"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Täze metjit açyldy

Yslam dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri hasaplanylýan Gadyr gijesi mynasybetli düýn Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde 300 orunlyk metjidiň we şonça orunlyk sadaka jaýynyň binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Bu waka mukaddes gijäniň gymmatyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Täze metjidiň açylyşy bilen bagly dabaralara köpsanly ildeşlerimiz ― ýaşuly nesliň wekilleri, welaýatymyzyň dürli ýerlerindäki dini guramalaryň jogapkär işgärleri we ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Olar metjitde dini däpleri berjaý etmek üçin döredilen şertlerdir mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Gadyrly türgenler!

Gymmatly gollanma

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary ýokary derejede geçirilýär. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan halkymyzyň maddy we ruhy medeni mirasynyň dowamatlylygyny gorap saklamaga ýardam etjekdigini belleýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitapda ylmyň gazananlaryna esaslanýan ygtybarly garaýyşlar beýan edilipdir. Ajaýyp kitapda Änew medeniýeti bilen bagly ylmy garaýyşlar taryhy nukdaýnazardan doly subut edilip, ylmy deliller bilen berkidilipdir.

Bagtyýarlygyň binýady

Halkymyzyň saglygy baradaky alada ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol özboluşly nusga bolsa halk tebipçiliginiň köp asyrlyk tejribesini hem-de dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynyň öňdebaryjy ýörelgelerini özüne birleşdirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iri toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Saz­la­şyk­ly ädim­le­riň äh­mi­ýe­ti

Spor­tuň hem sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň jem­gy­ýe­tiň kä­mil­leş­me­gin­dä­ki or­nu­na be­ril­ýän äh­mi­ýet Wa­ta­ny­myz­da bu ugur­la­ryň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýär. Şun­luk­da, Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça dün­ýä­niň hem-de se­bi­tiň iň uly ýa­ryş­la­ry­dyr sport baý­ram­çy­lyk­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe çä­re­le­ri­niň yzy­gi­der­li gu­ral­ma­gy bi­len, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si da­ba­ra­lan­ýar. El­bet­de, şeý­le mö­hüm çä­re­le­re jem­gy­ýe­tiň uly ýaş­ly bö­le­gin­den baş­lap, ýaş ne­sil­le­riň hem iş­jeň gat­naş­ma­gy Wa­ta­ny­my­zyň aý­dyň gel­je­gi bo­lan ýaş­la­ryň be­den hem ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýär.

«Dürdür bu janyň lezzeti...»

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda adam saglygy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulyp, saglygy goraýyş ulgamy dünýä hil ülňülerine laýyk getirilýär. Şonuň bilen birlikde, döredijiliginde saglyga degişli ebedi ýaşajak eserleri miras galdyran beýik şahsyýetlerimiziň ömri, öz halkyna galdyran gymmatly mirasy içgin öwrenilip, dünýä ýaýylýar. Doglan gününiň 300 ýyllygy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan şöhratly ýylda äleme ýaň saljak dabaralar bilen belleniljek akyldar şahyrymyzy hem şol şahsyýetleriň naýbaşysy hökmünde buýsanç bilen görkezip bileris. Akyldar şahyrymyzyň halkyň aňyna müdimilik ornan dürdäne setirlerinde beýan eden saglyk hakyndaky pikir-garaýyşlary hiç haçan gymmatyny ýitirmejek jümlelerdir. «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýip belleýän beýik Pyragynyň döredijiliginde çilimkeşlik, naskeşlik ýaly ýaramaz pişeler ýazgarylyp, sagdynlygyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň waspy belentden ýetirilýär. «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun» diýmek bilen, dana şahyrymyz her bir adamyň öz saglygyny kesellemezden ozal gorap saklamagyny nesihat edipdir. Magtymguly Pyragynyň sagdyn ýaşamak, köpräk hereketde bolmak, az iýip, az ýatmak baradaky öwüt-ündewleri ähli döwürlerde hem gymmatlydyr.

Ähli döwürleriň beýik lukmany

Dünýä lukmançylyk ylmynda uly meşhurlyga eýe bolan Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly işiniň türkmen dilinde alty jiltde okyjylara ýetirilmegi bu beýik ynsana goýulýan hormat-sarpadan nyşandyr. Onuň işleri ýüzlerçe ýyllar bäri Ýewropanyň uniwersitetlerinde lukmanlaryň esasy okuw kitaplarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Abu Aly ibn Sina 980-nji ýylda dünýä inip, 1037-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň 980 – 999-njy ýyllarda Buhara şäherinde, 1000 –1012-nji ýyllarda Köneürgenç şäherinde, 1012 – 1015-nji ýyllar aralygynda Etrek, Gürgen, Dehistan sebitlerinde, 1016 – 1037-nji ýyllarda Reý, Yspyhan, Hemedan şäherlerinde ýaşandygy we işländigi barada taryhy maglumatlarda bellenilýär.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

         ŞAHYRYŇ ÖMRI                       Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe.

BAHAR BUŞLUKÇYSY

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar. Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör: — Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi, (Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar). Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi: — Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!

«Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan

BAHAR IŞDÄAÇARY Hyýary, pomidory we bolgar burçuny tegeläp dogramaly. Gök sogany 6-7 santimetr uzynlykda kesişdirmeli. Pomidor bilen bolgar burçuny bi gaba salyp duzlamaly we gaýmak bilen aralaşdyrmaly. Kesilen ogan işdäaçaryň bir gapdalyna goýulýar.

NOWRUZ DÄPLERI

Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Togsan dolup tamam boldy gyşymyz» diýşi ýaly, gyş gutaryp, parahat we asuda Zeminimize ýylylyk aralaşdy. Ülkämize bahar pasly geldi. Şu ajaýyp günlerde toýlanylýan Nowruz baýramy hem ildeşlerimize bagtyýarlygy, ruhubelentligi bagyşlaýar. «Nowruz» sözi «täze gün» diýmegi aňladýar. Ata-babalarymyz Nowruzy täzelenişiň nyşany, täze durmuşyň, bagtyň, berekediň gözbaşy hasaplapdyr. Halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhynda gadymy döwürlerden bäri giňden bellenilip gelinýän Nowruz baýramy diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, dünýä halklarynyň köpüsinde bellenilýän baýramçylyklaryň biridir. Nowruz baýramçylygy 2016-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Şol günden bäri her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Häzirki döwürde bu baýram biziň ýurdumyzdan başga Eýranda, Owganystanda, Azerbaýjanda, Täjigistanda, Yrakda, Hindistanda, Gyrgyzystanda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrtystan, Dagystan we beýleki sebitlerinde giňden bellenilýär.

FIZIKI IŞJEŇLIK – SAGDYNLYGYŇ KEPILI

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly» bölüminde Diýarymyzyň sport ulgamynda gazanylan beýik üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada buýsanç bilen söz açylýar: «Dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri hakynda eşidenimde, ýakymly duýgulary başdan geçirýärin. Şol şatlykly habarlar ýurdumyzyň her bir raýatyny hem biparh goýýan däldir, guwandyrýandyr, kalbyny buýsanja besleýändir diýip pikir edýärin. Bu üstünlikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda sporty ösdürmek ugrunda döredýän giň mümkinçiliklerimiziň ajaýyp miwesidir». Fiziki işjeňlik ýaşlaryň saglygyny berkitmäge ýardam berýär, olaryň iş başarjaňlygyny ýokarlandyrýar, sagdyn we ruhubelent, watançy nesilleri terbiýeleýär. Hereket etmek, köp ýöremek, ylgamak, ýüzmek, welosiped sürmek, sport bilen meşgullanmak bedeniň sagdyn ösmegine kömek edýär. Fiziki işjeňlik adama intellektual, ruhy we fiziki kuwwatyny doly ulanmaga ýardam berýär.

ÄLEMI ÝAZLAŞDYRÝAN BAHARYŇ GUDRATY

Bahar, sen geldiň-de, tebigata, tutuş barlyga nowjuwanlyk, ýaşaýyş, täzeleniş bagyşladyň, daş-töwerege gözellik, nepislik eçildiň. Seniň tämizligiňden, terligiňden nepesini durlan howany ýülük ýaly ýuwdan her bir ynsanyň ökjesi ýeňläp, özüni howada gaýýan ýaly duýýar. Seniň bu gudratyň syry nämede?! Seniň gadamyň düşen ýerinde gök maýsalar parç bolup, gülälekler köz ýaly ýaňaklaryny güjeňledi. Geleriňe garaşyp, bütin gyş irkilen daragtlaryň şahalarynda gaýtadan direlişiň alamaty bolan pyntyjaklar peýda boldy. Seniň bu keremiň hikmeti nämede, bahar?!

BAHAR ÝÜREKLI ŞAHYR

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryny, ynsaplylyk ýörelgesini, edebi mirasyny nesillerden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň, halypa şahyrlaryň bize galdyran medeni mirasyny öwrenmek, ony ýaş nesilleriň aňyna ýetirmek arkaly olarda watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, päk ahlaklylyk, janypkeşlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek arkaly türkmen ýaşlarynyň Watana, halka wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri babatda uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda türkmen milletiniň taryhynda, edebiýatynda yz galdyran halypa şahyrlara, ussat ýazyjylara uly sarpa goýulýar. Şeýle halypalaryň biri hem Halyl Kulyýewdir. Halyl Kulyýew türkmen edebiýatynda «Bahar şahyry» diýlip hem tanalýar. Halyl Kulyýew 1936-njy ýylyň 7-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Şyharyk obasynda doglan. Orta mekdebi tamamlap, iki ýyl mugallym bolup işläninden soň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Uniwersiteti 1960-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. Şahyry uniwersitetiň türkmen edebiýaty kafedrasyna mugallym edip işe alyp galýarlar. Halyl Kulyýew ömrüniň ahyryna çenli mugallymçylyk kärini dowam etdirýär. Ol 1978-nji ýylyň 8-nji martynda aradan çykýar. Şahyr geçen asyryň 60-70-

NESIL TERBIÝESINDE NAKYLLARYŇ ORNY

«Atany söýen, Watany söýer», «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Bir — okana, bir — dokana», «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Akyl — ylmyň hyrydary», «Dil görki — söz, ýüz görki — göz» Pähimdar pederlerimiz asyrlaryň dowamynda ajaýyp söz baýlygyny, nakyllary miras goýupdyrlar.

METHODS OF LESSON PLANNING

We teach new innovative technologies and computer programmes to students in the framework of the engineering graphics course at our Institute. We create 3D models and design projects. This course covers the elements of drawing geometry and technical drawing. The teaching method is based on graphics. The engineering graphics lesson is commonly referred to as “Drawing”. By studying the subject, future engineers learn design techniques and create drawings, and technical product drawings. We design modern machines, mechanisms, as well as houses and facilities in the models. This interconnection poses key challenges for graphics lessons. We solve many geometric problems to design surfaces of complex shapes in automotive, industrial and public buildings. We teach students how to technically formalize products and solve engineering problems using graphical methods.

ÜÇÜNJI ÝOL

Durmuşda her kimiň özboluşly ösüş ýoly bar. Kim okap öwrenýär, kim görüp öwrenýär. Dowamly ösüş barha kämillige eltýär. Adamzadyň maksady hem kämillige ymtylmak. Onuň sakasynda bolsa ylym, bilim, tejribe ýatyr. Diňe bazarda özüňi oýnatmazlyk üçin däl-de, durmuşdaky ownuk-uşak zatlaryň öňünde ejizlemezlik üçinem, her zadyň çäresini, çykalgasyny salgy berýän üşük, zehin, akyl gerek. Pikirlenmeli, oýlanmaly, gözlemeli, gat-gat kitaplaryň sahypasyny agdarmaly, gerekli zadyňy agtarmaly. Tapmaly, täzesini döretmeli. Kelle beýnisi pikir bilen gurşalan adam nämedir bir zat başarmaga, döretmäge ukyplydyr. Akylyňy baýlaşdyrýan zatlaryň biri tejribe. Durmuş meýdanynda taplanmadyk adam ýa-da özüni taplamaýan adam, öňe ýöredigi saýy büdräp başlar. Depäňdäki buludam ýük bolup görner, ýogsam ol öz suwuny özi göterýär, senden ýol soranok, ýeliň süren ugry bilen ýöreýär. Güneş diňe seni ýakýan ýalydyr, ýogsam ol ähli kişä şol bir belentlikden bakýar. Dem alýan howaňdaky kislorodlar azalyp, saňa gezek gelende bugaryp gidýän ýalydyr. Birhili, jynlar-arwahlaram köpelen ýaly, ýakymsyz düýşlere gatylyp, ne ýataňda rahatlyk berer, ne turaňda ynjalyk. Hawa, şeýle «... ýalylar» soňabaka köpeler gider. Täze zatlary dörmeseň, enaýy zatlary görmeseň, durmuşyň reňki gaýta-gaýta ýuwulmadan ýaňa solup giden esgä meňzär. Gündizlerem garaňky, ýagtylyklaram tutuksy görner.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE

Ýaş alym 577 kilometr uzaklykdan ekinlere gözegçilik etdi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby, ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginiň geçen ýylky ýeňijisi Atajan Şamyradow ekerançylyk meýdanlaryna uzak aralykdan gözegçilik etmegiň özboluşly ýoluny teklip edýär. Onuň ylmy barlaglary güýzlük bugdaýyň mysalynda alnyp baryldy.

ŞÖHRATLY GEÇMIŞI BARDYR TÜRKMENIŇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Müňýyllyklardan gözbaşyny alyp gaýdýan medeni mirasymyzy ösdürmek, olary gorap saklamak hem-de geljekki nesillere miras goýmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratly geçmişi, bagtyýar şu güni, aýdyň ertiri hakynda söhbet açmak hemişe ýakymly. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Türkmenistanyň täsin galdyrýan we seýrek duş gelýän medeni-taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklary taryhyň anyk subutnamalarydyr hem-de nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr» diýip, aýratyn nygtalyp geçilýär.