Durnukly ösüşiň berk binýady
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşe eýe bolmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň bedew bady bilen öňe barýandygynyň subutnamasydyr. Muny 31-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisi aýdyňlygy bilen tassyklap, onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. IŞLER TOPLUMLAÝYN ESASDA ALNYP BARYLÝAR