"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Teatr täzelikleri

SAHNADA “AJAP EÝÝAM” Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen türkmen halkynyň göz-guwanjy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hormatyna 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyryldy. Bu şygardan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli teatrlarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, durmuşy, geçen ýoly hakynda sahna oýunlary yzygiderli görkezilýär. Biziň döwlet drama teatrymyzda hem “Ajap eýýam” atly täze oýun sahnalaşdyrylyp, halk köpçüligine hödürlenildi. Bu oýun teatryň zehinli artisti Hojageldi Batyrowyň ýazan “Ajap eýýam” atly eseri esasynda sahnalaşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek, dünýä derejesindäki at-abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürüp, halkara jemgyýetçilige dahylly meselelerde möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýän ýurdumyzyň nobatdaky üstünligi bu abraýly halkara gurama we onuň düzümine girýän döwletler tarapyndan bildirilen belent ykrarnamadyr.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlandy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanylandygy barada habar berildi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

«Ismim düşdi ilden-ile»

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: «Ismim düşdi ilden-ile, Nagyş ederler dilden-dile» diýip aýdan pikiri bu gün hakykat ýüzünde amal boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary esasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylda akyldar şahyryň 290 ýyllyk şanly senesi-de halkara derejesinde giňden bellenilip geçilipdi. Şol ýyla «Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip at berlip, beýik şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanan dabaralar giňden ýaýbaňlanypdy. Ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda geçirilen şol dabaralarda, edebi-medeni baýramçylyklarda Pyragynyň parasatly pikirleri, çuňňur pähim-paýhasy wagyz edilipdi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardyr edebi-medeni çärelerden görnüşi ýaly, türkmen halkynyň öz akyldar şahyryna goýýan hormatynyň ýokarydygyny, döredijiligine bolan garaýşynyň çuňňurdygyny ýene bir gezek jahana äşgär etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Magtymgulynyň goşgularynyň ençeme dile terjime edilmegi, ylmy monografiýalaryň ýazylmagy, akyldar şahyryň şygyrlarynyň ylmy tekstiniň taýýarlanylmagy we onuň öňe süren çuň manyly pikirleri boýunça ylmy gözlegleriň dowam etdirilmegi ýal

Sebitleri birleşdiren taslama

Mukaddes Garaşsyzlygymyzdan, mizemez döwletliligimizden hem-de baky Bitaraplygymyzdan ruhy güýç alyp, röwşen geljege ynamly barýan halkymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara beslenýär. 5-nji iýunda Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň, täze beketleriň işe girizilmegi mynasybetli uludan tutulan açylyş dabaralary balkanly ildeşlerimiziň hem buýsançly başyny has belende göterdi. Olar öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan etdiler. Çary TAÝLYÝEW,«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

Akyldaryň edebi mirasyna sarpa

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji maýynda Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabaralary şanly ýylyň ýatdan çykmajak taryhy wakalarynyň hataryndan orun aldy. Şahyr öz eserleri bilen edebi mirasymyza we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna gymmatly goşant goşan türkmen halkynyň beýik danasy hem-de milli buýsanjydyr. Söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň uludan tutulmagy-da Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we pelsepesidir. Beýik şahyryň asyrlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýeten köpöwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Şoňa görä-de, türkmen hem-de Gündogar edebiýatynyň gazanan baý tejribesini özünde jemleýän Magtymgulynyň çeper döredijiligi dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilýär, daşary ýurtly alymlaryň üns merkezinde durýar.

Sagdynlygyň, sportuň hem dostlugyň baýramy

Hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Goý, bu ajaýyp halkara baýram sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy şan-şöhrata beslesin, merdana halkymyzyň durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýsyn!» diýen dürdäne jümleler bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3-nji iýunynda sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany bolan eziz Diýarymyzda geçirilen giň gerimli hem-de baý mazmunly çäreleriň şaýady bolup, bu halkara senäniň ýurdumyzy şan-şöhrata besleýändigine, halkymyzyň durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýýandygyna aňryýany bilen göz ýetirýärsiň. Hawa, 3-nji iýunda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen paýtagty täze üstünlikleriň ýolunda

3-nji iýunda Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Aşgabat – sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri» atly baýramçylyk çäre geçirildi. Bu Çözgüt Aşgabatda 24-nji maýda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi. Soňky ýyllarda syýasy, işewürlik, medeni-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan Aşgabat dünýä sportunyň iri merkezine öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde, paýtagtymyz halkara giňişlikde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ähli zerur mümkinçilikleri bolan şäher hökmünde uly abraýa eýe boldy

Nobatdaky halkara ykrarnamasy

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan bu toplumyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy. Festiwalyň maksady çagalary we ýetginjekleri bedenterbiýe we sport bilen, şol sanda tennis bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmekden, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, çagalar hem-de ýaşlar sporty ulgamynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde iri ýaryşlary guramak üçin baý tejribesidir mümkinçilikleri bar. Türkmenistanyň Tennis federasiýasy sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga dürli ýaşdaky raýatlary çekmek boýunça uly işleri alyp barýar.

Futbol täzelikleri

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda Grenlandiýanyň milli ýygyndy topary bilen duşuşdy. Halkara ýoldaşlyk duşuşygyny netijeli geçiren milli ýygyndymyz garşydaşyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy. Gollary Elman Tagaýew (2), Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow hem-de Alibek Abdyrahmanow dagy geçirdi. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 26-njy maý — 4-nji iýun aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Bu ýygnanyşyk Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 11-nji iýunda Gonkongyň ýygyndy topary bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlygyň esasy tapgyryna öwrüldi. Milli ýygyndy toparymyzyň Gonkongyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşygynyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Ak şäheriň arşa galýan abraýy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy täze belentliklere göterilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. «Baş şäherimize şeýle abraýly derejäniň berilmegi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, raýatlarymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga, bu ugurda halkara derejede tejribe alyşmaga, netijeli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam eder» diýip, hormatly Prezidentimiz bu şanly waka mynasybetli 3-nji iýunda paýtagtymyzda geçirilen dabaraly çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda aýratyn nygtady.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

Ösüşlere beslenýän zamanamyzda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan hem-de öz saýlap alan hünärlerinden ezberlik bilen baş çykarýan kämil hünärmenler, sagdynlygy, sporty hemişelik hemra edinen adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. «Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir. Ata-babalarymyzdan mekdep bolup gelýän belent maksatlar üçin okuwçylar we talyp ýaşlar bilim almaga, ylym we döredijilik, sport bilen meşgullanmaga uly üns bermelidirler. Döretmegi, gurmagy we kämillige ymtylmagy durmuş ýörelgesine öwürmelidirler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň sargytlaryna eýerýän ýaş nesiller bu gün özleri üçin döredilen ajaýyp şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar, yhlasly okaýarlar we Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamymyzyň dünýä ölçeglerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalary esasynda durmuşa geçirilýän işler öz oňyn netijelerini berýär. Şol sanda biziň —

Bedew müneniň bedeni berk

Atly gezelenç etmek, atly türgenleşikler özboluşly lezzetli bolmak bilen, adamyň saglygyna hem örän peýdalydyr. Saglygy pugtalandyrmakda we fiziki ösüşde at münmek ähmiýetlidir. Bu ýagdaý gadymy döwürlerden mälim bolup, meşhur lukman Antila at münmegiň tutuş bedeni güýçlendirýändigi baradaky pikiri öňe sürüpdir. Ir döwrüň görnükli wekillerinden Selsiý bolsa aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir.

Türkmenabatly kosmonawt dünýä rekordyny täzeledi

Türkmenabat şäherinde dünýä inip, şu şäherde önüp-ösen we orta bilim alan kosmonawt, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenko orbital uçuşlarda geçiren umumy wagty boýunça kosmonawtlaryň taryhynda täze rekord goýdy: ol kosmosda 1000 gün boldy. Oleg Kononenko häzirki wagtda Halkara kosmos bekedinde bolup, bäşinji uçuşyny amala aşyrýar. Bu uçuş 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabryna çenli dowam etdiriler. Şol wagta çenli onuň açyk älemde bolan döwri 1110 gije-gündize deň bolar.

Arkadag şäheri — şanly taryhyň ojagy

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her ädimi — taryh. Halkymyzyň bagtly durmuşyna, ýurdumyzyň ösüşlerine hyzmat edýän taryh. Arkadag şäheriniň döreýşi, gülläp ösüşleri bilen baglanyşykly hem muňa kän mysallary getirip bolardy. ...Bu gezegem şeýle boldy. Geçen penşenbe güni, 30-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi. Bularyň her biri, hakykatdan-da, il-ýurt, nesilleriň geljegi baradaky taryhy aladalardyr we bularyň her biriniň çuňňur manysyny seljerip, isledigiňçe söhbet etmek mümkin. Biz bolsa, häzirlikçe, Gahryman Arkadagymyzyň şu saparyna degişli käbir pursatlara ünsi çekmek isleýäris.

Şa gadamynyň sahawaty

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgam taslamasynyň jemleýji tapgyry bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze asma elektrik geçirijisiniň we beketleriň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu waka mynasybetli welaýatyň ilatyna 200 sany täze ýolagçy awtobusyny sowgat edip, toý şatlygyny has-da artdyrdy. Şol nurana günde Daşoguz welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň gowşurylmagy, Daşoguz şäherinde we Gülüstan şäherçesinde dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň açylmagy mynasybetli geçirilen çäreler bolsa Şa saparynyň sahawatynyň, ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň barha dabaralanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Nur paýlaýan desga

Goşa mukaddeslik

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden belläp geçmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän täze taryhy eýýamynda asuda asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagy, rejelenen görnüşde kabul edilen Konstitusiýa halkymyzyň ösüşiniň, rowaçlygynyň hem bagtyýarlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu ýagdaý türkmen döwletiniň üýtgewsiz ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy, parahatçylygy hem agzybirligi, demokratiýany, kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemleýär hem-de onuň geljekki ösüş ugruny kesgitledi. Häzirki taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini alamatlandyrýar. Bagtyýar halkymyzyň bu goşa senäni şatlyk-şowhuna besläp, uludan toýlamagy döwlet berkararlygymyzy dabaralandyrýan milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent hormat-sarpadan nyşandyr.

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Daşoguz habarlary» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyşygy dowam edýär.

Täzelikler

Türkmenabat şäherindäki Zerger «Demirbetonönümleri» kärhanasynda ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan demir-beton önümleriniň, harytlyk betonyň, derýa çägesiniňdir keramzidiň öndürilişi barha artdyrylýar. Kärhanada şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda hem gurnama demirbeton önümleriniň 11 müň 97 kub metri öndürilip, bu baradaky meýilnama 106,15 göterim berjaý edildi. Ösüş depgini 109,16 göterime ýetirildi. Şeýle-de bu döwürde harytlyk betonyň 255 kub metri, derýa çägesiniň 20 müň 161 kub metri, keramzidiň bolsa 7 müň 112 kub metri öndürildi.

Şygryýetiň şalygyna syýahat

Öňňin — 4-nji iýunda welaýat häkimliginde «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, täze ýygyndy akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanyldy. Ýarym müň sahypadan hem gowrak kitapda akyldar şahyryň saýlanan şygyrlary ýerleşdirilipdir. Göwrümli kitapdaky şygyrlaryň elipbiý tertibinde ýerleşdirilmegi bolsa okyjy üçin oňaýlylyk döredýär.