Watanymyzyň Şanyna yhlasly we döredijilikli zähmet üçin döwlet sylaglary
Aşgabat, 25-nji sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende götermäge uly şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň gowy işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglaryny we hormatly atlaryň dakylandygy baradaky nyşanlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglanyldy, şeýle hem ildeşlerimiziň birnäçesi «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň a