"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Kalbymyzda kuýaş, göwnümizde güneş

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bosagasynda bize «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny serpaý ýapdy. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu ajaýyp eser biziň ruhy ganatymyza, ylham çeşmämize öwrüldi. Hut şu kitapdan täsirlenip, ýaşlaryň ylym-bilime, sportuň we sungatyň dürli ugurlaryna bolan gyzyklanmalarynyň artmagy biziň gündelik işimize-de täzeçe öwüşgin çaýdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilen «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şanyna şan goşup, her birimiziň kalbymyzy egsilmez joşguna besledi.

Täze many-mazmun bilen baýlaşýan dost-doganlyk gatnaşyklary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyzda dünýä döwletleri — ýakyn goňşy we alysdaky ýurtlar bilen dost-doganlyga, özara bähbitli hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan syýasat alnyp barylýar. Sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýän syýasatyň netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň köňül buýsanjyna öwrülýär. Biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda hem şeýle guwandyryjy wakalaryň şaýady bolduk. Milli Liderimiziň Täjigistana bolan döwlet sapary goňşy döwletleriň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna baha bermekde, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmakda we türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Ösüşlerimiziň ygtybarly esasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady berkidilip, döwrebap kanunlar kabul edilýär. Munuň özi ösüp özgerýän döwrümiziň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde kämil milli kanunçylygyň ähmiýeti uludyr. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşini üpjün edýän kanunlar bolsa hukuk syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýurduň kanunçylyk hukuk namalarynyň halkymyzyň asyrlardan dowam edip gelýän demokratik, ynsanperwer ýörelgelerine esaslanmak bilen, bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidinden ugur alýandygyny bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» kanunçylyk wezipeleriniň öňde goýlandygyna aýratyn üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň möhüm ugurlary barada aýtdy. Hususan-da, maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goramagyň we goldamagyň, intellektual eýeçiligi goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň dünýä bazaryna goşulyşmagy üçin işewürlik gurşawyny

Gadymy şäheriň buýsançly tarypy

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby nesil terbiýesinde, aň-düşünje kämilliginde milli medeni mirasyň, taryhyň, däp-dessurlaryň, durmuş ýörelgeleriniň aýratyn hyzmatyny mynasyp beýan edýär. Çünki bu gymmatlyklar halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan saldamly goşandyny dolulygyna açyp görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, iňňän baý taryhyň mirasdüşeri bolan Änew şäheriniň geçmiş taryhyny ylmy taýdan içgin öwrenmekde Rafael Pampelli, Wadim Masson, Wiktor Sarianidi ýaly ägirtleriň bitiren işleri uludyr. Ol işler Änew medeniýetiniň dünýäde ykrar edilmeginde wajyp ähmiýetli boldy. Täze eser bolsa dünýä ykrarnamasyna eýe bolan gadymy Änew medeniýetiniň jümmüşine gaýybana syýahata alyp gidýär. Mazmun taýdan örän sazlaşykly ýagdaýda biri-biriniň üstüni ýetirýän baplardan hem-de bölümlerden ybarat bolan kitap türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşindäki mynasyp orny bilen içgin tanyşdyrýar. Bu bolsa biziň her birimiziň geçmiş taryhymyza, ruhy-medeni gymmatlyklarymyza, asylly durmuş ýörelgelerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Täze eseriň öz okyjylaryna şeýle buýsanjy peşgeş bermegi ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişiniň, döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň, ýol-ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamyň nesilleri üçin ruhlandyryjy güýç bolup durýandygyny görkezýär. Şol bir wagtda munuň özi eziz Diýarymyzy

Ätiýaçlandyryş işi kämilleşýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, parahat we abadan durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Ykdysady taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan döwrüň ösen talaplaryna laýyk peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň ählisi döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär. Ätiýaçlandyryş ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek we pudaklar, ulgamlar boýunça durnuklylygy üpjün etmek bilen birlikde, fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýitgileriň öwezini dolmak, töwekgelçilikli ýagdaýlarda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Bu günki gün ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamy hem döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwlet ätiýaçlandyryşynyň hukuk binýady pugtalandyrylýar, hereket edýän ätiýaçlandyryş hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar. Ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler ynsanperwer döwlet syýasatymyzdan ugur alýar. Döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, täze, has kämi

Bagta rowana menziller

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň belent wezipeleri nazarlaýan maksatnamalarynyň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Güneşli Diýarymyzyň her bir gününiň taryhy wakalara, şanly senelere, toý-dabaralara beslenmegi bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň baky bagtyýarlygyň mekanydygynyň güwäsidir. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady, syýasy taýdan depginli ösýän ýurda öwrüldi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ata Watanymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny hem-de beýleki ugurlary ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakda uly ösüşler gazanylýar. Goý, beýik işleri bitirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Änew medeniýetiň äleme ýaýylýar

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çärelere badalga berilmeginiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etdi. Toý şatlygyny artdyran gymmatly serpaý döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde, nesilleriň ruhy we ahlak kämilliginde baý medeni-taryhy gymmatlyklarymyzyň möhüm orna eýedigini ýene bir gezek tassyklady.  Täze eser ady äleme dolan Änew medeniýetini, onuň dünýäniň medeni ösüşindäki mynasyp ornuny ylmy maglumatlara salgylanmak arkaly beýan edýär. Üç dilde çap edilen kitabyň dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretjekligi hem şol anyk taryhy maglumatlar bilen berk baglydyr. Sebäbi halkymyzyň şöhratly geçmişinden, gurmak, döretmek ýaly sogaply ýörelgelerinden söhbet açýan ylmy maglumatlaryň her biri ylmy jemgyýetçiligi täze taryhy açyşlara çagyrýar. Änewiň taryhy gymmatlyklary başga ýerlerde duş gelmeýän özboluşly sungat eserleri bolup, olar ata-babalarymyzyň dünýäniň medeni ösüşine goşan ummasyz goşantlarynyň buýsançly tassyknamasydyr. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap özüniň çuňňur many-mazmunynda şunuň ýaly mizemez durmuş hakykatlaryny jemlemek bilen, şöhratly geçmiş taryhymyza, keremli topragymyza, gülläp ösüşiň nurana ýolundan okgunly öňe barýan berkarar Watanymyza bolan

Jebelde gurulýan Halkara howa menzili hyzmatyň ýokary hilini üpjün eder

Ulag hyzmatlarynyň üstaşyr hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulanmaga beriljek desgalaryň hatarynda Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Halkara howa menzili toplumyny hem görkezmegi bu hakykaty ýene bir ýola tassyklady. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ulagyň bu görnüşinde ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak işlerinde hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak, netijede, ata Watanymyzyň ählumumy ulag-aragatnaşyk ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek esasy maksat bolup durýar. Şeýle asylly maksada ýetmekde Jebel şäherçesinde gurulýan täze howa menzili möhüm ähmiýetli taslamalaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen gurluşygyna girişilen howa menzili sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolmak bilen, iň kämil aeronawigasiýa düzümleri we tehnologiýalar bilen üpjün ediler. Döredilýän şeýle mümkinçilikler hem-de menzilde dikuçarlaryň dördüsi, uçarlaryň bolsa altysy üçin duralgalaryň göz öňünde tutulmagy halkara derejeli howa menzilinde dürli görnüşli howa gämilerini kabul etmäge şertleri döreder. Şunda hyzmatlaryň ýokary hil derejesiniň esasy orunda durýandygyny

Beýik ösüşleri nazarlaýan tutumlar

Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan beýik tutumlary netijesinde agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy yzygiderli gowulanyp, berkarar Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhraty täze belentliklere göterilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň bezegine öwrülýän hem-de badalga berilýän düýpli özgertmeler bu mizemez hakykaty ýene bir ýola doly tassyklaýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” bolsa şeýle döwletli tutumlaryň binýadyny has-da berkitdi. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, röwşen geljegine gönükdirilip, üstünlikli durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin maksatnamalaryň çäklerinde, ýurdumyzda diňe bir milli bähbitleri däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini naýbaşy orunda goýýan ägirt uly taslamalar amala aşyrylýar. Halkara derejeli gaz hem-de elektrik geçirijileriň, ulag ýollarynyň, aragatnaşyk ulgamlarynyň ägirt uly taslamalarynyň gurluşyk işleriniň giň gerimde alnyp barylmagy, ýurdumyzyň sebitlerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de önümçiligiň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen iri möçberli desgalaryň il hyzmatyna berilmegi munuň anyk subutnamalarydyr. Halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän örän oýlanyşykly, döredijilikli, geljegi uly bolan her bir başlangyjy tüýs ýürekden goldaýar hem-de ýurdumyzda milli demokratiýan

Zehinli ýaşlar kemala gelýär

Taryhy tutumlary bilen röwşen geljegini gurýan eziz Diýarymyz dünýäde bagtly çagalygyň ýurdy hökmünde meşhurdyr. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, aýdym-saz, döredijilik bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän aladalar ata Watanymyzy belent derejä ýetirdi. Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda nusgalyk tutumlar üstünliklere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gurduran häzirki zaman bilim-terbiýe, medeniýet we sungat ojaklarynyň, medeni-dynç alyş we sport merkezleriniň, kitaphanalardyr muzeýleriň hatarynyň yzygiderli artmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda hem çagalaryň tebigy zehin-ukyplaryny ýüze çykarmaga, olary sungatyň dürli ugurlaryna ugrukdyrmaga mümkinçilik berýän döredijilik bäsleşiklerini, festiwallary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi bagtyýar çagalaryň kalbyna ylham berip, aýdym-saza, bilimdir döredijilige höweslerini artdyrýar. Olaryň döredijilik we zehin taýdan kämilleşmekleriniň gözbaşyna öwrülýär. Watanyň egsilmez baýlygy, güýç-kuwwaty hasaplanylýan zehinli ýaş nesliň kemala gelmegi üçin nusgalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz egsilmezdir. 

Täzelikler

Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan olimpiadalar guraldy. Olimpiadalarda mekdep okuwçylarymyz üstünlikli çykyş etdiler. Olar diplomlar, medallar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Halaç, Dänew etraplarynyň orta mekdepleriniň okuwçylary bu olimpiadalarda ýeňiji bolmagy başardylar. Olimpiadalaryň düzgünnamasyna laýyklykda guramaçylyk toparlarynyň çözgüdi esasynda gutardyş synpda okaýan, ýokary netije gazanan okuwçylara bu ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim almak üçin ýeňillikler dörediler.

Welaýatymyzda Oraza baýramy bellenilýär

Şu gün döwletli Diýarymyzda pederlerimizden geçip, şu günümize gelip ýeten gadymy baýramlarymyzyň biri bolan Oraza baýramy bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda mukaddes baýramy maşgala ojaklarynda garşylan ildeşlerimiz säher bilen metjitlerde baýram namazyna durup, ýagşy doga-dilegleri etdiler. Oraza baýramynyň bu däbine biziň welaýatymyzda hem eýerilip, ir säher bilen sebitdäki ähli metjitlere mähelle ýygnandy. Olarda agzybirlik bilen baýram namazlary okaldy.

Oraza baýramyna

Ýagşy dilegler edildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dana pederlerimizden miras galan asylly däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Mübärek Oraza aýynda agyz beklemek, oraza tutmak asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten asylly däplerimiziň biridir.

Ömre gönezlik ynanç

Ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň «Ýylyň dört paslynda — on iki aýda, Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip taryplan mukaddes aýynda ýagşylyk we ynsançylyk barada adamlar, megerem, adatdakydan kän oýlanýandyrlar. Çünki mukaddesliklere we ruhy gymmatlyklara baý bolan Remezan aýy ynsanlary bezeýän iň ajaýyp duýgularyň, häsiýetleriň timarlanýan, terlenip, pür-pudak ýaýradýan aýy. Arzylanyp, buşlanyp garşy alynýan aýyň bosagasynda we tutuş dowamynda ýurt derejesinde amal edilýän sahawata ýugrulan beýik işler tutuş jemgyýeti, onuň her bir agzasyny haýyr-sogabyň yşgyna atarýar. Şu ýyl hem hut şeýle boldy. Saud Arabystanynyň Jidda şäherine Aşgabatdan ýola goýlan täze howa gatnawy bilen ildeşlerimiziň ýüzlerçesiniň umra haj zyýaratyny amala aşyrmaklary, oba-şäherlerde haj sadakalarynyň berilmegi, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly zenanlaryň uly toparyna hormatly atlaryň dakylmagy, täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy, jaý toýlarynyň tutulmagy kalplarda Watana, döwlete alkyşyň, sahawatlylygyň we şükürliligiň artmagyna getirdi.

Sahawatlylygyň we hoşniýetliligiň baýramy

Täze taryhy eýýamda toý-baýramly Diýarymyzda dabaraly bellenilýän baýramçylyklaryň biri-de Oraza baýramydyr. Bu baýram her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Permanyna laýyklykda hem-de şonda görkezilen senede bellenilýär. Bu babatdaky çözgüt Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, şu ýyl Oraza baýramy 10-njy aprelde bellenilýär.

Resmi habar

Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen, şeýle hem “Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2024-nji ýylyň 27-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Täjigistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyrylyşy boldy

Dostlukly döwletde guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» we «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda täjik tarapynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kitaplarynyň baý many-mazmunyna we çeperçiligine ýokary baha berip, bu eserleriň dünýäniň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýändigini bellediler.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary

5-nji aprelde Türkmenistanyň söwda toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň söwda toplumynyň ýolbaşçy düzümleri we şol ugurlardaky wekiller gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek we gorap saklamak baradaky müdirliginiň başlygy Muhammet Mämmedow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryhy we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri Kakajan Baýramow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Toýly Hommyýew, «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri Orazguly Annaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Aýna Baýmuradowa, şeýle-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Ahmet Annaberdiýew dagy çykyş etdiler.

Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine

Hormatly dabara gatnaşyjylar!Gadyrly türgenler! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.