"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Ýyllar gelýär arzuwlara beslenip

Watanymyzda bagtly günler toýdur-baýramlara beslenip, adamlaryň gursagyna şatlyk bolup dolýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň her bir raýatyny begendirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak babatda alyp barýan döwletli işleri rowaçlyklara beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara gatnaşyklary bilen bagly alnyp barylýan işlerde dostlukly gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Biziň durmuşymyzda esasy şygarlaryň birine öwrülen «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty diňe halkymyzyň däl, eýsem umumadamzat bähbitlerini öz içine alýar. Hut şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipleri dünýäniň abraýly guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we bu guramanyň agzalary tarapyndan goldaw tapýar.

Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň nyşany astynda geçýän baýramçylyk ýylynyň ilkinji günleri möhüm wakalara beslenýär. OYR-nyň Akina – Andhoý beketleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýoluň, Kerki – Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy 153 kilometre barabar bolan elektrik geçiriji ulgamynyň, Ymamnazar – Akina we Serhetabat – Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de «Malaý» ýatagynda täze gaz gysyjy bekediň ulanylmaga berilmegini mysal getirmek bolar. Bu Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli taslamalarynyň başyny başlaýan we yzygiderli durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň döredijilik syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Örän gysga möhletde amala aşyrylan taslamalar goňşy ýurtlar bilen öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga, hyzmatdaş ýurtlaryň hem-de tutuş sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam eder. Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça täze giň gerimli taslama hem şuňa gönükdirilendir. Bu taslama ýakyn geljekde azerbaýjanly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylar. Şeýlelikde, biz Arkadag Prezidentimiziň ägirt uly meýilnamalarynyň, hakykatdan-da, durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 14-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň sport abraýy barha artýar

Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri bellärliklidir. Ozal türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Ýaňy-ýakynda 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seretmegiň hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda türgen gyzymyza altyn medalyň gowşurylýandygy barada hoş habar gelip gowuşdy. Mundan başga-da, türgenimiz itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzeledi. Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilişi ýaly, türkmen türgeniniň mynasyp bolan sylagy oňa şu ýyl geçiriljek agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşurylar. Şu hatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda sportuň agyr atletika görnüşini hem-de, umuman, sporty ösdürmäge, Olimpiýa hereketini wagyz etmäge goşýan goşandy barada aýdylýar.

Parahatçylyk — bagtyň binýady

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2021-nji ýylyň şygarynyň şanyna bagyşlanyp geçirilen maslahat «Türkmenistan — hoşniýetliligiň, asudalygyň, ygrarlylygyň ýurdy» diýlip atlandyryldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, syýasy synçylar, döredijilik işgärleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň dowamynda döreden baý hem-de köpöwüşginli milli mirasyny toplamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Merdanalyk ýörelgesiniň dabaralanmagy

Welaýatymyzda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçildi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, welaýatymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk dabaralary geçirildi. Dabaralaryň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu düzümleriň işiniň döwrebap derejesini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän wezipeler, harby gullukçylaryň iş, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda edilýän tagallalar hakynda buýsançly hem täsirli söhbetler edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine

GOÝ, ÝAŇLANSYN PARAHATLYK AÝDYMY! (Publisistika)

Watana söýgüsi ömrüne siňen, Watan goragçysy, baýramyň bilen!

Ynsan kalbynda onuň ýaşyna kybap dürli-dürli duýgular düşläp geçse-de, Watana bolan söýgi ol kalpdan hergiz gitmeýär. Çünki şol söýginiň mukaddesligine düşünýän ynsan, öz durmuşyndaky her bir gymmatlygyň şol söýgüsiz manysyzdygyna düşünýär. Oňa her kimiň hem düşünmegi üçin bolsa, uzak oýlanyp oturasy iş ýok. Onuň üçin daş-töweregiňe göz aýlamak ýeterlik. Seni dünýä inderen mähriban ata-ene, seniň päk söýgi bilen guran maşgalaň, şol maşgalanyň bezegi eziz perzentleriň, yhlas siňdiren mukaddes öý-ojagyň, ýürekdeş dogan-garyndaş, goňşy-golam, dost-ýarlaryň ... bularyň ählisi-de gül Watanyň goýnunda ýerleşýär. Has takygy, durmuş Watan yşky bilen gaýnap-joşýar! Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda ata Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň abadan hem asuda durmuşyny üpjün etmek babatda halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işler amala aşyrylýar. Biz munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýerine ýetirilen işlere seljerme bermek bilen, häzirki wagtda olaryň öňünde durýan wajyp hem-de jogapkärli wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça geçirilmeli çäreleriň toplumyny kesgitlemeginden hem aýdyň göz ýetirýäris. Döwlet Baştutanymyz hut şu maksatdan ugur alyp, geljekde ýurdumyzyň milli goşunynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidiljekdigi barada aýtd

Watan — beýik mukaddeslik

Türkmeniň ýürek örki diňe öz Watanynda. Ykbalyny, ygraryny, alýan demini Watan bilen ölçeýär. Çünki türkmen watansöýüji milletdir. Bizi erkin ýaşadýan we bagtly edýän, ýaşaýyş umydyny alawlandyrýan, barha belentliklere ymtylmagymyza badalga berýän zat Watana bolan söýgimizdir. Watan söýgüsi her bir gözelligiň asyl manysyny duýmagymyza alyp gelýär. Çünki biziň süňňümizde bu topragyň ülüşleri bar. Biz şu toprak bilen bir göwre — Watandan aýry zadymyz ýok. Watan hakda söz açylanda Nuh pygamberden bäri ösüp-örňän pederlerimiz, dünýäniň dürli sebitlerinde döwlet guran ata-babalarymyz, ylymda, sungatda, medeniýetde uly yz galdyran alymlarymyz, görnükli taryhy şahslarymyz we türkmen diýen buýsançly hem-de şöhratly ada dahylly her bir zat hakydaňda aýlanýar. Ata-babalarymyz dünýä ýüzünde ýetmişden gowrak döwlet guranam bolsalar, ýedi yklyma ýaýylyp-ýaýranam bolsalar, olaryň ählisi üçin şol wagt hem ýekeje Watan bardy. Türkmeniň Watana bolan söýgüsi belentdir. Ata-babalarymyz öz perzentlerini belent watançylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Şonuň üçin halkymyzyň ady taryhyň islendik döwründe-de dilden düşenok. Mertlik, merdanalyk, garadangaýtmazlyk, gözsüzbatyrlyk ýaly duýgular parasatlylyk, paýhaslylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler bilen utgaşyp, hakyky türkmen häsiýetini emele getirýär.

Mertler Watany beýgeldýärler

Merdanadyr gaýratly,Eýmenmezek haýbatly, Ruhubelent, gyr atly,Türkmeniň gerçekleri.Lebzine ygrarlydyr,Erjel, namys-arlydyr,Roýy Aý dek ýarlydyr,Wepadyr görjekleri.Ata Watan asuda,Türkmene dostluk — kada,Aşnadyr ýakyn-ýada,Nyzam eýerjekleri.Ynama ykrarýetde,Birjik durmazlar çetde,Eserdeňdir serhetde,Ýürekdir berjekleri.Galp niýet biri gelse,Eýmendir nazar salsa,Lekin, kalby päk bolsa,Dosta ýokdur şekleri.Ýazsaň ismin taryha,Är diýdirer arypa.Ruhubelent — tarypa,Laýykdyr gerçekleri.Esgeri mert döwletiň,Röwşendir geljekleri.

Arkadagyň ak şäheri ajaýyp

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklap, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe aýratyn üns berýär. Uzak geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň öňe süren täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginleri, onuň köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

Watançylyk owazlary

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli guralan aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar, medeni çäreler giň gerim aldy. Bu çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde, baýramçylyk ruhunda geçirilmek bilen, Watan mukaddesligini, il abatlygynyň gadyr-gymmatyny, ähmiýetini has-da dabaralandyrdy. Ýaňy-ýakynda şeýle dabara podpolkownik Hojaguly Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde, hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak çäresi bilen başlandy. Soňra TMÝG-niň Gökdepe etrap geňeşiniň guramagynda TGM-niň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň, Ahal welaýat medeniýet müdirliginiň medeniýet hem-de sungat ussatlarynyň, garnizonyň şahsy düzüminiň gatnaşmaklarynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Medeniýet köşgünde «Watan — ýüreklerde, dillerde aýdym, her gysym topragyn mukaddes saýdym» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Baýramçylyk konsertinde joşgunly aýdym-sazlara, buýsançly söhbetlere giň orun berildi. Olarda ýerine ýetirilen aýdymlar döwrümiziň belent ruhy bilen utgaşyp, watansöýüjilige, merdi-merdanalyga, edermenlige, g

Paýtagtymyzyň täsin keşbi

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürlik merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde, A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

«Watan goragy soňlanmajak aýdymdyr»

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş halkymyz bilen birlikde biz — harby gullukçylaryň hem göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny has-da dabaralandyrjak bu ýyl, ata Watanymyza çäksiz söýgi bilen biziň ählimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna alyp barýar. Watanymyzyň şanly toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda her ýylda Watan goragçylarynyň güni giň gerimde, şatlyk-şowhunda bellenip geçirilýär. Şeýle şanly ýylda hem bu sene mynasybetli polkownik Rahym Geldiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy şahsy düzümi ýatdan çykmajak pursatlara besledi. Dabaranyň dowamynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramagynda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň aýdym-saz toparynyň hem-de etrap medeniýet müdirliginiň medeniýet we sungat ussatlarynyň, şeýle-de Keýmir Serdaryň adyny göterýän harby bölümiň çeper höwesjeňleriniň çykyş etmeklerinde «Watan goragy soňlanmajak aýdymdyr» diýen at bilen baýramçylyk konserti geçirildi. Garnizonyň çäginde ýerleşýän harby bölümlerde gulluk borçlaryny ak ýürekden ýer

Gutlaýarys sizi baýramňyz bilen!

Watan goragynda duran gerçekler,Gutlaýarys sizi baýramňyz bilen!Watan üçin şirin janyn berjekler,Gutlaýarys sizi baýramňyz bilen! Watançy borjuny mukaddes bilip,Kasam edýär: «Watan — janymdyr!» diýip.Biz hem tüýs ýürekden minnetdar bolup,Gutlaýarys sizi baýramňyz bilen!

Iň beýik serpaýdyr — Watan serpaýy!

Merdan HALLYGYLYJOW,podpolkownik: — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly şatlyk-şowhun bilen taýýarlyk görýän günlerimizde baýramçylyklaryň goşa-goşadan gelmegi, ýagny Watan goragçylarynyň güni mynasybetli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylmagy tutuş türkmen halkynyň, ylaýta-da, bu şanly senäniň sebäpkärleri bolan biz — Watan goragçylarynyň buýsanç duýgularyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dostlukly gatnaşyklaryň, ynamly hyzmatdaşlyklaryň ilerleýän merkezine öwrüldi. Halkara derejesindäki şan-şöhraty we at-abraýy has-da ýokary derejelere göterilýän eziz Diýarymyz bu günki günde dünýäde ýaşamak üçin iň bir amatly we asuda döwletleriň biri bolup durýar. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňe sürýän başlangyçlarydyr taýsyz tagallalary bar. Dünýä asudalygyny berkarar etmek bilen, ýurdumyzyň parahatçylygyny nazarlaýan milli Liderimiz biz — Watan goragçylarynyň öz mukaddes kärlerinde talabalaýyk zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Ajaýyp şertleriň döredilmegi hem-de asylly zähmetiň miwesi hökmünde uly hormata mynasyp bolmak harby gulluga bolan höwesiňi has-da artdyryp, täze üstünliklere itergi berýär. Ynha, maňa-da Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» atly medalyň II derej

Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap aldy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli künjeginde giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk mynasybetli dabaralar harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklarynda ir säher bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline, şeýle hem «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ter gül desselerini goýmak dabarasyndan başlandy. Soňra Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmaklarynda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi. Ýygnagyň başynda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine ugradan Gutlagy okaldy.

Watan mukaddesdir

Golaýda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bagtyýarlyk medeniýet öýünde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Sylagymyzam, sarpamyzam Watandyr» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Gypjak hem-de Bagtyýarlyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda geçirilen çärede eziz Diýarymyzyň asudalygyny üpjün edýän Watan goragçylarynyň merdanalygy dogrusynda giňişleýin çykyşlara orun berildi.

Şanly ýylyň batly gadamlary

Hawa, ýurdumyzda geçen 30 ýyla golaý wagtyň dowamynda örän köp özgerişlikler bolup geçdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlary, obalary döwrebap derejede düýpli özgerdi. Ýyl-ýyldan bolsa täze ýetilýän sepgitler, gazanylýan netijeler, öňegidişlikler has-da artýar. Ynha, bu ýyl hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda öňde goýlan birnäçe maksatlar bar. Olara mysal hökmünde: ýurdumyzda sanly ulgamy kämilleşdirmek maksady bilen «Elektron hökümet» ulgamyny döretmek, şeýle hem bu maksat boýunça sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, şanly senä bagyşlanan ýurdumyzyň içinde we dürli halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek, ýurdumyz boýunça birnäçe täze desgalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi, oba hojalyk önümlerini wagtynda ösdürip ýetişdirmek we başga-da birnäçe pudaklaýyn maksatnamalar. Geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara çäreleriniň hatarynda daşary döwletleriň estrada aýdymçylarynyň gatnaşmaklarynda meşhur türkmen aýdymyny ýerine ýetirmegiň ussatlygy boýunça halkara bäsleşigi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baş dizaýnerleriniň arasynda bezeg işlerini yglan etmek meýilleşdirilýär. Maksatlaryň iň esasysy hökmünde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaranyň täze açyljak Hökümet münberinde geçiriljekdigini buýsanç bilen belläp bileris. Şol sebäpli Garaşsyzlyk baýramymyz mynasybetli her ýylky geçirilýän dabaraly ýöriş şu ýy

Watan goragy – mukaddes borç

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, harby we hukuk goraýjy edaralarynda, şeýle-de orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle çäreleriň biri hem Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebinde bilim alýan ýokary synp okuwçy oglanlaryň arasynda «Watan goragy — mukaddes borç» atly şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygydyr. Bu wagyz-nesihat duşuşygyna TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap harby wekilliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Uly ruhubelentlige beslenen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler ýaşlarymyzyň watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerini gazanmak maksady bilen, Watan goragynyň mukaddesligi, türkmen halkynyň geçmişde ençeme beýik-beýik döwletleri döredip, dünýä ýüzüne ýaň salan halkdygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda binýat edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi, ýagty ertirlerimiziň daýanjy bolan ýaş nesillerimizi ahlak, watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge aýratyn uly üns berilýändigi, bu babatda mähriban Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň ýaşlarymyz üçin