"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Gözelligi bahar-ýaza ýaraşyk

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreler giň gerime eýe bolýar. Düýn Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna deslapky tapgyrda saýlanan bedewler gatnaşdyryldy. Şonda Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlarymyzdan gözellikde öňe çykan bedewler, ilki bilen, bezegsiz, ikinji gezekde bolsa şaý-sepler bilen bezelen, halyça bilen eýerlenen görnüşinde meýdança getirildi. Halkymyz gadymdan bäri ynamdar dosty bolan ahalteke bedewlerini altyndyr kümüş ýaly gymmatbaha daşlardan ýasalan şaý-sepler bilen bezäpdir. Her bir at ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, köpçülige görkezildi. Bu atlaryň her biri meşhur nesil ugruny dowam edýär. Behişdi bedewleriň köp sanly janköýerleri arassa ganly ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşyna, gözelligine mynasyp baha berdiler.

Aty bilen adygan türkmen

Türkmen halkynyň bedewe bolan söýgüsi örän ýokarydyr. Türkmen bedew ata «Görogly» ýaly şadessany bagyşlan halkdyr. Halkymyzyň seýisçilik, atşynaslyk sungaty öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Meşhur taryhçylar, syýahatçylar hem öz ýazgylarynda behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetiripdirler. Hytaýyň, Hindistanyň, Müsüriň, Gresiýanyň taryhy rowaýatlarynda, dürli çeşmelerde türkmen bedewleri «behişdi bedew», «ganatly bedew», «daglaryň gerşinde ýaşaýan bedew» diýlip taryplanýar. Orta asyrlarda ýaşan bir arap taryhçysy: “Türkmen atdan has oňat baş çykarýar. Ol atyna isleýşi ýaly terbiýe berýär. Atyny özi ösdürýär we ony taý wagtyndan başlap terbiýeleýär. Türkmeniň ýaşan ömrüni jemleseň, atyň üstünde geçen günleriniň ýerde oturanyndan köpdügine göz ýetirersiň” diýip ýazypdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodotyň ahalteke bedewleri baradaky sözleri häzirki günlerde-de dilden düşmeýär. Ol şeýle ýazypdyr: “Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar. Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar. Bu bedew şalara mynasyp. Olar buýsançly başyny belent tutýarlar we ýallary howada öwşün atýar”.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Nah ýüplüklere isleg artýar

Maslahat geçirildi

Düýn — 22-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Ýokary derejede geçirilen maslahata bu ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Maslahatyň barşynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň wideoýüzlenmesi görkezildi. Soňra institutyň rektory çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ulag pudagyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini belledi. Çykyş edenler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýan ulag diplomatiýasynyň daşary syýasatymyzy ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar. Şeýle hem ýakynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisinde garalan meseleler barada durlup geçildi.

Medeni gymmatlyklarymyza sarpa

Sarahs etrap bilim bölüminiň guramagynda etrabyň çäginde ýerleşýän, il arasynda Sarahs baba ady bilen meşhur bolan Abulfazl Hasanynyň  kümmetiniň suratyny çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň gadymyýetimize we taryhy geçmişimize bolan buýsanjyny artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşige etrabyň ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerine mynasyp baha berdiler. Şeýlelikde, birinji orna 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Agageldi Hümmedow, ikinji orna şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Soltanmyrat Sapalyýew, üçünji orna bolsa 19-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Selim Şöhradow mynasyp boldy.

Mekdep okuwçylary futbolda bäsleşdi

Änew şäherindäki sport desgasynda “Altyn top” ady bilen futbol ýaryşynyň Ak bugdaý etrap tapgyry geçirildi. Okuwçy ýaşlary sporta giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, sport ussatlygyny ýokarlandyrmak we uly derejedäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen ýaryşa etrapdaky umumybilim berýän orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy. “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan ýaryş çekeleşikli duşuşyklara baý boldy. Şol duşuşyklaryň her biri ýaşlaryň sport ussatlygyny aýdyň ýüze çykardy hem-de ýaş nesliň arasynda futboluň meşhurlygynyň artýandygyny görkezdi.

Ýelden ýüwrük bedewleriň ýaryşy

Balkan  atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň  ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky at çapyşygy geçirildi.         Atçylyk sport toplumynyň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen ajaýyp meýdançada  guralan dabaralar türkmen toýlaryna mahsus ýokary ruhubelentlige beslendi. Giňden ýaýbaňlandyrylan dürli medeni-sport çärelerinden, joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar soňra gyzykly at çapyşyklaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine

Hor­mat­ly «Gal­kan» hok­keý to­pa­ry­nyň tür­gen­le­ri we tä­lim­çi­le­ri! Si­zi paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­myn­da ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­da üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­ma­gy­ňyz bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da­ky no­bat­da­ky sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň – hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şyň halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ýur­du­myz­da spor­tuň gyş­ky gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne, hok­keý bo­ýun­ça tür­gen­le­riň us­sat­ly­gy­ny we tej­ri­be­le­ri­ni art­dyr­ma­ga uly go­şant bo­lan­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn.

Ar­ka­dag­ymyzyň nusgalyk göreldesi

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän top­lum­la­ýyn stra­te­gi­ýa­la­ryň ne­ti­je­sin­de, türk­men spor­ty hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kdy. Biz mu­ňa 15 – 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da Aş­ga­ba­t­da ge­çi­ri­len hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­da hem aý­dyň­ly­gy bi­len göz ýe­tir­dik. Ýa­ry­şy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow de­giş­li Ka­ra­ra gol çek­di. Şol res­mi­na­ma esa­syn­da gu­ra­ma­çy­lyk to­pa­ry dö­re­dil­di we onuň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da spor­tuň gyş­ky gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýaş türk­me­nis­tan­ly­lar spor­tuň hok­keý we fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak gör­nüş­le­ri bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýar­lar.

Üstünlige beslenen ýaryş

Ýewropanyň we Aziýanyň ençeme ýurtlarynyň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzda guralan hokkeý boýunça halkara ýaryş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň baýrak gaznasyny has-da baýlaşdyrdy. 15 — 20-nji aprelde geçirilen bäsleşik dünýäniň hokkeý janköýerleriniň nazaryny ata Watanymyzyň paýtagty merjen şäherimiz Aşgabada gönükdirdi. Bize-de bu halkara ýaryşa gatnaşmak bagty miýesser etdi. Türkmen topragyna dünýä ýurtlaryndan gelen türgenleriň, tälimçileriň we beýleki myhmanlaryň Milli Liderimiziň paýhasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň we ak mermere beslenen paýtagtymyzyň owadanlygy, arassalygy we ajaýyplygy bilen özlerinde juda ýakymly täsirleri galdyrandygy baradaky gürrüňlerini eşitmek diýseň ýakymly boldy. Türkmen hokkeýçileriniň, ýagny «Galkan» toparynyň üstünlikli çykyş etmegi bolsa ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegi babatda durmuşa geçirilýän uly işleriň aýdyň görkezijisidir.

Welaýatlardan habarlar

Ýaşlaryň spor­ty gün­de­lik hem­ra­sy­na öwür­me­gin­de sport mek­dep­le­ri­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir. Ine, Ma­ry et­ra­by­nyň sport mek­de­bin­de hem ýa­ryş­lar­da my­na­syp çy­kyş et­mä­ge ukyp­ly tür­gen­ler ke­ma­la gel­ýär. Bu ýer­de spor­tuň bir­nä­çe gör­nü­şin­den tür­gen­le­şik iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Ýe­ňil at­le­ti­ka hem şo­la­ryň bi­ri­dir. Biz bu ýer­de gel­je­gi­ni ýe­ňil at­le­ti­ka­da gör­ýän ýa­şa­jyk tür­gen­le­riň il­kin­ji ädim­le­ri­ni ynam­ly ät­le­me­gin­den baş­lap, ola­ryň äh­mi­ýet­li ýa­ryş­la­ra uza­ýan ýo­lu­nyň bin­ýa­dy­ny goý­ýa­rys. Türk­men ýaş­la­ry­nyň sport­da bar­ha kä­mil­leş­me­gi, aja­ýyp ne­ti­je­le­re eýe bol­ma­gy üçin äh­li şert-müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze sag­bol­sun

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sportuny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny hem-de sportuň hokkeý görnüşi boýunça okuw-türgenleşik we tälimçilik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländiklerini hem-de gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryny bellemek hakynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary hem-de çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY

2024-nji ýylyň 15 — 19-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, şeýle hem oňa (mundan beýläk maslahat) gatnaşan ulag-logistika kompaniýalarynyň — OSJD-ä goşulyşan kärhanalaryň wekilleri aşakdakylar barada beýan etdiler: Maslahatyň dowamynda halkara demir ýol daşamalary ulgamyndaky meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy we halkara demir ýol daşamalaryny, ilkinji nobatda, Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky gatnawlarda demir ýol arkaly daşamalary mundan beýläk-de ösdürmegiň, bu ugurda ylalaşykly ulag syýasatyny kemala getirmegiň, halkara demir ýol ulagynda kadalaşdyryjy halkara hukuk şertnamalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Dünýä baýlarynyň täze sanawy düzüldi

Ýakynda «Forbes USA» žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täze sanawyny çap etdi. «Louis Vuitton Moët Hennessy» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Bernar Arno eýýäm bassyr iki ýyl dollarly milliarderleriň sanawynyň başyny çekip gelýär. Bir ýylyň içinde onuň emlägi 22 milliard amerikan dollary möçberinde artyp, baýlygy 233 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. «Forbes USA» žurnaly: dünýäniň iň baý adamlarynyň täze sanawynyň ilkinji onlugy

Ak ýollar bagta rowan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Şeýle döwrebap ýollaryň gurulmagy, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda, ýurdumyzy ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu barada awtobanyň gurluşygyna dahylly hünärmenler, şeýle-de Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary buýsanç bilen gürrüň berýärler. Döwlet KÖMEKOW, «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory:

Be­hiş­di be­dew­le­re nus­ga­lyk buý­sanç

«Ahal­te­ke be­dew­le­ri hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­dyr we asyr­la­ryň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­ti­ren gym­mat­lyk­la­ry­nyň naý­ba­şy­sy­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­hiş­di be­dew­le­re buý­san­jy­nyň nus­ga­lyk­dy­gy za­ma­na­my­zyň aja­ýyp ha­ky­ka­ty­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa­kyn­da Arkadag şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry­nyň bar­şyn­da hem bu ha­ky­ka­ta ýe­ne bir ýo­la göz ýe­tir­dik. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz şol ýer­de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da açy­lyp ulan­ma­ga ber­len Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­syn­da il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän Türk­men be­de­wi­niň mil­li baý­ra­my­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy.

Ga­dy­my şä­he­riň ta­ry­py

Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ze, me­de­ni mi­ra­sy­my­za hor­mat-sar­pa goý­mak, ola­ry dün­ýä ýaý­mak gel­jek­ki ro­waç­lyk­la­ryň öze­ni­dir. Bu ugur­da ägirt uly iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­na bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýi­ti ze­hi­nin­den, jöw­her paý­ha­syn­dan dö­rän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň eli­mi­ze go­wuş­ma­gy aý­dyň su­but­na­ma bol­dy. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da TÜRK­SOÝ bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar giň­den ös­dü­ril­ýär. Me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny üp­jün et­mek we dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler halk­la­ry dost­laş­dyr­ýar. TÜRK­SOÝ-yň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mej­li­sin­de Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi hal­ky­my­zyň ta­ry­hyn­da öz­bo­luş­ly orun eýe­le­ýän ga­dy­my şä­he­riň dün­ýä ýaň sa­lan şöh­ra­ty­nyň ýa­ňa­dan da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny bol­dy.

Türkmen topragynyň hazynasy

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХV jilti hem biz lukmanlaryň ýankitabymyza öwrüldi. Onda milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly türkmen Diýarymyzda ösýän dermanlyk ösümlikler dünýäsindäki endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikleriniň birnäçesi barada giňişleýin maglumat berilýär. Kitap iki bapdan, ýagny dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetnamasyndan we maglumatnamadan ybaratdyr. Bu dermanlyk ösümlikler Türkmenistanyň şypahanalarynda ýörite şypahana şertlerinde bejergi alýan adamlar üçin hem örän peýdalydyr. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň milli tebipçilikde hem halk lukmançylygynda 2000-den gowrak görnüşi peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitabynyň esasy maksady lukmançylyk ulgamynyň işgärlerine, dermanlyk çig mallary taýýarlaýanlara, ýygnaýjylara we ösümlik dünýäsi bilen iş alyp barýan ähli adamlara dermanlyk ösümlikler barada öz bilimleriniň üstüni ýetirmekden, olaryň daşky gurluşy, ösüş şertleri, himiki düzümi, lukmançylyk amalyýetinde peýdalanylyşy hem taryhy, ýygnamagyň möhleti hem-de usullary, saklamagyň düzgünleri barada maglumatlar bermekden ybaratdyr.