"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Belent sepgitleri nazarlap

Ata Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Döwletiň ähli pudaklaryny kämilleşdirmek we okgunly ösdürmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, sanly ulgama geçmek, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen önümçilik kärhanalaryny gurmak, netijede, halkyň, aýratynam ýaşlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek kabul edilýän maksatnamalaryň esasy wezipeleridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem durmuş-ykdysady ösüşleriň täze belentliklerine ýetmäge ýardam edýär. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşleriň, rowaçlyklaryň we sagdynlygyň zamanasydyr. Muny ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri we gazanan üstünlikleri hem subut edýär. Şeýle ösüşlerde ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniňem mynasyp paýy bardyr. Biz hem jemgyýetde asudalygy berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize has-da mäkäm ornaşdyrmak, raýatlaryň arasynda sporta we bedenterbiýä bolan söýgini artdyrmak boýunça birnäçe işleri alyp barýarys. Goý, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumlary has-da rowaç alsyn!

Arkadag şäheri — Innowasion mümkinçilikler we ýokary hilli ýaşaýyş

Arkadag şäheri Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy. Abraýly halkara baýrak golaýda Wenada Arkadag şäheriniň wekiliýetine halkara işewür jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu hoş habaryň üstüniň ýetirilmegi, ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy bilen tassyklanylmagy buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara güwänamalara we diplomlara mynasyp bolmagy ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini görkezýär. Arkadag şäheriniň ulanmaga berlen ilkinji gününde halkara sylaglaryň 21-sine, şeýle hem şu ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide üç sany baýraga, şol sanda iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp bolandygyny ýatlamagyň özi kalbyňy ýakymly duýgulardan doldurýar. Bu baýraklar, ilkinji nobatda, «ýaşyl» ösüş strategiýasyna laýyk gelýän sazlaşykly elektron şäher düzümi üçin berildi. Arkadag şäheri «smart-siti» şähergurluşyk konsepsiýasynyň ýokary talaplary esasynda bina edilýär. Şonuň üçin bu ýerde elektromobilleriň, elektrobuslaryň we elektrotaksileriň hereket etmegi ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistany

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

16-njy dekabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.

Halaçly halyçylaryň işi ileri

Türkmen halysynyň köpasyrlyk taryhy bar. Ol zenanlarymyzyň zehin-yhlasy bilen ýönekeý senetçilik önümi bolanlygyndan yzygiderli kämilleşdirilip, sungat derejesine göterildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa haly sungatymyz ozal görlüp-eşidilmedik derejede ösdürildi. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli bolan Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylarynyň dokan äpet halysynyň umumy meýdany 301 inedördül metre barabardyr. 2001-nji ýylyň 19-njy fewralynda dokalyp başlanan bu haly şol ýylyň 8-nji oktýabrynda kesilýär. Ini 21,5 metr, boýy 14 metr bolan bu haly 2002-nji ýylda iň uly el işi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle äpet we täsin halylary dokamaga halaçly halyçylar hem goşuldylar.

Milli buýsanjyň çeşmesi

Ösüş-özgertmelere beslenýän ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar buýsanjymyzy goşalandyrýar. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi hem şeýle buýsançly wakalaryň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyny halkymyza sowgat edipdi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly çäreleriň badalga alýan günlerinde elimize gowşan şol ajaýyp eser bada-bat il-ulsumyzyň söýgüsini gazandy. Ine, bu gün bolsa Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyza «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny sowgat etmegi buýsanjymyzy goşalandyrdy. Birnäçe bölümden ybarat bolan bu kitapda halkymyzyň şöhratly taryhynyň, baý medeni mirasynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň beýan edilmegi oňa bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar.

Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýalkym saçdy

15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy. Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär. Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Nebitgazçylaryň baýramy giň gerimde bellenildi

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» atly dabaraly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Ilki bilen, B.Amanow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyndaky: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem gönükdirmäge çalyşýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleri çärä gatnaşyjylarda ýokary ruhubelentlik duýgusyny oýardy.

Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

Aýdyň ösüşleri, eşretli ertirleri nazarlaýan özygtyýarly, baky berkarar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ählisi asylly maksada — ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmaklyga, dogduk Diýarymyzy gülledip ösdürmeklige gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda kanunylygyň we düzgün-tertibiň pugtalandyrylmagynyň prokuratura edaralarynyň işiniň esasy ugrudygyny belläp, şunda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini tabşyrýar. Şeýle-de munuň özüniň prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilendigini nygtaýar. Biz özümize ynanylan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda etrabymyzdaky edara-kärhanalarda kanunçylyk hukuk namalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi alyp barýarys. Şunuň bilen birlikde halk köpçüligine täze kabul edilýän Kanunlaryň many-mazmunyny düşündirýäris. Şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda mekdep okuwçylarynyň, ýetginjekleriň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Bu işe etrabymyzyň il sylagly ýaşululary hem işjeň gatnaşýarlar. Çärelerde ýaşlaryň gyzyklanmalaryna aýratyn üns berýäris, ýaramaz endikleriň zyýany baradaky düşünjelerini artdyrýarys. Ýaş nesliň ylym-bilim almaklyga, hünär

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanyldy. Sizi ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň halkara derejedäki nobatdaky ykrarnamasyny alamatlandyrýan bu wakalar mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary

Aşgabat, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giň gerimde bellenildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pudagyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly höwes bilen diňlediler. Gutlagda nebitçileriň, gazçylaryň we geologlaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy, pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň esasynda ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkidýändigi bellenilýär. Bu ugurda halkara derejedäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde möhüm wezipeler durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösýän sebitine akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senaga

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary

Aşgabat, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giň gerimde bellenildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pudagyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly höwes bilen diňlediler. Gutlagda nebitçileriň, gazçylaryň we geologlaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy, pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň esasynda ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkidýändigi bellenilýär. Bu ugurda halkara derejedäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde möhüm wezipeler durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösýän sebitine akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senaga

Döwrebap tehnikalar — nebitçilere sowgat

Ýurdumyzda bellenilen Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli, «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine täze «LG C360» kysymly maýyşgak nasos kompressor turbaly tehnikalar toplumynyň 3-si we awtobuslar gelip gowuşdy. Olar Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alyndy. Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşmak ugrunda gaýratly zähmet çekýän konserniň zähmet toparlary hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren has kämil ýöriteleşdirilen tehnikalar toplumyny we awtobuslary ýokary ruhubelentlikde kabul etdiler. Ýeri gelende, Hytaýdan gelip gowşan bu tehnikalaryň düzümindäki köpugurly tehnikalaryň önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek. Olaryň kömegi bilen wagtlaýyn hereketsiz duran we guýynyň içinde gaýry zatlaryň baslygyp galmagy netijesinde emele gelen çylşyrymly bökdençlikleri aradan aýyrmak işi ýerine ýetirilýär. Şonuň ýaly-da, düýpli abatlaýşa garaşýan guýulary öz wagtynda dikeldip, ulanyşa tabşyrmak üstünlikli ýola goýulýar. Bu tehnikalar toplumynyň ýany bilen sorujy enjamlar, awtoçelekler, kiçi elektrik desgalary, ähli amatlyklary bolan medeni öýjagazlar hem-de ätiýaçlyk şaýlar gelip gowuşdy.

Burawlaýjylaryň toý sowgady

Ýurdumyzyň gazçylarynyň asylly zähmetinden söz açylanda, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň zähmet pälwanlarynyň alyp barýan netijeli işleri hem ilkinjileriň hatarynda ýatlanylýar. Müdirligiň gaýratly gazçylary ýurdumyzyň sebitlerinde iş alyp barmak bilen, her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Öndürijilikli zähmet gazçylara abraý getirýär. Müdirligiň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri egin-egne berip, tutanýerli zähmet çekmegiň hasabyna tamamlanyp barýan 2024-nji ýyly-da ýokary zähmet görkezijileri bilen jemleýärler. Olar ýylyň dowamynda özüniň gaz gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känindäki 259-njy, 236-njy ulanyş gaz guýularyndan senagat ähmiýetli gaz akymyny aldylar. Guýularyň her biri her gije-gündizde degişlilikde 2 million hem-de 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär. Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Çartak» gaz känindäki 54-nji ulanyş gaz guýusyndan bir gije-gündizde 224 müň 300 kub metr tebigy gaz alynýar. Guýudan alnan tebigy gazyň esasy aýratynlygy kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagydyr. Ahal welaýatynyň «Çalçulba» gaz känindäki ulanyş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gazyň alynmagy-da müdirligiň gazçylaryna abraý getirdi. Bu guýynyň-da berýän tebigy gazynyň düzümi kükürt-wodorodsyz, arassa görnüşidir.

Hünär baýramyny mynasyp garşylap

Tebigy baýlyklaryň ozal özleşdirilmedik täze ýataklaryny açmak bilen, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň zähmet toparlarynyň baş wezipesidir. Ol ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynyň iri önümçilik düzümleriniň hatarynda tanalýar. Diýarymyzyň energiýa serişdelerini ygtybarly we netijeli özleşdirip bilýän döwletleriň hataryna ynamly goşulmagy bu korporasiýanyň geofizikleridir geologlarynyň ylma we öňdebaryjy tejribelere daýanyp çekýän halal zähmetiniň netijesidir. Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda iş alyp barýan Balkan geofizika ekspedisiýasynyň hem bu ugurda gazanylýan üstünliklerde öz mynasyp paýy bar. Kärhanamyzyň hünärmenleri günbatar sebitde seýsmiki gözleg işlerini üstünlikli amala aşyrmagyň hötdesinden gelýärler. Häzirki wagtda bu gaýragoýulmasyz çäreleri «Akmyrat», «Isgender», «Akpatlawuk» ýaly geljegine uly umyt bildirilýän meýdançalarda üstünlikli alyp barýarys.

Bagtyýar durmuşyň höziri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni, tutuş ýurtda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem ýatdan çykmajak şanly pursatlara beslenýär. Şu hepdäniň çarşenbe güni Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek maksady bilen gurlan ýaşaýyş jaý toplumynyň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy hem ýylyň ýatdan çykmajak wakalarynyň hataryna goşuldy. Merdana, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ýene bir güwäsine öwrülen, kenarýaka şäheriň binagärlik görküne görk goşan bu ymaratlaryň gurluşygyna gatnaşan, şeýle hem täze öýlere göçüp baran bagtyýar raýatlarymyz öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler. Baýram HOJAMYRADOW, «Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýetiniň direktory:

Sazlaşykly ösüşleriň şuglasy

Eziz Diýarymyzda tutuş jemgyýetiň, hususan-da, nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, olaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döretmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesindäki iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek babatda uly tejribä hem-de giň mümkinçiliklere eýedir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleriň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiziň 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň on bir aýynda bilimli, ylymly, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek ugrunda alnyp barlan işler, sport ulgamynda gazanylan buýsandyryjy üstünlikler barada aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylarydyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezip, jemi 821 medal gazandylar. Ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň we bäs

Watançylygyň buýsançly kelamy

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny okanyňda, onuň halkymyzyň şöhratly taryhyna bagyşlanan ajaýyp eserdigine göz ýetirýärsiň. Kitabyň ilkinji sahypalarynda alym Arkadagymyz bu hakykaty filosofik pikirleriň üsti bilen şeýle beýan edýär: «Adamzat taryhyna mahsus islendik ösüşiň gözbaşy hem, çürbaşy hem ynsanlar bilen bagly. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler». Kitabyň «Taryha syýahat» atly birinji babyndaky «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwri», «Horezmşalar döwleti» ýaly bölümler okyjyny türkmeniň müňýyllyklara uzaýan ýolundaky şöhratly menzillere alyp gidýär. «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji bapdaky «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» – dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy», «Gadymy heňňamyň aýdymy» ýaly bölümlerde türkmen halkynyň durmuş filosofiýasynyň ajaýyp ýörelgeleri, milli gymmatlyklar barada giňişleýin söhbet edilýär.

Şanly geçmişiň beýany

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara beslenýär. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze eseriniň elimize gowuşmagy şanly ýylymyzdaky ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän eserler diňe bir halkymyz däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň okyjylary üçin hem ähmiýetli gollanma öwrülýär. Milli Liderimiziň şöhratly geçmişimize bolan buýsanja, milli mirasymyza we medeniýetimize hormat-sarpa eýlenen «Hakyda göwheri» atly eseriniň türkmen hem-de iňlis dillerinde neşir edilmegi türkmen halkynyň abraýynyň dünýä dolmagyny şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer ilimizi täze belentliklere ruhlandyrýar.

Paýhas ummanynyň ägirdi

Magtymguly Pyragy halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen dünýägaraýşyny ajaýyp şygyrlaryna siňdiren, ata-babalarymyzyň oý-hyýallaryny, ahlak we edep ýörelgelerini jahana ýaýan beýik söz ussadydyr. Köňülleriň we döwürleriň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragy adamzadyň iň tämiz duýgularynyň waspçysydyr, dünýä edebiýatynyň taryhynda watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryjydyr. Akyldaryň şahsyýetine, mirasyna dünýä derejesinde örän uly hormat hem sarpa goýulýar.  Akyldaryň özboluşly köpöwüşginli edebi mirasy külli adamzat üçin gymmatly hazynadyr. Şahyryň öňe süren ruhy ýörelgesi, adalatlylyk, erkinlik, halallyk bilen bagly durmuşy garaýyşlary şu gün hem juda gymmatly bolmagynda galýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar diňe bir ýurdumyzda däl-de, dünýäniň çar künjeginde bir-birine ulaşdy. Şanly senede Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegi bolsa has-da buýsandyryjy waka bolup, bu ägirt ýadygärlik halkymyzyň öz beýik ogluna buýsanjynyň çäksizdigini ýene bir ýola görkezdi. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleri hem oturdyldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganly

Gulhan pälwan

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň demirgazygyndaky Tilkiçyrla obasynda öz döwründe toýlarymyzyň bezegi bolan milli göreşimizde il-ulsumyzy guwandyryp bilen Gurbanmuhammet Hojarepow (halk arasynda ýörgünli ady Gulhan pälwan) ýaşaýar. Bir aý çemesi mundan öň – 16-njy noýabrda Kakadurdy Atalyýew hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, bagşy Baýramguly Hojamgulyýew üçümiziň, şol oba sary ýola rowana bolmagymyzyň hem düýp sebäbi Gulhan pälwan bilen ýakyndan tanyşmak bilen baglydy. Biz Gökdepe obasyndan pälwanyň ýegre dosty Geldi Poşany hem alyp, Tilkiçyrla obasyna ugradyk. Aslynda, men Gulhan pälwany gaýybana tanaýardym. Il-sylagly, orny törde bolan Geldi Poşa pälwanyň we Kakadurdy Atalyýewiň beren gyzykly gürrüňleri mende bu pälwan bilen has içgin tanyşmak höwesini döretdi. Ine, bu gün bolsa biz Garagum sährasynda önüp-ösen meşhur pälwan bilen duşuşmaga barýarys.