"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mähriban halkymyzyň eziz Diýarymyza bolan buýsanjyna buýsanç goşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy belleniljek ýylda ýurdumyz döretmegiň we gurmagyň ýoly bilen öňe gidip, bedew batly ösüşleriň has-da belent sepgitlerine eýe bolar. Özygtyýarlylyk, erkinlik, asudalyk, parahatçylyk ýaly jümleleriň ählisi hem «Garaşsyzlyk» diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hut şol ýörelgelerden binýat bolandyr. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyna merdana ata-babalarymyzyň abadan, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuw-islegleri siňendir. Arzuwlar belent maksatlara öwrülende beýik işler amala aşýar hem-de dünýäni haýrana goýýar.

Milli demokratiýanyň täze ýalkymy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan mukaddes ýörelgeleri netijesinde parahatçylyksöýüjilikli, döredijilikli ösüşler bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetiň asudalygyny hem-de agzybirligini üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň we hukuk döwletiniň esaslaryny berkarar etmäge gönükdirilen demokratik ýoly saýlap aldy. Geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy mejlise gatnaşyjylara hödürlenildi. Bu hukuk resminamasy Halk Maslahatynyň karary bilen biragyzdan makullanyldy we Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň iki palataly Parlament ulgamyna geçmek bilen bagly başlangyjy syýasy-hukuk özgertmeleriň täze tapgyryny alamatlandyryp, ýurdumyzyň syýasy we jemgyýetçilik ulgamynyň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Şunuň bilen baglylykda «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly

Döwletliligiň egsilmez güýji

Şu ýyl biz hemişelik Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda milli Liderimiziň töweregine has-da jebisleşip, giňden we dabaraly ýagdaýda belläris. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk güni mähriban halkymyz üçin aýratyn taryhy senedir. Bu senede berkarar Watanymyzyň şöhratly taryhy, üstünliklere beslenen häzirki güni hem-de beýik geljegi şöhlelenýär. Çünki şol gün halkymyzyň asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özygtyýarly, Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-maksatlary hasyl boldy.

Watansöýüjiligiň nusga alarlyk göreldesi

Ähli döwürlerde-de Watan goragy mukaddes we jogapkärli borç hasap edilipdir. Türkmen halkynyň taryhyny açyp görkezýän çeşmeler ene topragy duşmanlardan goramak, ilatyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin gerçekleriň janyny aýamandyklaryna şaýatlyk edýär. Halk gahrymanlaryny hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Olaryň atlary ebedileşdirilýär, bitiren hyzmatlary adamlaryň ýadynda müdimi ýaşaýar, görkezen gaýduwsyzlyklary bu günki Watan goragçylary üçin görelde bolup hyzmat edýär. Ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly ýaşlar bu gün ýurdumyzyň goragynda berk durýarlar. Hormatly Prezidentimiz olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda hemişe aladalanýar. Milli goşunyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy, Watan goragçylary üçin ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hut ýakynda hem Kerki serhet birikmesinde serhet galasynyň täze binasy we serhetçiler üçin ýaşaýyş jaý toplumy ulanylmaga tabşyryldy.

Saglygyň sakasy — arassaçylyk

TMÝG-niň Balkanabat şäher geňeşiniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Saglygyň sakasy — arassaçylyk» ady bilen wagyz-ündew duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan ýurdumyzda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň hem-de dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan göreş çäreleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Ilatyň, şol sanda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň döwletimizde ynsan saglygynyň ileri tutulýandygyna doly şaýatlyk edýändigini çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, çykyşlarda dogry iýmitlenmegiň, arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmegiň we bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň saglygyň girewidigi nygtaldy. Jemgyýetçilik ýerlerinde iki metr howpsuz araçägi saklamak, agyz-burun örtüklerini dakynmak, elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak, düzüminde ýokumly maddalar bolan gök-miwe önümlerini köpräk iýmek talyplara maslahat berildi.

Ýörelgämiz — dost-doganlyk

Hormatly Prezidentimiziň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek baradaky Kararnamasynyň kabul edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi, Bitarap döwletiň Baştutany hökmünde çykyş edýän türkmen Lideriniň öňe sürýän taglymatlarynda öz beýanyny tapýar.

Parahatçylygyň röwşen ýoly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýyllarymyz biri-birinden zyýada gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem turuwbaşdan ata Watanymyzyň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşýan taryhy wakalara beslenýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy hökmünde, goňşy Owganystan döwletiniň Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, şeýle-de Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalar boldy. Azerbaýjan Respublikasy bilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi bolsa türkmen-azerbaýjan dostluk-doganlygynyň, hyzmatdaşlygynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň häzirki zaman şertlerinde barha rowaçlanýandygynyň aýdyň görkezijisi boldy.

Başlaryň täji sen, diller senasy, Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Aýdyma aýlanan şäher

Şu günler Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparlaryny amala aşyryp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurlup, ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşýar. Döwrümiziň döredijilik hem gurujylyk kuwwatyny açyp görkezýän ol desgalar baş şäherimiziň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar. Hormatly Prezidentimiziň 25-nji ýanwardaky paýtagtymyza iş sapary wagtynda Aşgabat baradaky aýdymlardan söz açmagy ýüreklere ýakym, söýgi, buýsanç bolup siňdi. Munuň gözbaşynda milli Liderimiziň aýdym ýaly ýüregi, paýtagt şäherimize egsilmez söýgüsiniň üsti bilen, ähli halkymyza, Watanymyza Ogullyk söýgüsi durandyr. Söýgi, yhlas siňdirilip gurulýandygy üçin Aşgabat sungat şäherine öwrülýär, gözellige beslenýär. Diňe söýgi gatylansoň, ol hakdaky aýdymlar ganat açyp, ýüreklere ýetýär.

AŞGABAT

Gara SEÝITLIÝEW Beslenip gelende baharyň çagy,Ýaşyl don geýiner Pöwrize dagy.Altyn çeşme atly akar bulagy,Şirin-şerbet üste içer Aşgabat,Gün-günden güýç alyp, öser Aşgabat.

Parahatçylyk we ynanyşmak: döwrebap ýaşaýşy, sagdyn durmuşy döretmek üçin

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda: «Döwrebap ýaşaýşy döretmek üçin Zeminiň ýaşaýjylarynyň özleri üçin umumy wezipeleri dogry kesgitläp, möhüm bolan degişli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýola goýmaklary zerurdyr» diýip ýazýar. Ine, şu pikiri külterläberseň, Zeminiň üstünde döwrebap ýaşaýşyň döredilmegi üçin ilkinji nobatda gazanylmaly gymmatlyklar — her bir adamyň gatnaşmagyndan döredilýän parahatçylyk we ynanyşmak duýgusydyr. Ine, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň aňyrsynda-da şu ajaýyp pikirler bardyr. Çünki abadan durmuşy, durnukly ösüşi gazanmagyň esasy şertleri — parahatçylygyň döredilmegi, özara ynanyşmagyň gazanylmagydyr. Galyberse-de hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda belleýşi ýaly, dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir. Hormatly Prezidentimiz başdaky pikirini şeýle dowam edýär: «Häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolan sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň meseleleri hem şu ählumumy zerurlykdan ugur alýar. Sagdyn jemgyýet — sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmeginiň kada-kanunlarynyň netijeliligine esaslanýar. Adamyň saglygy

Gerçeklik mekdebiniň mynasyp dowamy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Milli Goşunyň döredilenine 29 ýyl dolýar. Täze ýylyň ilkinji günlerinde döwlet derejesinde bellenilýän bu baýramçylyk ata Watanymyza bolan söýgimizi, halkymyz bilen Milli Goşunymyzyň jebisligini şöhlelendirýär. Şanly sene mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplaryna iberýän Gutlagy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek bilen baglanyşykly Permanlary merdana Watan goragçylarynyň wezipe borçlaryna bolan höwesini we jogapkärçiligini has-da ýokarlandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Uludan tutulýan toý bagtyýar raýatlarymyzyň watançy ogul-gyzlaryna bolan buýsanjyny dabaralandyrýar. Baýramçylygyň şanyna giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni çäreler, göwün göteriji aýdym-sazly çykyşlar, teatrlaşdyrylan sahnalar mert pederlerimiziň Watana, halka wepalylyk ýaly asylly ýörelgelerini döwrebap harby däp-dessurlar arkaly dowam etdirýän harby gullukçylaryň hem-de olaryň ýerine ýetirýän belent borjunyň waspyny ýetirýär.

Bagtyýarlygyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň täze ugurlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz mugallymlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmeklerine ähli mümkinçilikleri döredýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlara döwrebap bilim berilýär. Hormatly Prezidentimiz hünär ussatlygyňy kämilleşdirmek üçin diňe ýadawsyz zähmet çekmegi, öz bilimiňi yzygider artdyrmagy, hünär derejäňi we ussatlygyňy kämilleşdirmegi, täze usullary özleşdirmegi maslahat berýär. Ýurdumyzda täze döwrebap usullar bilim ulgamyna ornaşdyryldy. Bilim ojaklarynda bilim berilmeginiň hilini hem-de netijeliligini artdyrmak üçin bu ulgama döwrebap maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary girizildi. Orta we ýokary okuw mekdepleri kompýuter enjamlary bilen üpjün edilýär. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, orta mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirleme we grafika, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary hem-de döwrebap tehnologiýalar, ekologiýa, özüňi alyp barmagyň medeniýeti ýaly dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy. Okuwçylaryň öwredilýän daşary ýurt dilleriniň sanawyny artdyrmak hakyndaky çözgüt hem kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes we ýapon dillerini öwredýän mekdepleriň sany

Watany goramak mukaddes borçdur

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Ajaýyp döwürde mukaddes borjy harby kasama laýyklykda ak ýürek bilen ýerine ýetirip, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmak, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine goşant goşmak uly bagtdyr, belent mertebedir. Watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde ýurt goragynyň mukaddesdigi, oňa gulluk etmegiň belent mertebedigi, harby kasama ygrarlylygyň, wepalylygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň türkmen ýigitlerine mahsus häsiýetlerdigi nygtalýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz Watan goragçylaryna Watana wepalylygyň ajaýyp göreldesini görkezýär.

Ýaşlar syýasaty: döwrebap özgertmeler, aýdyň netijeler

Berkarar Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatynda zerur şertleriň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýär. Gadymdan gelýän milli ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda iň döwrebap enjamlar, interaktiw tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim edaralarynda ýaşlara halkara derejesinde bilim bermäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, durmuş, medeni, ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Eşretli döwrümiziň waspy

Gökdepe şäheriniň Medeniýet köşgünde «Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we birek-birege ynanyşmak türkmen halkynyň ebedilik ýol-ýörelgesidir» ady bilen dabara geçirildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýyla bagyşlanan dabarany etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet bölümi bilelikde gurady. Edara-kärhanalaryň zähmetkeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolan dabarada täsirli çykyşlara aýratyn orun berildi. Bagtyýar ildeşlerimiz çykyşlarynda Arkadagly döwrümiziň gadyr-gymmaty, ata Watanymyzyň arşa göterilýän abraý-mertebesi, şöhratly ýyllarymyzyň üstünliklere beslenilişi dogrusynda söz açyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzyň ilkinji günleri bolup geçýän şatlykly wakalar hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler.

Edepli ile ýarar

Ata-babalarymyz hemişe nesil terbiýesine uly üns berip gelipdirler. Aslynda, asyllylyk, edeplilik, terbiýelilik — bu halkyň milliliginiň gözbaşy. Nesil terbiýesi babatynda hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren atalyk kitaplary nusga alarlyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda pederlerimizden bize miras galan nakyllardyr atalar sözleri ýerleşdirilen. Çuň many-mazmuna, pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitap ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, olarda ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watansöýüjilik häsiýetlerini kemala getirmekde örän ähmiýetlidir.  Onda «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt», «Edepli ile ýarar», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Gyz edebi — il edebi» ýaly dürdäne sözler bar. Terbiýe meselesinde her bir çaganyň özüne mahsus bolan aýratynlygyna, häsiýetine, islegine görä çemeleşmek zerur. Ata-babalarymyz çaga terbiýesi bilen bagly gündelik durmuşynda gabat gelýän ýörelgeleri, terbiýeçilik ähmiýeti bolan, geljekde halka nepi degjek däp-dessurlary döredipdirler, olardan netijeli peýdalanypdyrlar.

Ertir — Watan goragçylarynyň güni

Watanymyzyň asudalygy — jemgyýetimiziň bitewüliginiň esasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda taryh üçin örän gysga döwrüň dowamynda dünýä derejeli ösüş gazandy. Ýurduň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen, özgertmeleriň täzeçil menzillerinde ata Watanymyzyň belent hem ygtybarly ösüşini berkidip, dünýä giňişliginde mynasyp orun tapmagyny gazanyp beren Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň ählisi bu günki gün nusgalyk häsiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýen baş maksady ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen tutumly işlerden gözbaş alýar. Ol «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyň esasynda durmuşa geçirilýär. Şeýle belent wezipeleriň amal edilmeginde Watan goragçylarynyň orny aýratyn ähmiýete eýedir.

Şanly seneleriň şanyna

Häzirki wagtda mähriban Diýarymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamaga giňden taýýarlyk görülýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli giň gerimli baýramçylyk dabaralaryny we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bular barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde hem giňişleýin gürrüň edildi. Hususan-da, mejlisde eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde şanly senä bagyşlanan dürli bäsleşikler yglan edilýär. Döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tarapyndan yglan edildi. Bu ugurdaky işler dowam etdiriler.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Maliýe we ykdysadyýet ministrligine satylmagy bellenen degişli söwda dükanlaryny, restorany we söwda öýüni olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy. * * *