"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Dabaraly maslahat

Il saglygy — ýurt baýlygy Mary şäher iç keselleri hassahanasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli TDP-niň şäher komitetiniň welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň bilelikde guramagynda “Il saglygy — ýurt baýlygy” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata TDP-niň şäher komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gataşdylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berildi.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Alyslara, kalplara syýahat

Orta asyrlarda ýaşap geçen meşhur şahyr Reýhan Horezmi şeýle ýazypdyr: «Dünýäde atyň üstünden oňat tagt ýok, kitapdan gowy dost ýok». Magtymguly atamyz: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýse, Gahryman Arkadagymyz: «Kitap ylmyň miwesi, medeniýetiň gülüdir. Kitaplar köp neşir edilse, ylym hem güllär, medeniýetem» diýýär. Hawa, kitaplar solmaýan güller ýaly, okadygyňça ýüregi tämizleýär, kalbyňa ylham berýär. Hormatly Prezidentimiziň golaýda halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby hem kalplara bahar gülleri dek ýakym bagyş etdi. Halkymyzyň buýsançly taryhy, watançylyga ýugrulan päkize kalby açylyp görkezilýän bu kitap hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ahal topragyna aýlanmagyndan galan täsirleriň netijesinde edilen uzak-uzak gözlegleriň miwesi. Şu ýerde bir akyldaryň «Görmek bilen görmegiň tapawudy» barada aýdanlary hakydaňa gelýär. Syýahat, gezelenç — bular geçmişe zyýarat. Ýöne şol zyýaratlaryň ynsanlara täsir edişi dürli-dürli. Kimsi gezelenjiň üýtgeşik lezzetini duýmaýar, başga biri bolsa syýahatyň dowamynda gören zatlaryny içgin synlaýar, gözellikden, täsinlikden kalbyny pürepürleýär, şonuň bilenem gezelenç tamamlanýar. Ýene biri gezelençde, syýahatda gören zatlaryny ýüregine, kalbyna ýazýar. Aýlaryň, ýyllaryň dowamynda ýürekde ýaşansoň, ol täsirler ylmy işe ýa-da çeper esere öwrülýär. Şeýdip kalby döredijilikli ynsan

Sergiden ýaýraýan ýalkym

Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz häzirki zaman tehnologiýaly önümçilige eýe boldy. Munuň şeýledigini 3-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumlarynyň, telekeçileriniň öndürýän önümleriniň we hyzmatlarynyň ýörite sergisiniň guralmagy-da aýdyň äşgär edýär. Hökümet agzalarynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşan sergide, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy diňlenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sergä baryp görmek bilen, bu ýerdäki dokma önümleriniň, gök önümlerine degişli harytlaryň, älemgoşar öwüşginli matalaryň hiline ýokary baha berdi. Şeýle-de sergide azyk önümleriniň, guş etiniň öndürilişi bilen tanşyp, oňa täze, ösen tehnologiýalary we usullary halkara tejribeleri ornaşdyrmagy, söwda medeniýetini ýokarlandyrmagy maslahat berdi.

TÜRKMEN ZENANLARYNA GOÝULÝAN SARPA

Toýlarymyzyň toýa ulaşýan, asylly umytlarymyzyň hakykata öwrülýän ajaýyp döwründe, gözel türkmen sährasyna bahar gelip, ene topragymyzyň ýaşyl kürte geýip, daglarymyzyň-düzlerimiziň gül açýan günlerinde, Halkara zenanlar güni mynasybetli, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada hem-de kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenstanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi körpeje gyzlarymyzyň, zenanlarymyzyň, mährem enelerimiziň aýratyn alada bilen gurşalyp, olara uly hormat goýulýandygyndan nyşandyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramagyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alyp gaýdýan hukuk esaslaryny düzýän birnäçe kanunlar hereket edýär.

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ÄHLUMUMY ÖSÜŞIŇ GIREWI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirýär. Turuwbaşdan hemişelik bitaraplyk taglymatyndan ugur alyp, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli döwletler we halkara guramalar bilen hoşmeýilli, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, Ählumumy Gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna goşant goşmak, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarly bolmak ýaly ýörelgeler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Döwletimiz halkara giňişlikde bütin adamzady tolgundyrýan wajyp meseleleriň netijeli çözgüdini tapmakda kesgitleýji orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyz bu meselelere örän jogapkärli garamak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge çynlakaý çemeleşýär. Häzirki wagtda howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerinden aýawly peýdalanmak bütin adamzadyň geljegi üçin çözülmesi örän wajyp bolan çylşyrymly meseleler bolup durýar. Bilelikde tebigatdan jogapkärçilikli peýdalanmak ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr. Şu nukdaýnazardan, bu meseleleriň çözülmegi d

TARYHA ŞAN BEREN GÜN

Bahar goja dünýä täzelikleri, täze serpaýlary bilen gelýär. Şu bahar ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ýaşlaryna serpaýlaryň iň ulusyny – hormatly Prezidentimizi Lebap welaýatynda garşylamak bagtyny eçildi. Baharyň 13-nji günündäki wakalar Arkadagly ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyň ýollary bilen belent işleri durmuşa geçirip bilýändigine ýene bir ýola şaýatlyk etdi. Mälim bolşy ýaly, şol gün hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň sebitlerine ilkinji iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň gündogar sebite amala aşyrylmagy lebaply ýaşlaryň başyny göge ýetirdi. Şol gün welaýatyň günorta-gündogar künjegindäki ägirt uly senagat toplumynyň – Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işine ak pata beren Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwrümiziň beýik işleriň döwrüdigini, döwletimiziň diňe beýik işlerden ybarat döwletdigini ýene bir ýola subut etdi.

Halkyň we döwletiň bähbidine tagallalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny halkara standartlara görä geçirmek babatda alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma taýýarlygyň, ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy, ýokary hilli, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, söwda ulgamynyň işini täzeçe guramak üçin görülýän çäreler baradaky hasabatlar diňlenildi. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara görülýän taýýarlyk mejlisiň gün tertibiniň aýratyn meselesi boldy. Şeýle-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat bermek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Söwda toplumynyň köpugurly mümkinçilikleri bilen tanyşlyk

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem baryp gördi. Giň gerimli gözden geçiriliş häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşini, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly geljegini aýdyň görkezýär. Şu gezekki serginiň esasy maksady milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginden, eksportyň artdyrylmagyndan hem-de önümçilikleri depginli döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Kabul edilen ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri beýan edýän köp sanly diwarlyklar hem munuň aýdyň güwäsidir.

«Akylly» şäheriň möhüm meseleleri üns merkezinde

23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatyna gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa gatnaşdy.

Kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

30-njy martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahatynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, şeýle-de geljek nesilleriň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda netijeli peýdalanmagyna mümkinçilik döreder.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 25-nji martda we 1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Siwilizasiýalaryň gözbaşyndaky şäher

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli maslahata meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, belli professorlar, ýaş alymlar, şeýle hem daşary ýurtlaryň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Germaniýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň muzeýleriniň wekilleri çagyryldy. Myhmansöýer türkmen topragynda bolmagynyň çäklerinde köp sanly daşary ýurtly myhmanlar şu ýyl Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatyň öň ýanynda guralan dabaralara gatnaşdylar hem-de açyk asmanyň astyndaky ýadygärliklere — gadymy Änew galasyna we gaýtalanmajak bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýan, «Gözellik öýi» diýlip atlandyrylýan meşhur binagärlik toplumy bolan Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler.

Täze Seýit Jemaleddin metjidi ruhy päkligiň öýi bolar

Mübärek Oraza aýynda, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşyklylykda Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň açylmagy halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky güwäsi boldy. Onuň açylyşyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlar bilen bilelikde täze metjidiň içine girdi. Soňra onuň sadaka jaýynda şanly waka mynasybetli çykyş etdi.

Arkadagyň sahawat serpaýy çagalaryň röwşen geljegine umyt berýär

Garaşsyz Watanymyzda ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan işleriň barha rowaçlanmagy ynsanperwer ýörelgeleriň döwlet syýasaty derejesinde giň gerim alýandygyndan nyşandyr. 29-njy martda Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän bu gaznanyň döredilmegine 3 ýyl doldy. Şu mynasybetli Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bildirişler

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan Atadurdy Rejepgeldiýewiç Esenowyň adyna resmileşdirilen A-1337810 belgili Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Zehinli ýaşlar

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleri saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige ugrukdyrmak, olaryň ýerine ýetirijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, şeýle hem, saz-sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat medeniýet müdirligi, welaýat ýörite sungat mekdebi bilelikde welaýatymyzyň çagalar sazçylyk sungat mekdeplerini şu ýylda tamamlaýan uçurym okuwçylaryň arasynda «Zehinli ýaşlar» atly bäsleşigi geçirdi. Bu bäsleşik «Bagşy», «Türkmen milli saz gurallary», «Halk saz gurallary», «Kirişli saz gurallary», «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary», «Fortepiano» ugurlary boýunça geçirilip, onda has ökdeler öňdäki orunlara mynasyp boldular. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Aşgabatda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi geçirilýär

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Bu sergi milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, kuwwatyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň şöhlelendirýär. Bu ýerde dürli ugurlarda iş alyp barýan söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragy öz öndürýän ýokary hilli önümlerini, hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürleýärler. ...Sergiler merkezinde guralan aýdym-sazly çykyşlar sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ruhuny belende göterdi. Däp bolan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.