"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

«Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

28-nji maýda nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä nebitgaz pudagynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow dabarany açmak bilen, ýygnananlary şahyryň saýlanan eserleriniň täze kitabynyň çap edilmegi bilen gutlady. «Magtymguly» kitaby Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyldy.

Ilatyň islegine görä

Türkmenabadyň tikin fabriginiň önümleri ilatyň uly isleginden peýdalanýar. Bu ýerde buýurmalar öz möhletinde we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly zähmet üstünliklerine beslenýär. Tikinçiler şu ýylyň geçen bäş aýynyň dowamynda meýilleşdirilen 19 million 400 müň manatlygyň ýerine 20 million 8 müň 764 manatlyk önüm öndürdiler. Bu döwürde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi ýerine ýetirildi. Fabrikde diňe bir buýurmalara däl, isleglere görä işlemek usulynyň önümçilige ornaşdyrylmagy hem ilatyň göwnünden turýar.

Welaýatymyzda welosipedli ýöriş geçirildi

Şu gün ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli ir säher çagy welaýat merkezimiz bilen Çärjew etrabynyň Farap şäherini birleşdirýän köpriniň üstünden Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky pellehana çenli aralykda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi.

Tile gelen sözler köňül nagşydyr

Magtymguly türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi ugry esaslandyrdy. Beýik söz ussady indi üç asyra golaý wagt bäri edebiýat meýdanynda agyr kerweniň kerwenbaşysy bolup gelýär. Edebi güýçleriň şeýle uly akymyny öz yzy bilen alyp gitmek nusgawy şahyrlaryň köpüsine miýesser etmeýär. Magtymgulynyň şygyrlary öz halkylygy we hakykylygy, sadalygy we şol bir wagtda çylşyrymlylygy, gadymylygy we döwrebaplygy, çeperligi we täzeçilligi bilen dünýäniň edebiýatçy alymlarynyň ençemesiniň ünsüni özüne çekdi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň öňe süren pikirleri, gyzyla gaplaýmaly setirleri halk aňyna ornap, milletiň taglymatynyň, uýýan aňyýeti hökmünde ykrar edilýär. Milli akyldarymyzyň parasatly pikirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda giň rowaçlyga eýe bolup, halkara derejesinde öwrenilýär. Bu gün «Magtymgulynyň pähim-parasaty Amerikada, Ýewropada, Ýakyn we Orta Gündogarda, Hindistanda, Uzak Gündogar we Ýuwaş ummany sebitlerinde, GDA-nyň agzasy bolan ýurtlarda giň dabaralar bilen ýaýrady». Çünki Pyragynyň goşgularynda Watany söýmek, goramak baş maksat, esasy taglymat bolup orta çykýar. Magtymguly Pyragy mertlik, gahrymanlyk ýaly häsiýetleri hakykaty ýaýmak, dogryňy sözlemek, gybatdan daşda durmak ýaly hereketler arkaly ýüze çykarmak baradaky wajyp pikirleri öňe sürüpdir.

Bagtyýar çagalygyň bagtly günleri

Aýlar aýlanýar, ýyllar dolanýar. Gyş geçýär, ýaz geçýär, ine-de, tomsuň ilkinji güni — çagalygyň iň bagtyýar çagy. Paýtagtymyzdan, welaýatlardan gelen bagtyýar çagalaryň aglabasy Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän tebigy şypahana zolagy bolan Gökderä ugramak üçin Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýygnandylar. Bu ýerde asuda Diýarymyzda asylly däbe öwrülip, her ýyl guralýan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şatlyk-şowhuna beslenip ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, ertekilerden janlandyrylan pursatlar, dürli sahna oýunlary körpeler üçin ýatdan çykmajak döredijilik sowgady boldy. Paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary baýramçylyk ruhunda bezelen awtobuslarda tomusky başdangeçirmelerine tarap ugradylar.Özünde ençe arzuwlary, hyýallary, bagtly pursatlary jemläp barýan awtobus kerweni owadan dag gerişleriniň içi bilen gojaman Köpetdagyň etegindäki çagalar üçin niýetlenen onlarça sagaldyş we dynç alyş merkezlerine geldi. Bu ýerdäki Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň «Ýaşlyk» sagaldyş we dynç alyş merkezi-de 2024-nji ýylyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň ilkinji tapgyryny garşy aldy. Şol pursatdan bolsa her ýyl çagalaryň uly höwes bilen gelýän ýerine öwrülen «Ýaşlyk» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýatdan çykmaj

Wagyz-nesihat çäreleri geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde hem-de ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalarda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň guramagynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji Demokratik partiýa guramasynyň başlygy Gurbanmämmet Rejepowyň alyp barmagynda geçirilen maslahatlarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň jogapkär işgäri, polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Akbibi Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary Hydyr Myradow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Maksatmyrat Jumaýew, şeýle hem degişli partiýa guramalarynyň wekilleriniň birnäçesi çykyş etdiler.

Başy arşa uzaýan beýik heýkel

Döredijiligi Jemşidiň jamyna, dünýä poeziýasynyň Elbrusyna, baky saýaly beýik çynara deňelen öz halkyny jan-dilden söýen, «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuw beslän, mähriban milletiniň köňül küýsegini, giň hem tereň göwün güzerini, şirin, bakylyk suwy, ebedilik şuglasy çaýylan beýik, şahyrana türkmen sözi bilen beýan eden, adamzat genisiniň öňe çykaran, şygyrlary kalplaryň dünýä dursa synmajak aýdymlaryna öwrülen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň gojaman Köpetdagyň beýik hem şöhlezar ýerinde uzaklardan seleňläp görünýän heýkeliniň oturdylmagy biziň gadymy hem baý edebi, medeni mirasymyzy dünýä siwilizasiýasynyň akymyna goşan Milli Liderimiziň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, parasatly şahyrynyň ölmez-ýitmez eserlerini hakydasynda göterip, nesilden-nesillere, asyrdan-asyra geçirip, biziň bagtyýar günlerimize getiren mähriban halkymyzyň öz beýik şahyryna bolan guwanjynyň, baky buýsanjynyň, egsilmez söýgüsiniň ajaýyp, nurana nyşanydyr. Şahyryň heýkeliniň degresinde dünýä edebiýatynda özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen öçmejek yz galdyran Alyşir Nowaýy, Ýunus Emre, Saýat Nowa, Şota Rustaweli, Rabindranat Tagor, Grigoriý Skoworoda, Ýanka Kupala, Onore de Balzak, Çingiz Aýtmatow... ýaly jemi ýigrimi dört ýazyjy-şahyryň heýkeliniň bina edilmegi bolsa edebiýat diýlen mukaddesligiň adamlary dostlaşdyrýan, doganlaşdyrýan, ynsanlaryň kalbynda raýdaşlyk, yn

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat Belarus halkynyň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Ýanka Kupala 1882 — 1942-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Onuň hakyky ady Iwan Domonikowiç Lusewiç bolup, ol «Ýanka Kupala» tahallusyny kabul edýär. Ýanka Kupala1882-nji ýylyň 7-nji iýulynda Belarussiýanyň Minsk oblastynyň Wilen guberniýasynda Wýazanka derýasynyň kenarynda adybir obada daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy ussat ekerançy bolsa-da, edebiýat we dini ylymlar bilen içgin gyzyklanýar.

Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Çagalary goramagyň halkara gününiň dabaralary bagtyýar nesillere türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak çäresi bilen dowam etdi. Daşoguz şäherindäki okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen çärä bu ýerde terbiýelenýän we okaýan şadyýan çagalar gatnaşdylar. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary!Hormatly watandaşlar! Sizi dostlugyň we parahatçylygyň özboluşly baýramyna öwrülen Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalygyň, iň süýji arzuwlaryň, belent maksatlaryň hasyl bolýan Diýarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bu halkara baýramyň şanyna bagyşlanan dabaralaryň durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan eziz çagalarymyzyň ýadynda ýakymly ýatlamalary galdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi: — Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2024-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge;

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­na we hal­ky­na

Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary! Hormatly watandaşlar!

Agzybirligiň hem jebisligiň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä derejesinde bellenilýän ýene bir baýramy – Bütindünýä welosiped gününi garşylaýar. Bu baýramyň ýurdumyzda aýratyn sarpa-söýgi bilen, ählihalk derejesinde giňden toýlanylmagynyň gözbaşynda, elbetde, bu halkara baýramyň döredilmeginde Türkmenistanyň öňe süren başlangyjynyň durýandygyny hem buýsanç bilen bellemek bolar. 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende göteripdi. Şol esasdan, bu halkara senä bagyşlanan çäreleriň her ýylda giň gerimde ýaýbaňlanmagyna döwlet derejesinde uly üns berilýär. Muňa geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Aşgabat – Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri

Dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri bolan gözel Aşgabadyň Ýer ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha belende göterilýär. Muňa 24-nji maýda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul edilen taryhy Çözgüdiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň berk binýadynda ýola goýýar. GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle-de olaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Ýurdumyz döwletara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda yzygiderli ädimleri ädýär, anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýurdy

Tutuş dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, okamagy, dynç almagy, sport bilen meşgullanmagy, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Bu ajaýyp hakykata Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys» diýen sözleri hem aýdyň güwä geçýär. Häzirki wagtda çagalary goramak baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus bolan başlangyçlardyr maksatlar bilen baýlaşdyrylýar. Her bir çaga döwlet tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hukuklar we azatlyklar berilýär. «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Kanun Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çagalaryň milletine, jynsyna, diline, dinine, gelip çykyşyna, ýaşaýan ýerine garamazdan de

Gymmatly gollanma

Bilşimiz ýaly, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şanly ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Halkymyzyň medeniýetini öwrenmekde täze bir sahypa açýan we baý ylmy çeşmeleriň esasynda ýazylan çuňňur mazmunly kitapda örän baý taryhy we beýleki maglumatlar bar. Bu bolsa kitabyň köptaraplylygyndan habar berip, onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň geçmişi, binagärlik ýadygärlikleri barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýän kitapda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu şäherde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler hem öz giňişleýin beýanyny tapýar. Ajaýyp kitabyň ussat suratkeşleriň döreden eserleri, dürli fotosuratlar bilen bezelmegi bolsa Änewiň geçmişine we şu gününe gaýybana syýahat eden ýaly ýakymly duýgulary peşgeş berýär.

Türkmen türgenleriniň üstünlikleri

22 – 26-njy maý aralygynda Peruwyň paýtagty Lima şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Ýaryşda 102 kilograma çenli agramda çykyş eden türkmen türgeni Süleýman Jafarow dünýä çempiony boldy. Ştangany birden götermekde 143 kilogram agyrlygy boýun egdiren Süleýman bu görnüşden altyn medal gazandy. Itekläp götermekde görkezen netijesi bolsa (170 kilogram) oňa bürünç medal getirdi. Iki görnüşiň jemi boýunça 313 kilogram (143+170) netije gazanan ildeşimiz umumy hasapda hem altyn medala mynasyp boldy.

Welaýatlardan habarlar

Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda giňden bellenilýär. Baýramyň öňüsyrasynda Magtymguly etrap hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kämil önümi bolan gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi baýramçylyk şatlygymyzy goşalandyrdy. Ýeri gelende bellesek, bu döwrebap enjamlar böwrek ýetmezçilikli näsaglary gemodializ usuly bilen bejerip, olaryň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmakda, ömür dowamlylygyny uzaltmakda uly ähmiýete eýedir. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Eziz Diýarymyzda çagalaryň okamaklary, hünär öwrenmekleri, dynç almaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredilýär. Magtymguly etrabynda «Arkadagly nesiller» atly döwrebap çagalar medeni merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi çagalar üçin şatlykly waka boldy. Ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň eýeleri bolan çagalar we uly ýaşly ildeşlerimiz haýyr-sahawatly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary

30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde bina edilen Arkadag şäherine geldi we bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, olaryň özboluşly aýratynlyklary, gurulmagy teklip edilýän desgalar barada hasabat berdiler.

Innowasion ykdysadyýet döwrebap hünärmenlere daýanýar

Sanly ykdysadyýete geçiş dünýäniň diňe bir ykdysady ýagdaýyny däl, eýsem, adamlaryň gündelik ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem özgerdýär. Maglumatlary, bilimleri, täzeçil pikirleri we innowasiýalary özünde jemleýän üznüksiz maglumat akymy bu günki sanly eýýamyň özboluşly aýratynlygy bolup öňe çykýar. Sanly ulgama geçmekde esasy serişdeler hökmünde, bir tarapdan, ony durmuşa geçirmek üçin zerur bolan tehnologiýalardyr ulgamlar, beýleki tarapdan bolsa, bu ugurdan başarnyklary ösen adamlar çykyş edýärler. Şonuň üçin-de häzirki döwürde emele gelýän sanly ykdysadyýetiň we täzeçil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň talaplaryna kybap gelýän hünärmenleri taýýarlamak bu ugurdaky esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy köp babatda döwlet dolandyryş ulgamynyň hünärmenleriniň taýýarlyk derejesine baglydyr. Sanly ykdysadyýetde döwlet düzümlerinde-de, hususy işewürlikde-de dolandyryş işleri adatdakydan düýpgöter tapawutlanýar. Täzeçil pikirleri öňe sürüp, degişli çözgütleri kabul etmekde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kömegi arkaly alnan takyk maglumatlara esaslanýan seljermelerden peýdalanýan kärhanalar üstünlik gazanýarlar. Psihologik durnuklylyk we aň-paýhas işjeňligi, çylşyrymly şertlere hem-de şowsuzlyklara döz gelmek başarnygy-da täzeçil ykdysadyýete geçilende ähmiýeti artýan talaplara degişlidir.