"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Zehinli ýaşlar

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem, saz-sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat medeniýet müdirligi, welaýat ýörite sungat mekdebi bilelikde welaýatymyzyň çagalar sazçylyk sungat mekdeplerini şu ýylda tamamlaýan uçurym okuwçylaryň arasynda «Zehinli ýaşlar» atly bäsleşigi geçirdi. Bu bäsleşik «Bagşy», «Türkmen milli saz gurallary», «Halk saz gurallary», «Kirişli saz gurallary», «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary», «Fortepiano» ugurlary boýunça geçirilip, onda has ökdeler öňdäki orunlara mynasyp boldular. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Aşgabatda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi geçirilýär

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Bu sergi milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, kuwwatyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň şöhlelendirýär. Bu ýerde dürli ugurlarda iş alyp barýan söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragy öz öndürýän ýokary hilli önümlerini, hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýärler. ...Sergiler merkezinde guralan aýdym-sazly çykyşlar sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ruhuny belende göterdi. Däp bolan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýetilen sepgitler, döwrebap çemeleşmeler

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, köp sanly türkmen işewürlerini bir ýere jemledi. Ol ýurdumyzyň söwda ulgamynda gazanylan ösüşler bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Biz hem giň gerimli gözden geçirilişde bu ugurda önjeýli işleri alyp barýan hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Ejebaý HAJAMANOWA,Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň konstruktor-modelýeri:

Täzelikler

Türkmenabadyň S. A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üç aýy şowly jemlenildi. Kärhanada ýylyň başyndan bäri 42 300 tonna fosforly mineral dökünler öndürildi. Meýilnama 124, 4 göterim ýerine ýetirildi. Ýylyň başyndan bäri buýurmalara görälikde kükürt kislotasynyň 29600 tonnasy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli derejesindäkiden ep-esli köpdür. Zawodda öndürilýän senagat ähmiýetli kükürt kislotasy ýurdumyzyň çägindäki senagat kärhanalary tarapyndan giňden peýdalanylýar.

TÜRKMENISTAN – BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

2-nji mart – Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilen güni Hormatly Prezidentimiziň ýokary diplomatik ussatlygy ýurdumyzyň sebit we dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge itergi berýär. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr.

ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÝAŞLAR SYÝASATY ÜSTÜNLIKLERE BESLENÝÄR

Halk arasynda: «On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir» diýen dana pähim bar. Bu günki gün ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen müňýyllyklary nazarlaýan asylly işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişenden bäri geçen iki ýylyň dowamynda amala aşyrylan giň gerimli, belent maksatly tutumlar türkmen ýaşlarynyň durmuşyndaky aýratyn ýatdan çykmajak taryhy wakalara öwrüldi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutanlygyna geçen ilkinji aýlarynda Döwletliler köşgüne iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde okuwlaryň guralyşy hem-de terbiýeçilik işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdy. Çagalary goramagyň halkara gününiň öňüsyrasynda amala aşyrylan bu sapar bir tarapdan, gadymdan gelýän ynsanperwer ýol-ýörelgelerimiziň ýurdumyzyň syýasatynda mynasyp orun alýandygyny görkezse, beýleki bir tarapdan, döwletiň geljeginiň şu günki ösüp gelýän ýaş nesil bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny äşgär etdi.

PÄHIM-PAÝHASYŇ EBEDILIGINI DÜNÝÄ ÝAÝÝAN ESER

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 23-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenler ýaňy dogup gelýän Güni, tamdyrdan çykan, Gün ýaly lowurdap duran çöregi ýüzlerine sylyp, ony mukaddes hasaplaýarlar.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

AKYLDAR ŞAHYRA Ornuň bardyr mynasyp göwünleriň töründe,

TANADYM ÄDIGINDEN...

«Aý dogar gädiginden...» diýip, aşyk-magşuklaryň ýeke-täk şaýady bolan gijäniň tämiz çagyndan habar berýän gyz öz aşygyny ädiginden tanandygyny aýdýar. Aslyndada, her millet öz häsiýet aýratynlygy, hulk-häsiýeti boýunça tanalýar. Bu babatda hem türkmen zenanyna degişli ilkinji häsiýet asyllylyk, sypaýylyk, utanjaňlykdyr. Gadymy döwürlerde gije Aý dogandan soň ýygnanyşyp läle kakan, monjugatdy atan türkmen gyzlary öz köňülde besleýän arzuwlaryny hem birek-birege gönümel aýdaýman, syrly setirleriň üsti bilen beýan edipdirler. Iň täsin ýeride, şol syrly setirleri öz dilinden aýtmaga ejap edýän gyzlar, özünden öňki monjuk çykaran gyzyň aýdan monjugatdysyny özüne degişli hasap edip, utanjaňlygyň iň bir näzik hem nepis taraplaryny ýüze çykarypdyrlar.

BIR AÝDYMYŇ TARYHY

Dünýä ýüzünde her döwletiň paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň göwher jygasy Aşgabat şäheri hakynda döredilen aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Şeýle aýdymlaryň biri-de, Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň sazyna, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen «Aşgabat» aýdymydyr. Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabadyň waspyny belentden ýetirýän «Aşgabat» aýdymynyň täsin taryhy bar. Bu joşgunly aýdym mundan 60 ýyl gowrak ozal, ýagny 1961-nji ýylda döredilipdir. Şahyr Geldi Bäşiýew şol döwürler türkmen radiosynda diktor bolup işleýär eken. Baýry diktor Geldi aga radio komitete seýregrägem bolsa gelýän Nury Halmämmedow bilen duşuşyp, aýdym-saz hakynda pikir alşyp durupdyr. Günleriň  birinde Nury Halmämmedow operaçy Medeniýet Şahberdiýewanyň dünýäde seýrek duşýan liriki koloraturaly soprana sesine «Aşgabat» diýen joşgunly sazyny döredendigini buýsanç bilen aýdyp, taýýar bolan eseri Geldi Bäşiýewe diňledýär. Bu ajaýyp saz Geldi aganyň kalbyna täsir edip, ylhamyny joşdurýar. Aradan bir hepdä golaý wagt geçensoň, şahyr Geldi Bäşiýew Nury Halmämmedowa jaň edip, onuň döreden sazyna «Aşgabat» diýen şygryny ýazandygyny begenip habar berýär. Goşgyny diňläp görmegini teklip edýär. Döredilen saz bilen goşgy jüpüne düşýär. Aýdymyň goşgusy bilen notasy bilbil owazly aýdymçy Medeniý

IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY?

Baýlyk kiçijek tohumdan şine ýaryp, gögerýän daragt mysalydyr. Ýygnajak birinji mis şaýyň şol daragta öwrüljek tohumdyr. Ony näçe tiz ekseň, ol şonça çalt boý alar. Dökünini kem etmän, dowamly süýşürintgiler bilen suwaryp, näçe gowy ideg etseň, onuň saýasynda şonça basym dynç alyp bilersiň. Ol şeýle diýdi-de, buýran ýazgylaryny alyp ýitirim boldy. Men onuň aýdanlary barada köp pikir etdim. Ahyry bu gürrüňde bir hikmet, sagdyn pikir bar diýen netijä geldim. Synanyşyp görmeli. Şondan soň her gezek zähmet hakymy alanymda, on manadyň birini ýygnap başladym. Geň galaýmaly ýeri, gazanjymyň ondan birini ýygşyranym bilen, güzeranym öňküden peselmedi. Hiç hili tapawut duýmadym diýen ýaly. Ýygnaýan pulum artdygyça, Finikiýadan (Finikiýa – Ortaýer deňziniň gündogar kenaryndaky sebit) gämili, düýeli gelýän täjirleriň aýlap ýören zatlaryndan alasym gelip, «içimi it ýyrtýardy». Ýöne kellämi işledip, maýyl edip barýan nebsime «haý» diýdim. Algamiş şol gidişinden bir ýyl soňra, ýene köwlendi. – Oglum, bir ýylyň içinde gazanan puluň ondan birini özüňe töläp bildiňmi onsoň? – diýdi. – Hawa, halypa – diýip, dogumly jogap berdim. Üns bilen synlap durşuna: –Ýagşy. Ol pullary näme etdiň? – diýip sorady. – Kerpiç guýýan Azmura berdim. Ol deňziň aňrysyna gitdi. Finikiýadan gymmatbaha daşlary getirip berjek diýdi. Bärde geçginli. Peýdany elli-ellä gürleşdik. – Samsyk, akylyňa geňeşip etdiňmi şu işi? K

«GÖROGLY» ŞADESSANYNDA TÜRKMEN MILLI SEÝISÇILIK SUNGATY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan behişdi bedewlerimize goýulýan belent sarpa has-da ýokary derejelere çykarylýar. Atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler bu günki gün şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimiziň at-abraýyny mundan beýläkde ýokary götermek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy özeni bolmak bilen, gadymdan gelýän atşynaslyk sungatynyň milli ýörelgelere esaslanyp kämilleşmegine hem aýratyn üns berilýär. «Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan netijeli işleriniň aýdyň nyşanydyr. Milli atşynaslyk däpleri gadymdan bäri türkmen halkynyň özüne mahsus we sungat derejesine çykaran hünärleriniň biridir. Gadymy atşynaslyk we seýisçilik sungatymyz hakynda biziň halk döredijiligimizde hem, nusgawy edebiýatymyzda hem inçelik bilen beýan edilýär. Türkmen halkynyň mertliginiň we gaýduwsyzlygynyň beýanyna öwrülen «Görogly» şadessanynda gadymy seýisçilik sungatymyzyň milli öwüşginleri has aýdyň görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlerimize bagyşlap ýazan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda «Görogly» şadessany hakynda şeýle belleýär: «Görogly» halkymyzyň ýaşaýyş-dur

GYZ BESLENER KÜMÜŞ BILEN...

Türkmen zergärçilik sungaty özünde gadymy medeniýetiň öwüşginlerini saklaýar. Şaý-bezegleriň özi bir uly ylymdyr. Ol taryhy döwrüň içinde halkyň ylmynyň, aňynyň, ýaşaýşynyň, zähmetiniň, duýgusynyň içinde gaýnap bişen ussatlaryň bütin ömründe taplanyp, olaryň biziň günlerimize galdyryp giden bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Geçmişde türkmen zenanlarynyň arasynda şaý-sepleri olaryň ýaş aýratynlygyna, däp-dessurlara görä dakynmak ýörgünli bolupdyr. Şaý-bezegler olary dakynýanlaryň kimdigi, olaryň jemgyýetdäki orny, ýaşy, maşgala ýagdaýy hakynda hem maglumatlary beripdir. Kümüşden ýasalan şaý-sepleriň  köp bölegi bezeg hem gorag ähmiýetli dakynylan bolsa-da, käbir şaýlary uly gyzlar we ýaş gelinler ýörite toý däp-dessuryny ýerine ýetirenlerinde dakynypdyrlar.

Ýurdumyzyň ösüşleri — berkararlygymyzyň nyşany

Eziz Diýarymyzda Milli Liderimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymaty bilen hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň utgaşmagyndan beýik işler hasyl bolýar. Munuň özi ýurdumyzda badalga berilýän başlangyçlaryň, ilkinji nobatda, halk bähbidinden ugur alýandygyny, her bir raýatyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmegiň ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň baş maksadydygyny aýdyň görkezýär. Ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, bu ugurda ýokary ösüşleri gazanmak, sanly ykdysadyýete geçmek babatda işler giň gerimde alnyp barylýar. Ykdysadyýete ylmyň soňky gazananlaryna daýanýan innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, milli we döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ykdysady syýasatyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde durmuş-ykdysady taýdan öňegidişlikler gazanylýar. Munuň özi Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady bolup, bagtyýar durmuşymyzy üpjün edýär.

Ynsanperwerlik ýörelgeleri pederlerimizden gelýän göreldedir

Bahar paslynyň häzirki ajaýyp günlerinde asmandan inýän ak ýagyşlaryň  topragy janlandyryşy ýaly, haýyr-sahawat hem ynsan kalbyna mähribanlyk we ynsanperwerlik nuruny çaýýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz ynsanperwerligi, haýyr-sahawatlylygy, ýagşy niýetliligi, rehimdarlygy ömrüň manysy hasaplapdyrlar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat bermek ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň iň naýbaşy adamkärçilik däpleriniň biridir. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem pederlerimizden dowam edip gelýän ynsanperwer ýörelgeleriň ajaýyp zamanamyzda has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.  Mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine üç ýyl dolmagy mynasybetli geçirilen dabara aýratyn mana eýe bolup, ähli ynsany haýra, sahawata, rehimdarlyga çagyrýan asylly işleriň dabaralanmasyna öwrüldi hem-de göwünleri galkyndyrýan şanly wakalara beslendi. «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary:

Ynsanperwer syýasatyň esasy

Adam saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, işjeň sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýete ornaşdyrmak döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin zerur şertler döredilýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde bejeriş-anyklaýyş we ylmy-kliniki merkezleriniň, köpugurly hassahanalaryň, şypahanalaryň, sport mekdepleriniň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynyň, stadionlaryň gurlup ulanmaga berilmegi muňa subutnamadyr. Bu ugurda kanunçylyk-hukuk namalarynyň, maksatnamalaryň kabul edilmegi halkyň saglygy we abadançylygy hakyndaky aladanyň kepilidir. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalar jemgyýetiň sagdynlygynyň goragyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň esasyny düzýär.

Ketenim — buýsanjym

Ene-mamalarymyzyň mähir siňdirip döreden el işleri nesilden-nesle geçip, ajaýyp zamanamyzda mynasyp dowam etdirilýär. Gözel gelin-gyzlarymyzyň keşbine ýaraşyk berýän keteni hem gadymdan gelýän nepis sungatlaryň biridir. Owadanlykda, nepislikde deňsiz-taýsyz keteniler tarada dokalypdyr. Dürli ot-çöplerden alnan reňkler bilen boýalmagy olara aýratyn öwüşgin beripdir. Pisse agajynyň hasyl getirmedik ýyly onuň ýapraklaryndan döreýän ösüntgiden alynýan buzgunç boýag bolsa ketenä aýratyn ýakymly ys beripdir. Irki döwürlerde, esasanam, gyzyl reňkli keteniler eý görlüpdir. Bu köýneklik matany gyz-gelinlerimiz dürli keşdeler bilen bezäp geýipdirler. Keteniler reňki, hili, esasan hem, saglyk üçin peýdalylygy bilen beýleki matalardan tapawutlanýar. Häzirki döwürde  hem işine çeper gelin-gyzlarymyz arassa ýüpekden keteniniň dürli görnüşlerini dokaýarlar. Matanyň reňk öwüşginini has-da baýlaşdyrýan mähriban zenanlarymyz dürli reňkdäki ketenileri milli nagyşlar bilen bezeýärler.    

«TULM» CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalarynda ýeňillikli nyrhlary hödürleýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalarynda ýeňillikli nyrhlary hödürleýär «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ aşakdaky görkezijilere laýyklykda, CASCA+ ugry boýunça ýük daşamalarynda aýratyn ýeňillikli nyrhlary hödürleýär:

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL «Ahal» ýagy: hil ýokary, mukdar kän

Ýaryş geçirildi

Sport — sagdynlygyň gözbaşy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport desgalary, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek esasy ýörelgämize öwrüldi.