"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Haýyr-sahawatyň rowaçlanmagy

Golaýda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine üns çekilmegi bu haýyr-sahawat gaznasynyň dünýä ýüzünde barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Ýurdumyzdan ýörite wekiliýetiň gatnaşmagynda geçen «Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler maksatnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşýan goşandy» atly bu mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler bilen hem tanyşdyryldy. Hususan-da, mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «ICPD+30» ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribe we öňe ilerlemegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guralyp, ol Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatda kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda milli tejribeleri alyşmagyň möhümdigini nygtamaga gönükdirildi. Bu duşuşyga BMG-niň Ilat gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin direktory Florens Baueriň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Çagalary goramak boýunça departamentiniň direktory Şima Sen Guptanyň, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekilleriniň we bilermenleriň gatnaşmagy ýurdumyzda dünýä nusgalyk derejede aln

Senagat we sement

Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşy hakda Her günüň öz ýakymy, her aýyň öz ýalkymy bar. Özüňiz bilýäňiz, bu biziň ýurdumyzda şeýle. Her aýda ýalkym saçýan tutumly işler hem uly ýakym bagyşlaýar. Döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda 13-nji martda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, 17-nji aprelde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi ýyllara ýalkym saçýar. Özem döwlet Baştutanymyzyň mübärek gadamynyň düşmegi bilen ýene-ýene birnäçe buýsançly wakalar hem sepleşip-sazlaşyp şaha ýaýradýar. Dek düýnüň özünde hormatly Prezidentimiziň açyp ulanmaga beren Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry hem iňňän uly işleriň biri.

Şanly ýyl şowlulyklara beslenýär

Hormatly Prezidentimiz halkyň egsilmez döredijilik güýjüne daýanyp, abadan ýaşaýşyň bähbidine gönükdirilen syýasaty üstünlikli ýöredýär. Şeýle ýokary derejedäki sazlaşyk Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen nusgalyk ýörelgesinde aýdyň beýanyny tapýar. Agzybirlik, ruhubelentlik bilen çekilýän zähmet özüniň mynasyp miwelerini-de berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dört aýynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşylan Hökümet mejlisinde aýratyn durup geçdi. Gazanylýan gowy görkezijilerde welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň işgärleriniň paýy barha saldamly bolýar. Şanly ýylyň geçen ýanwar —aprel aýlarynda welaýatymyzyň senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 7168,2 million manada barabar boldy. Bu möhüm görkeziji döwletimize dahylly bölekde 2097,1 million manada ýetdi. Öndürilen önümleriň gymmatlyk möçberiniň esasy bölegi nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik möçberiniň hasabyna emele geldi. Gazanylan üstünlikde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalarynyň paýlary yzygiderli ýokarlanýar.

Rus obasyndan türkmen şäherine

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy hem ynsanyýetiň hakydasynda müdimilik orun alan pajygaly wakalaryň biri. Millionlarça adamyň ömür tanapyny kesen bu ýowuz urşuň kynçylyklaryny öz gerdeninde çeken adamlaryň kalbynda ajy hasrat ýaşaýar. Emma, gynansak-da, wagt geçdigisaýyn şeýle gowgaly günleri başdan geçiren, Watan üçin söweşen uruş weteranlarynyň we olaryň yzynda galyp, zähmet edermenliginiň beýik nusgasyny görkezen gahrymanlaryň sany azalyp barýar. Ýöne olaryň edermenligi nesilleriň kalbynda ebedilik ýaşaýar. Şeýle gahrymançylyk ýoly bilen köplere nusga bolýan goja esgerleriň biri-de Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Iwan Wasilýewiç Agupowdyr. Döşüni ýeňiş medallarydyr ordenleri bezeýän Iwan Agupow bir asyra golaýlap barýan ömrüniň dowamynda Beýik Ýeňşi 79-njy gezek baýram edýär. Ol Russiýanyň Woronež oblastynda dünýä inip, 1944-nji ýylda meýletinlik bilen goşun hataryna gidipdir. Şonda ol bary-ýogy 17 ýaşynda eken. Iwan aga söweş ýyllarynda dürli milletleriň wekilleri bilen dostlaşyp, başdan geçiren dürli kynçylyklaryny, hupbatly günlerini uly tolgunma bilen ýatlaýar. Ol mukaddes topragy dürli çozuşlardan goramakdaky jeňlere, hatda Hytaýyň Harbin welaýatyny ýapon goşunlaryndan halas etmek ugrundaky söweşe hem gatnaşypdyr. Ençeme külpetlere, kynçylyklara döz gelen Iwan Agupow ýeňşi-de frontda garşylaýar. Uruş tamamlanandan soň ol Türkmenistana harby

Watan gerçekleriniň hormatyna

Şu günler güneşli ýurdumyzda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berilýär we uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Hormatly okyjylar!

2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Türkmen gündogary» gazetiniň çap edilýän hem-de elektron görnüşlerine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. Gazetimiziň çap edilýän görnüşine abuna ýazylmak üçin ýurdumyzyň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Gazetimiziň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasyndan hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda

Ösüşler — bagtyýar durmuşyň kepili

Eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Durmuşa geçirilen taryhy tutumlaryň netijesinde tanalmaz derejede özgeren, gözelleşen Watanymyzda täze-täze sepgitler nazarlanýar. Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, sebitleri düýpli özgertmek, ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrümiziň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Il agzybirliginde, ýurt abadançylygynda röwşen geljege ynamly barýan halkymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ägirt uly üstünliklere beslemek üçin zähmetsöýerligiň belent nusgasyny görkezýär. Ýetilýän sepgitler berkarar Watanymyzyň ösüşli menzillerinde täze-täze belentliklere ýol açýar.

Adam hakyndaky aladanyň aýdyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda gurmagyň hem döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň ajaýyp zamanada gazanýan beýik ösüşleri halkymyzyň agzybirliginiň, ýurdumyzyň abadançylygynyň güwäsi bolup, halk baradaky aladany öz içine alýar. Raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň ata Watanymyzyň ösüşleriniň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döwrebap şertleri döretmek döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»  diýen ynsanperwer taglymatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, tutumly işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Berkarar döwletimiziň ähli mümkinçilikleri öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, tutuş halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny üpjün etmegiň anyk ugurlaryna gönükdirilýär» diýip nygtap geçişi ýaly, döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça göz öňünde tutulan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kabul edilen giň gerimli maksatnamalar bolsa ýurdumyzyň geljekki ösüşlerini şertlendirmek bilen, raýatlary durmuş taýdan ygtybarly goramak boýunça işleriň alnyp barylýandygynyň kepili bolup dabaralanýar.  Goý, bize ajaýyp döwletli-döwrany peşgeş ber

Watan goragy mukaddesdir

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli welaýatymyzda aýdym-sazly dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň biri «Watan goragy mukaddesdir» ady bilen Balkanabat şäher häkimliginiň, şäher medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirildi. Oňa uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary, tylda zähmet çekenler, harby gullukçylar we edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenler asuda durmuş üçin baş goýan gahrymanlarymyzyň, merdana esgerlerimiziň görkezen gaýduwsyzlyklary, edermenlikleri hakynda gürrüň berdiler, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde olaryň nusgalyk mekdep bolup durýandyklaryny nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň erkinligi, azatlygy ugrunda döş gerip söweşen uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken ildeşlerimiziň sarpasynyň mydama belent tutulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Halkymyzy eşretli hem-de bolelin durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýüreklerde baky ýaşar adyňyz

 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşe 79 ýyl dolýar. Türkmen halky şol gün edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen Watana bolan beýik söýgüsini görkezen gerçeklerini ýatlaýar. Sebäbi halk öz gahrymanlaryny hiç haçan unutmaýar, döwlet öz gahrymanlary bilen beýgelýär. Şol gazaply uruşdan bäri ençe ýyllaryň geçendigine garamazdan, türkmen halky urşa giden gaýduwsyz gerçeklerini hem-de tylda gijesini gündiz edip işlän, ýar ojagyna wepalylygyň nusgasyny görkezen mähriban enelerimizi uly hormat bilen sarpalaýar. Olaryň durmuşy biziň ýaş nesillerimiz üçin mertligiň, gaýduwsyzlygyň, Watana bolan beýik söýginiň gaýtalanmajak mekdebidir.

Pederleriň mertligi nesillere nusgadyr

9-njy maý — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyndaky «Baky şöhrat» ýadygärligine hem-de muzeýe baranyňda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň gazaply uruş döwri we onda gazanylan Beýik Ýeňiş barada gussaly we şol bir wagtyň özünde-de buýsançly oýlanmalar kalbyňy gaplap alýar. Gussaly ýeri, uruş pidasyz, ýitgisiz bolmaýar. Beýik Watançylyk urşy hem adamzada jebir-jepa, betbagtçylyk getirdi. Frontdan örän alysda ýerleşenem bolsa, uruş odunyň ýalny türkmen iline-de çabrady. Gerçek ýigitlerimiz ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna gitdiler, olaryň müňlerçesine mähriban ojaklaryna dolanyp gelmek miýesser etmedi. Buýsançly ýeri, türkmenistanly esgerler hem gahrymanlarça söweşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler we Ýeňşi gazanmaga mynasyp goşantlaryny goşdular.

Haly gurnaklarynyň arasyndaky bäsleşik

Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan eden «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi we olara halyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwretmegi maksat edinen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşanlar öz haly gurnaklaryny çeper sözleriň üsti bilen tanyşdyrdylar, däp-dessurlarymyzy goşgularda, aýdymlarda, rowaýatlarda beýan etdiler. Öz ýanlary bilen getiren haly önümlerini çitip, dokap, olara salan nagyşlary barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitaby esasynda halyçylyk sungatyny wasp etdiler.

Gerçeklere tagzym edeliň!

«Gulluk» diýip, ýola düşen ogluny,Mertlik bilen ýola salypdyr ene.«Ýene-de görüşmek nesip bormuka?!»,Diýip, gözýaşyny sylypdyr ene. «Käbäm, sen aglama, gaýdyp gelerin,Gulluk geçer, penakäriň bolaryn.Atasyz ösdürdiň, gadryň bilerin,Nesip bolsa, ynha, men dolanaryn»

Zähmet howpsuzlygy berjaý edilýär

Ýurdumyzda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda zähmeti goramak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Zähmeti goramak adamyň durmuşynda möhüm orun tutýar. Işiň dogry guralmagy  öndürijiligi ýokarlandyrýar we önümçilik şikesleriniň ähtimallygyny düýpgöter azaldýar. Bu bolsa zähmetiň ykdysady tarapyna gönüden-göni oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ähli pudaklarda zähmetkeşler üçin döwrebap iş şertleri döredilýär. Raýatlaryň zähmet şertleri babatda kanuny hukuklarynyň üpjün edilmegini, olaryň saglygynyň talabalaýyk goralmagyny gazanmak, iş orunlarynyň guralmagyny gowulandyrmak, zähmetiň kadalaşdyrylmagyny amatlaşdyrmak baradaky aladalar kärdeşler arkalaşyklary birleşmeleriniň hünärmenleriniň alyp barýan işleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Iş berijiler we zähmet toparlary bilen geçirilýän düşündiriş we usuly-maslahat çärelerimizde  önümçilik işinde işgärleriň ömrüniň we saglygynyň hemme zatdan ileri tutulýandygyny nygtaýarys, işgärleriň aýratyn topary hökmünde zenanlar, ýetginjekler, maýyplar üçin ýörite bellenen ýeňillikleri ýatladyp, zähmeti goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýarys. Raýatlarymyzy durmuş taýdan goramak işine ýakyndan dahyllydygymyz buýsanjymyzy artdyrýar, ynsan baradaky döwlet derejesindäki aladalara mundan beýlägem goşandymyzy goşmaga ruhlandyrýar.

Türkmen tebigatynyň taýsyz peşgeşi bedew

Türkmen tebigatynyň dag-düzleri, sähra-ýaýlasy diýseň owadan hem gözel, howasy jana derman. Ine, şeýle tebigatda türkmeniň behişdi bedewleri dünýä inýär, ýokumly otlardan iýmitlenýär, durnagöz çeşmelerden suw içýär. Pasly-bahar güle çümen çaglary,Joş uranda sähra-düzi, daglary,Göwün at üstünde ganat baglady,Seýle çykyp alys ýollara, bedew! —

Gül boldy, gideli biziň illere

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabynda: «Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýip belleýär. Şu sözlerdenem görnüşi ýaly, taryha adyňy ýazdyrmak, ýagşy işleriň bilen at goýup gitmek adamyň dünýäde ýerine ýetirmeli iň esasy amallarynyň biridir. Onda-da halklaryň, milletleriň aňynda öçmejek yz goýmak şol şahsyýet üçin bagtyň alamaty bolup, şeýle adamlar soňky nesilleriň hakydasynda ömürlerini baky dowam etdirýärler. Hut şonuň üçinem ata-babalarymyz «Ýagşydan at galar», «Ýagşyny älem arzuwlar» ýaly onlarça paýhas dürdänelerini döretmek bilen, ynsanyň haýyr işleri bitirip gazanan at-abraýynyň hiç wagt egsilmeýändigini nygtapdyrlar. Adamzadyň medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşan halkymyzyň nusgawy edebiýatynyň taryhynda özboluşly mekdep, ýol-ýörelge döredip, geljekki nesillere baý edebi miras goýup giden, ady äleme dolan şahyrlarymyz, akyldarlarymyz, söz ussatlarymyz barmak büküp sanardan köpdür. Olaryň aglabasyna gadymy türkmen topragynda ýaşap, halkyna hyzmat etmek bagty miýesser eden hem bolsa, il- -gününden aýra düşüp, Watan zaryny çeken ägirtlerimiz hem bardyr. Dünýä halklaryna ajaýyp şygyrlary miras galdyran Garajaoglan hem şolaryň biridir.

Dana şahyryň sarpasy

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygyrda ýurdumyzda akyldar şahyrymyzyň ebedi mirasyna goýulýan hormatyň uludygy aýdyň görünýär. Türkmeniň ruhy sütüni bolan Magtymgulynyň çuň mazmuna eýe bolan döredijiligi halkymyzyň kalbynyň owazydyr, her bir ynsan üçin gözellik we ylham çeşmesidir. Şahyryň ebedi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, pikir ummany tapylgasyz hazynadyr. Çeper söz ussadynyň şygyrlary türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, asly nurdan bolan milletimize geljegiň ýoluny salgy berýär. Onuň umman ýaly giň döredijilik äleminde erkinlik, özbaşdaklyk, agzybirlik ýaly halkyň asylly pikirleri jemlenendir. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda: «Akyldar şahyrymyzyň öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri her bir türkmeniň kalbyna we aňyna baky ornaşdy» diýip belleýär. Söz sungatyndan köşk gurup, tutuş adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrülen dana nusgawy şahyra uly hormat goýulýar. Onuň ajaýyp şygyrlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdym bolup dünýä dolýar.

Asyrlaryň owazyna öwrülen ajaýyp şygyrlar

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy ynsan kalbyny ýagşy umyt-arzuwlara, öçmejek nura besleýän ajaýyp şygyrlary bilen ýüreklerde ýer eden şahyrdyr. Durmuşyň ähli taraplaryny şygryýet dünýäsine siňdiren söz ussadynyň baý edebi mirasy dünýä edebiýatynda görnükli orunda durýar. Dana Pyragy halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat--şanyna» diýip aýdyşy ýaly, beýik şahyry dünýä beren halkymyzyň, bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan berkarar ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä doldurýar.

Gymmaty öçmejek sene

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watan gahrymanlarynyň, olaryň yzynda galanlaryň, mährem enelerimiziň mertebesi bu günki günde sarpasy belentde tutulýar. Türkmen ýigitlerimiz Watançylyk urşunda asuda, bagtyýar döwrümiz üçin gara başlaryny orta goýup, söweşdiler. Şol gahrymanlarymyzy sarpalap, şu günki günde, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Watançylyk urşunda gan dökülip gazanylan Beýik Ýeňşiň baýramy Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ähli künjeginde bellenilip geçilmegine giňden taýýarlyk görlip, olara sowgat gowşurylyş dabaralary geçirilýär.

Arkadag şäheri — bagtyň bahary

Arkadag şäheri, sözüň doly manysynda, baky bagtyň bahary. Bahar bolsa kalbyňy joşduryp, ýüregiňe egsilmejek ylham berýär. Şu ýylyň 27-nji aprelinde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şonda Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň atşynaslarynyň adyndan täze doglan taýçanak sowgat berildi we döwlet Baştutanymyzdan bu taýa at goýup bermegi haýyş edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda doglan bu taýçanagyň ady Ylham bolsun!» diýdi. Döwlet Baştutanymyz gadymdan gelýän asylly däbe eýerip, täze doglan Ylham atly taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlaryň dabaralanýan ýurdunda bagtyýar ýaşamak, işlemek has-da özboluşly duýgy bagyşlaýar. Milli atşynaslarymyzy, ahalteke bedewlerini umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwren Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdir