­ri gir­di. Sa­na­wa gi­ren­le­riň ara­syn­da No­be­liň fi­zio­lo­gi­ýa we luk­man­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si, ame­ri­ka­ly bio­hi­mik Ka­ta­lin Ka­ri­ko, şeý­le hem No­be­liň pa­ra­hat­çy­lyk bo­ýun­ça baý­ra­gynyň eýe­si, adam hu­kuk­la­ry­ny go­raý­jy yrak­ly Na­di­ýa Mu­rad bar. Tür­gen­le­riň ara­syn­da ame­ri­ka­ly bel­li ýe­ňil at­le­ti­ka­çy El­li­son Fe­liks, Olim­pi­ýa me­da­ly­nyň al­ty­sy­ny ga­za­nan bra­zi­li­ýa­ly gim­nas­ti­ka­çy Re­be­ka And­ra­de, ow­gan pa­rat­hek­won­do­çy Za­ki­ýa Hu­da­da­di, şeý­le hem Pa­riž Olim­pia­da­sy­na alyp ba­ran mah­mal pi­li bi­len jem­gy­ýet­çi­lik tor­la­ry­nyň ün­sü­ni çe­ken gü­nor­ta ko­re­ýa­ly aty­jy Kim Ýe Ji bar.

Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň (СOP16) çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň bu mas­la­hat­da dün­ýä­de we se­bit­de suw­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da suw me­se­le­si bo­ýun­ça köp­ta­rap­ly dia­lo­gyň ne­ti­je­si kes­git­le­nen­de oňa gat­na­şy­jy­la­ryň iki sa­ny esa­sy düz­gü­ne, ýag­ny suw se­riş­de­le­ri­niň aýaw­ly ula­nyl­ma­gy­na hem-de ada­lat­ly paý­la­nyl­ma­gy­na gür­rüň­siz eýer­me­li­di­gi ba­ra­da bel­läp geç­di. Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz suw me­se­le­sin­de üç mö­hüm ka­da­dan ugur al­ma­ly­dy­gy­na ynan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­la­ryň bi­rin­ji­si – hal­ka­ra hu­ku­gyň ber­jaý edil­me­gi. Suw se­riş­de­le­ri umu­my baý­lyk­dyr, onuň ula­nyl­ma­gy umu­my yk­rar edi­len ka­da­lar, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň kon­wen­si­ýa­sy esa­syn­da düz­gün­leş­di­ril­me­li­dir. Ikin­ji­si – öza­ra bäh­bit­le­riň ha­sa­ba alyn­ma­gy. Ka­bul edil­ýän çöz­güt­ler se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri­niň ze­rur­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tut­ma­ly­dyr. Di­ňe şeý­le çe­me­leş­me ada­lat­ly­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün edip bi­ler. Üçün­ji­s

Türk­me­nis­tan-BMG: tä­ze ka­rar­na­ma­lar we tä­ze se­bit mer­kez­le­ri

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si has-da be­len­de gal­ýar. Dün­ýä­niň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şul­ýan hem-de özü­niň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­ýän ýur­du­myz bü­tin dün­ýä­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mä­ge we iş­jeň­leş­dir­mä­ge my­na­syp go­şant go­şup, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gi we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi ug­run­da ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ne do­ly gü­wä geç­ýär. 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­di. 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da türk­men hal­ky ýe­ne-de bir hoş ha­ba­ra şa­ýat bol­dy, ýag­ny BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ikin­ji ge­zek ka­bul et­di. 2017-nji

Ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir

Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki ab­raý-mer­te­be­si­niň bar­ha gi­ňel­me­gi, dün­ýä döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da ýyg­jam­laş­ma­gy, da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň da­ba­ra­lan­ma­gy we bu ugur­la­ry gel­jek­de has-da ös­dür­mek ug­run­da­ky mak­sat­na­ma­lar dö­wür­deş ýaş­la­ry­myz­dan dün­ýä dil­le­ri­ni iç­gin öw­ren­mek­li­gi ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ret­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy hem şol mak­sa­da gö­nük­di­ri­len­dir. Ag­za­lan Kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry or­naş­dy­ryl­ýar. Bu ugur­da­ky ta­gal­la­lar ýaş nes­le bi­lim-ter­bi­ýe ber­me­giň, ene di­li­miz bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni üz­nük­siz okat­ma­gyň bi­te­wi ul­ga­my­ny eme­le ge­tir­mek­de, ony hil taý­dan dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak­da mö­hüm bo­lup dur­ýar.

Beýik işlere buýsanç

Ýur­du­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş ne­sil ba­ra­da­ky ala­da döw­le­ti­miz­de esa­sy we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýaş­la­ryň uly üns-ala­da bi­len gur­şal­ma­gy, ola­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi, dö­ret­me­gi, gur­ma­gy, sag­dyn ruh­ly, berk be­den­li bo­lup ýe­tiş­me­gi, hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­me­gi ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­lar bi­zi has-da be­gen­dir­ýär, buý­san­dyr­ýar. El­bet­de, ýaş nes­liň kä­mil­li­gi di­ýil­se, il­ki bi­len, bi­lim ul­ga­myn­da­ky şert­ler göz öňüňde jan­lan­ýar. Ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, olar­da ze­rur en­jam­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy, okat­ma­gyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we usu­ly­ýet­le­ri­niň işe gi­ri­zil­me­gi ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gyn­da, saý­lap alan hü­när­le­ri bo­ýun­ça bi­lim­le­ri­ni art­dyr­ma­gyn­da, ola­ry ylym­ly-bi­lim­li, wa­tan­sö­ýü­ji, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly edip ýe­tiş­dir­mek­de mu­gal­lym­la­ra ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­de ta­lyp­la­ry ýe­tiş­dir­me­giň jo­gap­kär­çi­li­gi uly bo­lup, biz ― mu­gal­lym­lar ta­lyp ýaş­la­ry­my­zyň ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­ly hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da ta­gal­la­

Öz­bo­luş­ly bi­na gur­lar

Al­ba­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Ti­ra­na­da bir des­ga­da jem­le­nen üçek­li jaý­lar top­lu­my­na ça­lym ed­ýän bi­na gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Net­work of Archi­tectu­re» di­zaýn kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len tas­la­ma «Ti­ra­na­nyň tap­ma­ça­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bi­na­nyň be­lent­li­gi 71 metr, tut­ýan meý­da­ny 75-25 metr tö­we­re­gi bo­lar. Şä­he­riň we oba­nyň jaý gur­lu­şy­gyn­da­ky usu­ly­ýe­tiň ut­gaş­ma­sy­ny özün­de jem­le­ýän bi­na da­şyn­dan se­re­de­niň­de köp san­ly ki­çi­jik jaý­la­ry jem­le­ýän ýa­ly gö­rünýar. Bu des­ga köp ugur­ly bo­lar. 1-n­ji gatda ýe­ras­ty aw­tou­lag du­ral­ga­sy bi­len bir­lik­de tä­jir­çi­lik jaý­la­ry, ýo­kar­da bol­sa myh­man­ha­na­lar we öý­ler ýer­le­şer. Binada 7-n­ji gat­dan 16-n­jy ga­ta çen­li 158 sa­ny öýüň bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Iň ýo­kar­ky üç ga­ty pent­ho­us­lar eýe­läp, olar bi­ri-bi­rin­den bag­lar ar­ka­ly bö­lü­ner.

Abat­la­mak üçin tä­ze usul dö­re­dil­di

Alym­lar to­pa­ry eme­li aň ar­ka­ly ta­ry­hy ta­pyn­dy­la­ryň, şol san­da heý­kel­le­riň jaý­ry­lan we döw­len ýer­le­ri­ni abat­la­ma­gyň tä­ze usu­ly­ny oý­lap tap­dy­lar. Köp­lenç ze­per ýe­ten me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler kö­ne su­rat­lar ar­ka­ly di­kel­dil­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň hem-de Hy­ta­ýyň alym­lar to­pa­ry abat­la­mak mak­sa­dy bi­len 3D ar­ka­ly köp ugur­ly neý­ron ul­ga­my­ny dö­ret­di­ler. Bu usul ada­ty teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň di­kel­dip bil­me­jek aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny, çuň­luk­la­ry­ny we jik­me-jik­lik­le­ri­ni tä­ze­den dö­re­dip bil­ýär. Alym­la­ryň pi­ki­ri­çe, hä­zir­ki ga­za­ny­lan abat­la­ýyş ta­kyk­ly­gy 95 gö­te­ri­me deň bol­dy, ýö­ne 2D şe­kil­ler­dä­ki çuň­lu­gyň ga­ty gy­syl­ma­gy se­bäp­li heý­ke­liň ýü­zün­dä­ki we be­zeg­ler­dä­ki kä­bir jik­me-jik­lik­ler gö­rün­me­ýär­di. Ýö­ne tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­nyň ula­nyl­ma­gy bi­len di­kel­diş ta­kyk­ly­gy­nyň ep-es­li go­wu­la­nan­dy­gy bel­li bol­dy.

Hal­ka­ra olim­pia­da­lar – üs­tün­lik­le­riň göz­ba­şy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap kä­mil­leş­dir­mek, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň gel­je­gi bo­lan ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, wa­tan­sö­ýü­ji, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da tu­tum­ly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da ta­lyp ýaş­la­ra bi­lim ber­mek, yl­my ga­ra­ýyş­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz esa­syn­da hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­ti­ne mah­sus şah­sy­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek we ola­ryň hü­nä­ri­niň ha­ky­ky eýe­si bol­mak üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim sy­ýa­sa­ty­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Berkarar döw­le­ti­miz­de Gahryman Arkadagymyzyň we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­lim öz­gert­me­le­ri esa­syn­da bi­li­miň hi­li tä­ze de­re­je­le­re çyk­ýar. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ders, tas­la­ma we yl­my bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Bu asyl­ly däp «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hem hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň, olim­pia­da­la­ryň we bäs­le­şik­le­riň üs­tü­ni ýe­tir­ýär hem-de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gin­dä­ki my­na­syp or­nu­ny has-da ber­k

Sport­da ýe­ňiş­le­re bes­le­nen ýyl

Ta­mam­la­nyp bar­ýan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň aja­ýyp sport üs­tün­lik­le­ri mil­li spor­tu­my­zy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­mak ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ne­ti­je­li iş­le­riň mi­we­si­dir. El­bet­de, mu­nuň mil­li spor­tu­my­zyň ta­ry­hy ýe­ňiş­le­re uza­ýan ýo­lu­nyň bin­ýa­dy­ny go­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de şol döw­let­li baş­lan­gyç­la­ry my­na­syp do­wam et­dir­ýän hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len bag­ly­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Iri sport mer­ke­zi hök­mün­de uly ab­raý­dan peý­da­lan­ýan Wa­ta­ny­my­zyň eýe bo­lan be­lent sep­git­le­ri diý­seň buý­san­dy­ry­jy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň hal­ka­ra yk­rar­na­ma­sy­na eýe bol­ma­gy Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­nyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi hem şeý­le wa­ka­la­ryň bi­ri hök­mün­de göw­nü­mi­zi gal­kyn­dyr­dy.

Türk­men-türk gat­na­şyk­la­ry iş­jeň ös­dü­ril­ýär

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­ny­lyp, dün­ýä halk­la­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk­lar ös­dü­ril­ýär. Bu ugur­da ýur­du­my­zyň iň ýa­kyn hyz­mat­daş­la­ry­nyň bi­ri hem Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­dyr. Da­şa­ry ýurt­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň çä­gin­de iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Bu ba­bat­da hem Tür­ki­ýe bi­len Türk­me­nis­ta­nyň gat­na­şyk­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­le­re çy­ka­ry­lan­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ýur­du­myz­da ýüz­ler­çe türk kom­pa­ni­ýa­la­ry iş­le­ýär. Iri türk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ýur­du­myz­da müň­ler­çe önüm­çi­lik we me­de­ni dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Türk­me­nis­tan­da we Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­syn­da hal­ka­ra ser­gi­ler hem-de işe­wür mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň ýa­ly mö­hüm çä­re­le­ri ge­çir­mek in­di iki ýur­duň ara­syn­da asyl­ly dä­be öw­rül­di. Ýa­kyn­da paý­tag­ty­myzda ge­çi­ri­len Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň eks­port ha­ryt­la­ry­nyň ser­gi­si hem mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Türk­men-türk işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ryn­da gur­lu­şyk pu­da­gyn­da uzak ýyl­lar­dan bä­ri al­nyp ba­ryl­ýan öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­ga aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Şun­da türk kom­pa

ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

We­na­nyň «Würs­tels­tand» şöh­lat dü­kan­ça­la­ry Awst­ri­ýa­nyň me­de­ni mi­ra­sy­nyň bir bö­le­gi hök­mün­de yk­rar edi­lip, ÝU­NES­KO-nyň Bütindünýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. «Würs­tels­tand» on­lar­ça ýyl bä­ri ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň we ja­han­keş­de­le­riň ýyg­nan­ýan ýe­ri bo­lup dur­ýar. Bu dü­kan­ça­lar dür­li jem­gy­ýet­çi­lik gat­lak­la­ry­na de­giş­li şä­her­li­le­riň bir­leş­me­gi­niň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rül­di. Ýer­li ýa­şaý­jy­lar şöh­lat dü­kan­ça­la­ra di­ňe bir gar­ban­mak üçin ýer däl-de, şa­dy­ýan­ly­gyň jem­le­nen ýe­ri hök­mün­de ba­ha ber­ýär­ler. Il­kin­ji şöh­lat dü­kan­ça­la­ry Bi­rin­ji ja­han ur­şy gu­ta­ran­dan soň ga­zanç et­me­giň ýol­la­ry­ny göz­le­ýän öň­ki es­ger­ler ta­ra­pyn­dan açyl­ýar. Şä­he­riň iň kö­ne dü­kan­ça­sy «Würs­tels­tand Leo» 1928-nji ýyl­dan bä­ri hyz­mat ed­ýär. Kerwen Hanberdiýew,

In­ter­net ru­hy sag­ly­ga peý­da­ly

Gon­kong uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry in­ter­ne­tiň ýa­şy du­rug­şan adam­la­ryň ru­hy taý­dan sag­ly­gy­na ed­ýän tä­si­ri­ni öw­ren­di­ler. Olar mu­nuň üçin dür­li ýurt­lar­da ýa­şa­ýan 87 müň 559 ada­myň sag­lyk ýag­daý­la­ry­ny sel­jer­di­ler. Ne­ti­je­de, glo­bal to­ry ulan­ýan gar­ry­la­ryň göw­nü­çök­gün­li­ge du­çar bol­mak äh­ti­mal­ly­gy­nyň az­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu bar­lag «Na­tu­re Hu­man Be­havior» (NHB) yl­my žur­na­lyn­da çap edil­di. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da in­ter­ne­ti ulan­ýan gar­ry­lar öz­le­rin­de göw­nü­çök­gün­lik ala­mat­la­ry­nyň az­dy­gy, ulan­ma­ýan­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, öz­le­ri­ni has oňat duý­ýan­dyk­la­ry ba­ra­da ha­bar be­rip­dir­ler. Al­ty ýyl do­wam eden bar­lag­lar­da in­ter­net ulan­ma­gyň gar­ry­la­ryň göw­nü­çök­gün­li­gi­ni azald­ýan­dy­gy, öz­le­ri­ni duý­şu­ny go­wu­lan­dyr­ýan­dy­gy, ola­ryň dur­muş­dan ka­na­gat­lan­ma tap­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy.

Ga­dy­my yba­dat­ha­na ta­pyl­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň Týu­bin­gen uni­wer­si­te­ti­niň ar­heo­log­la­ry Mü­sü­riň Sy­ýa­hatç­lyk we ga­dy­my­ýet mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de hä­zir­ki So­hag şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky ga­dy­my At­ri­bis şä­he­rin­den ga­ýa­nyň ýü­zün­de oýu­lyp gur­lan uly daş yba­dat­ha­na­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Pto­le­meý VIII (mi­la­dy­dan öň­ki II asyr) döw­rün­de gur­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýan yba­dat­ha­na ga­dy­my Mü­sü­riň bi­na­gär­li­gi­ni we di­ni däplerini ýü­ze çy­kar­ýan mö­hüm açyş­dyr. 2012-nji ýyl­da baş­la­nan ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de eý­ýäm 51 metr giň­lik­dä­ki yba­dat­ha­na top­lu­my­nyň bö­lek­le­ri ýü­ze çy­ka­ryl­dy. 18 metr be­ýik­lik­dä­ki gi­rel­gä­niň ag­zyn­da­ky diň­ler bö­lek­le­ýin sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Diň­le­rin bi­rin­de ar­heo­log­lar uzyn­ly­gy 6 metr we ini 3 metr bo­lan ota­gy tap­dy­lar. Şeý­le hem bar­lag­çy­lar ýo­kar­ky ga­ta çy­kyl­ýan bas­gan­ça­gy tap­dy­lar. Bu ta­pyn­dy­lar yba­dat­ha­na bi­na­gär­çi­li­gi­ni we Pto­le­meý eý­ýa­my­nyň di­ni däp­le­ri­ni öw­ren­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler aç­ýar. Aga­my­rat GUR­BAN­GEL­DI­ÝEW,