"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Aşgabat duşuşygy: ynanyşmak ruhy bilen nurana geljege

24-nji maýda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň we başlangyçly orny eýeleýändigini görkezdi, şeýle-de gatnaşyjy ýurtlaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklady. Mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada gurama agza ýurtlaryň wekiliýetleri geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň geçirilýän ýeri paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasy boldy.

Ýubileý senä ajaýyp sowgat

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onuň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza ajaýyp sowgat boljakdygyny belledi. Bu barada şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysyny tanyşdyrmak mynasybetli geçirilen dabaralarda-da aýratyn nygtaldy. Dabaralarda edilen çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigi bellenildi. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alyndy.

Ak arzuwlar bilen uly durmuş ýoluna

«Soňky jaň» dabarasy ýaşlaryň kalbynda hemişe aýratyn tolgunma duýgusyny döredýär. Şol gün uçurymlar mekdep mugallymlary bilen hoşlaşýarlar, mugallymlara, ene-atalara hoşallyk bildirilýär, täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurýarlar. 25-nji maýda-da Türkmenistanyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, ökde okuwçylar, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň iň täze taryhynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem ähli welaýatlaryň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary geçirildi.

Täze jaý — bagtdan serpaý

Ýaşaýjylary döwrebap we elýeterli ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek paýtagtymyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň çözgüdine laýyklykda, ýaşaýyş jaý goruny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, diňe bir ýaşamaga oňaýly bolan köp gatly ýaşaýyş jaýlary däl, ýokary amatlykly, durmuş şertleri doly üpjün edilen kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlary hem gurulýar. Bu hakykat 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabarada-da öz aýdyň beýanyny tapdy. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar çykyşlarynda «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň açylmagy mynasybetli dabaranyň geçirilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydygyny bellediler. Soňra dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalara ýokary amatlykly kottejleriň açarlary gowşuryldy. Öz şatlygyny paýlaşan täze öý eýeleri ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Aşgabatda işewürlik desgalarynyň sany artýar

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň birbada 8-si açylyp ulanmaga berildi. Toý ruhuny has-da belende göteren bu waka mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, eneler, başga-da köp sanly adamlar gatnaşdylar. Täze binalaryň gurluşygy ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirildi. Döwrebap desgalar paýtagtymyzyň bu künjegine aýratyn görk berip, olar ýurdumyzyň hususy düzümlerine özleriniň işewürlik maksatly işlerini alyp barmaga amatly mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzyň kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna golaý çäkde ýerleşýän desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär.

Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

Balkan welaýaty, 29-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan köptaraplaýyn harby özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr.

Watan goragçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezdiler

Balkan welaýaty, 29-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzyň günbatar sebitinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan köptaraplaýyn harby özgertmeler üstünlikli dowam etdirilýär. Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, häzirki zaman ýaraglarydyr harby tehnikasy bilen üpjün etmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadydyr.

Dost-doganlyk düşlegi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Döwlet baýdagynyň baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň eteginde Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy diňe bir ruhy-ahlak, medeni ýörelgelerimiziň dabaralanmasy bolman, eýsem, halkymyzyň gadymyýetden gelýän dost-doganlyk, beýleki halklaryň milli ýörelgelerine, döredijilik dünýäsine goýýan belent sarpasynyň ýüze çykmasy boldy. Äleme ýaň salan bu dabara döredijiligi ynsanperwerlik, parahatçylyk, doganlyk-dostluk, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik ýaly tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan gymmatlyklary özünde jemleýän beýik Pyragynyň toýy bilen birlikde doganlyk halklaryň hem baýramçylygyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda doganlyk halklaryň hem meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy paýhasdar pederlerimizden gelýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň özenine öwrülendigini dünýä jar etdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň ähmiýetine ünsi çekip, bu ýerde daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň hem heýkelleriniň oturdylandygyny, munuň bol

Nurana geljegiň gözbaşy

Her ýyl ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň döwlet derejesinde bellenilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil barada edýän taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Ýurdumyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş we «Ene mähri» merkezleriniň birnäçesi açylyp, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap çagalar baglary, orta mekdepler, sport toplumlary hereket edýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösüşi, olaryň döwrebap bilim almaklary, boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin amatly şertler döredildi, degişli kanunçylyk binýady taýýarlanyldy. Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýat merkezlerinde gurlan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalar giň mümkinçilikleriň gurşawynda sazlaşykly dynç alýarlar. Şeýle-de ýurdumyz umumymilli we halkara möçberinde çagalar we ýetginjekler toparlarynyň gatnaşmaklarynda dürli derejedäki döredijilik bäsleşikleriniň we festiwallaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Perzent waspy

Bal süýji, ýok, bala süýji,Bal çagalar — başyň täji,Ata-enäň ömürlerniňPerzentlerdir daýanç-güýji. Altyn-kümüş, düre derek,Bar baýlykdan çaga gerek.Sähel endamyň syzlasa,Ýene eneňdir janserek.

Galkynyşly döwrüň buýsanjy

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler belent maksatlary nazarlap, döwletimiziň mundan beýläk-de batly gadamlar bilen ösmegine badalga berýär. Halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň amala aşyrylmagy, jemgyýetimiziň durmuşyny täze belentliklere göterjek möhüm çözgütleriň kabul edilmegi netijesinde, ata Watanymyzyň her gününiň ösüşlere beslenýändiginiň şaýady bolýarys. Bu özgertmelerdir uly işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar. Ajaýyp döwrümizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda amala aşyrylýan işleriň hemmesi — ösüp-özgerýän oba-şäherlerimiz, ykdysady üstünliklerimiz, ýurdumyzyň halkara giňişlikde eýe bolan at-abraýy, uly gurluşyklar, täze ýollar halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, agzybirliginiň miweleridir. «Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkymyzyň alkyşy egsilmezdir.

Arkadag şäheri — bagtyň mekany

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyjyndan kemal tapan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesi bolup durýan Arkadag şäheri arzuwlaryň hasyl bolýan şäheridir. Arkadag şäherini durmuş-ykdysady, senagat taýdan ösdürmäge we ýurdumyzda «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. «Akylly şäheriň» döwrebap keşbi täze taryhy döwrüň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. Kaşaň binalaryň, ajaýyp ymaratlaryň gurluşygynda milli binagärçilik bilen häzirki zaman tejribeleriniň utgaşdyrylmagy bolsa, döwrümize we geçmişimize bolan buýsanjyňy artdyrýar. Bagtyň mekany bolan Arkadag şäherinde «ýaşyl» tehnologiýalaryň we döwrebap intellektual ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy diňe bir şäheriň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklary döretmän, eýsem, ata Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilýändigini subut edýär.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün «ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde bagtyýar, döredijilikli durmuş joş alýar. Şol bir wagtyň özünde hem Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky gurluşyklar giň gerimde alnyp barylýar» diýip belläp geçişi ýaly, bu ýerde ýaşamak, zähmet çekmek we okamak üçin ähli amatly şertler üpjün

Ýyllarymyz şan-şöhrata beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, ata Watanymyz demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak, döwrüň ösen talaplaryna kybap alyp barmak babatynda netijeli işleri durmuşa geçirýär. Eziz Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de ösdürmäge we kämilleşdirmäge tarap alnan ugur dünýä nusgalyk derejä göterilýär. Biz bu beýik hakykata mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly ýyllarynyň dowamynda has aýdyň göz ýetirýäris. Aslynda, şöhratly taryhy öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, her bir etjek işini ýedi ölçäp, bir kesýän halkymyza gurmak, döretmek, guran we döreden zatlaryna buýsanyp ýaşamak, olaryň hözirini görmek ýaraşýar. Şonuň üçinem agzybir halkymyz döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny tüýs ýürekden goldamak bilen, ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda dünýä nusgalyk işleri amala aşyryp, ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykarmagy başardy. Amala aşyrylýan ägirt uly taslamalaryň ahyrky netijeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilýändigi bolsa has-da buýsandyryjy hakykatdyr. Watanymyzyň gül açmagy, halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Çagalaryň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni Berkarar Watanymyzda sagdyn, ruhubelent, ylym-bilimli nesil kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden hem ruhy taýdan sagdyn, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Ýaş nesiller barada döwlet derejesinde alada edilip, olaryň bilim almaklary, hünär edinmekleri, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin ajaýyp şertler döredilýär.

Bagtly çagalygyň mekany

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi, saglyklaryny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmagy bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bagtly çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredildi. Şunuň bilen baglylykda, howandarlyga mätäç çagalara yzygiderli üns berilýär. Türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda şeýle gatnaşyklaryň anyk ugurlaryny döredipdir we ony nesilden-nesle geçirip gelýär. Häzirki döwürde bu ýörelgeler hukuk kepilliklerinden, hossarsyz galan çagalaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmekden ybarat ugurlarda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de ýörite durmuş goldawyna mätäç çagalary durmuşa ugrukdyrmak, olary özbaşdak ýaşaýşa taýýarlamak boýunça hemmetaraplaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini ýokarlandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda hem giň gerimli işler dowam etdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näs

Röwşen geljegiň kepili

Ajaýyp zamanada ýaş nesillere mynasyp terbiýe bermek, olaryň sazlaşykly ösmegi, ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Sebäbi ýaşlar baradaky alada berkarar döwletimiziň röwşen geljeginiň kepilidir. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän mätäje ýardam bermek we ony goldamak ýaly asylly işler bu günki günde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy degişli ugurda ynsanperwer işleri alyp barýar. Gazna tarapyndan çagalaryň saglygyny goramaga, durmuşda öz ornuny tapmagyna gönükdirilen haýyr-sahawat işleri amala aşyrylýar. Gaznanyň hasabyna näsag çagalara operasiýalar geçirilip, olaryň saglyklary dikeldilýär. Şeýle hem gazna tarapyndan çagalaryň wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, dürli çäreler guralýar. Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşigi hem şol çäreleriň biridir. Bu bäsleşik çagalaryň sungata, surat çekmäge höwesini artdyrmaga giň ýol açýar.

Ykbaly nurana ýaşlar

Täze taryhy eýýamyň döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmeginde ýurduň ýaşlary egsilmez güýçdür. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tutuş many-mazmuny bu mizemez hakykaty nygtaýar. Sebäbi bagtyýar ýaşlaryň ruhubelentligini öňküden-de belende göteren bu ajaýyp eseri okanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmekde öňde durýan belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglanýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görmek, duýmak bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyny ödemek ýaşlaryň baş maksady bolup durýar. Şeýle asylly maksada ýetmek üçin halkara ülňülere laýyk ylym-bilim öwrenip, hünärleri ussatlyk bilen ele alýan ýaşlar dürli pudaklarda netijeli zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Ýaş nesle bezeg berýän ahlak gymmatlyklarynyň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki mynasyp goşantlarynda hem aýdyň ýüze çykýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşigine

Arkadagly Gahryman Serdarym bar Dowam edýän pederiniň ýoluny,Güneş kibi çoýýan eziz ilini,Dünýä ýaýýan parahatlyk sazyny,Arkadagly Gahryman Serdarym bar.

Zenan edebiniň, gözelliginiň waspy

Ynsan köňlünde öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden öwrenilýär. Akyldar şahyryň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten goşgulary ynsan köňlüniň nagşydyr. Söz ussady öz döredijiliginde türkmen gelin-gyzlarynyň waspyny ýetirmäge-de uly orun beripdir. ªahyr «Durasyň geler», «Ýör biläni», «Il ýagşy», «Zor bolar» ýaly goşgularynda gelin-gyzlaryň asylly, edep-terbiýeli bolmaklaryny nesihat etmek bilen, olaryň mertebesini ýokary tutupdyr. Pyragy: Gözel bardyr günde-günde görmeli,Şol gözeliň syýa zülpün örmeli —

Döwürlere şugla saçýan şygyrlar

Magtymguly Pyragynyň ýazan ajaýyp şygyrlary edebi mirasymyzyň gymmatly hazynasy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şuglasyny saçýar. Türkmen halkynyň paýhas hazynasynyň dür-merjenlerini öz döredijiliginde jemlemegi başaran söz ussady ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamyndaky köňül küýsegini şygryýetiň üsti bilen dünýä ýaýmagy başaran beýik şahsyýetdir. Dana şahyryň edebi mirasy özünden soňky nesillere durmuş mekdebi bolup durýar, ajaýyp şygyrlary ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, agzybirligi, jebisligi wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Beýik akyldaryň: