"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

“Syýasat we jemgyýet” žurnaly

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garalýar. Hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanmak arkaly däp bolan bu gatnaşyklar häzirki döwürde ählumumy maksatly möhüm meseleleri öz içine almak bilen, çäklerini barha giňeldýär.

Ahal welaýaty: rowaçlygyň röwşen menzilleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyzda her bir ýyl şan-şöhrata beslenip, taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem eziz Diýarymyza, il-ulsumyza rowaçlyklary, üstünlikleri getiren ýyllaryň biri boldy. Gadymy Ahal ýaýlasynda durmuşyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda-da, bu hakykata göz ýetirýärsiň. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň depginli ösýän welaýatlarynyň birine öwrülen Ahal welaýatynda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda guwandyryjy işler alnyp baryldy, iri taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Baky abadançylygyň mekany

Müňýyllyklara uzaýan taryhyň dowamynda parahatçylygy, abadançylygy ähli zatdan ýokarda goýan mähriban halkymyz arassa asmanyň astynda agzybir il bolup, millet bolup ýaşamagy bagtyň başy saýypdyr. Pederlerimiziň arzuwlan häzirki bagtyýar zamanynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda parahatçylygy, dostlugy dünýä ýaýýan baky Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy gün-günden artýar. Hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek 1995-nji we 2015-nji ýyllarda biragyzdan ykrar edilen Türkmenistan halkara hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, sebitde we dünýäde adamzadyň ýagty geljegine gönükdirilen asylly başlangyçlary öňe sürýär we bu babatda giň goldawa mynasyp bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş şäherinde dürli maksatly desgalaryň onlarçasynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu babatda giň gerimli taslamalaryň ýene-de ençemesini amala aşyrmak göz öňünde tutulýandygy bolsa mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar.

Nurana ertirleriň synmaz sütüni

Senenamamyzda ХXI asyryň 21-nji ýylynyň hasabynyň ýöräp ugranyna eýýäm bir hepdeden gowrak wagt geçdi. Gelen ýylyň ilkinji alamatlarynyň ýakymynyň her kimiň hem ýyly duýgularyny yzarlamagy tebigat bilen ynsanyň arasyndaky sazlaşygyň netijesi diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Aslyýetinde, şeýle sazlaşyk milli senenamamyzdaky taryhy wakalar bilen biziň ýürek buýsanjymyzyň arasynda hem bar. Ol öz milli aýratynlygy boýunça ýokary gymmatlyk derejesine göterilen beýik sazlaşykdyr, aňyýetimiziň ruhy çeşmesi hökmündäki belentligi boýunça elýetmez çyragdyr. Bu mukaddeslikleriň gözbaşynda milli Liderimiziň durmagy bolsa türkmen döwletini parahatçylykly ýaşaşmagyň we özara ynanyşmagyň bütindünýä sazlaşygynyň öňbaşçylarynyň hataryna çykarýar.

Hem döwletliligiň, hem ömrüň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň «Zeminiň abatlygy ― ýaşaýşyň ebediligi» diýlip atlandyrylýan ikinji bölümi 50 sahypa çemesi aralygy eýeleýär. Ýöne şol sahypalaryň jümmüşine siňip başlaýarsyň welin, pikirleriň giden bir ummanyny boýlap ýörene dönýärsiň. Pikirler rowaýatlar, rowaýatlar durmuş hakykaty bilen utgaşyp, seni şeýle bir özüne baglaýar welin, wagtal-wagtal gözleriňi setirleriň arasyndan aýryp, «Asyl, şeýle eken-ow!» diýip, çuňňur oýa çümýärsiň. «Zeminiň abatlygy» diýlen düşünjä şygyr ýa-da kyssa eserlerinde kän gabat gelendiris. Ýöne «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» okyjyny bu düşünjäniň çuňlugyna ýene bir ýola nazar aýlamaga imrindirýär. Zemin ― ähli janly-jandarlaryň, şol sanda adamzat bilen tebigatyň biri-biri bilen sazlaşykda ýaşaýan ýeri. Şonuň üçin onuň abatlygyny gazanmak hem adamyň, hem tebigatyň goýnundaky beýleki ýaşaýjylaryň iň mukaddes borçlarynyň biri. Milli Liderimiz bu düşünjä «Dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlylygyň hemişelik saklanmagy» diýip, kesgitleme berýär.

Parahatlyk hemra her bir ynsana, ynam bilen geljegimiz nurana

Halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän bir ajaýyp adat bar. Ol hem maşgalada täze dünýä inen perzende mynasyp at goýmak. Bu babatda ýaňy dünýä inen bäbegiň ata-enesi maşgalanyň hormatly ýaşulularydyr, maşgala agzalary bilen maslahatlaşyp, saýlanan atlaryň içinden iň naýbaşysy diýlip kabul edilen ady çaga dakýarlar. Çünki perzende goýlan at onuň bütin ömrüne, ykbalyna özüniň täsirini ýetirýär diýen ynama eýerýän pederlerimiz perzendiň öz adyna mynasyp bolup ýetişmegini gazanmak üçin onuň dünýä inen ilkinji günlerinden alada edipdirler. Taryha we durmuş tejribesine ser salsak, bu köplenç babatda dogry bolup çykýar. Megerem, «Ýagşydan at galar» diýen parasatly jümle hem şondan gelip çykandyr. Pederlerden miras galan göwün guşuňy ganatlandyryp, dideleriňe röwşen çaýýan asylly ýörelgelere uýmak, ajaýyp däplere eýermek, durmuşda ähli zady oňatlyga ýorup, ýagşylyga ýanamak biziň her birimiziň zandymyzda, ganymyzda, ruhumyzda bar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

AŞGABAT, 8-nji ýanwar (TDH). Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanylan karz bermek we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli düzümleýin taslamalara Ýewropa bankynyň gatnaşmagynyň geljegine garalmagy duşuşygyň aýratyn meselesi boldy.

Watanymyzyň waspy aýdymlarda, sazlarda

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada çykyş edenler «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, milli Liderimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmagyň indi asylly däbe öwrülendigini bellediler. 2021-nji ýylda ata Watanymyza täze üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdiler. Soňra sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Teatryň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasynda Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň waspy ýetirildi. Olaryň hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinden hem-de «Asly-Kerem» dessanyndan ýerine ýetiren parçalary, welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» tans, şeýle-de bagşylar, dutarçylar toparlarynyň çykyşlary tomaşaçylara egsilmez ruhy lezzet paýlady.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Garaşylan beýik sene, elimiz berip ele, Ýetip geldik bu gün, ine, jebis halkymyz bile,Şöhratlanar şanly sene, çäksiz bagt paýlap ile, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly. Şat bagtyýar ili bilen, göterip ýaşyl Tugun,Bitaraplyk ýoly bilen, galkyp geldi dost-dogan,Arkadag teklibi bilen ykrar edildi bu gün, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly.

Binanyň gurluşygy ýokary depginde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dürli maksatly binalar, önümçilik kärhanalary, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Bu döwrebap binalar halkymyza ygtybarly hyzmat edip, etrapdyr şäherlerimiziň, obalarymyzyň görküne görk goşýar. Köneürgenç şäherinde hem soňky ýyllarda birnäçe önümçilik kärhanalary, orta mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda hem şäheriň merkezi köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Köneürgenç etrap şahamçasynyň iki gatly edara binasynyň gurluşyk işleri ýokary depginde barýar. Bu binanyň gurluşygyny welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylary alyp barýarlar. Şu günler bu ýerde binanyň suwag işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şeýle hem binanyň aýna-gapylaryny oturtmak işlerine-de taýýarlyk görülýär. Parahat Togalakow, Şatlyk Şukurow, Meýlis Annaýew, Dädemyrat Kakajanow ýaly tejribeli ussalar has netijeli zähmet çekýärler. Gurluşyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna degişli hünärmenler berk gözegçilik edýärler. Bu binanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap binalar şäheriň gözelligine gözellik goşýar.

Ählumumy ösüşiň möhüm çelgileri

Mälim bolşy ýaly, 6-njy ýanwarda paýtagtymyzda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Oňa milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şol sanda onlaýn usulynda Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň žurnalistleri gatnaşdylar. Metbugat maslahatynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German çykyş edip, tamamlanan ýylda merkeziň ýerine ýetiren işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Aşgabat jemleýji resminamasynyň BMG-niň resmi dillerinde çap edilip, gurama agza döwletlere ýaýradylmagynyň ähmiýeti we dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öňde durýan wezipeler bilen bagly meseleler bolsa maslahatyň esasy özenini düzdi. Geçen, 2020-nji ýylyň dowamynda möhüm çärelerdir seneleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň hem-de Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň ýokary derejede geçirilendigini belläp,

Ilçi işe başlady

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, döwlet Baştutanymyzy we ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlag sözlerini ýetirdi.

Asudalygyň goragynda

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçen, 2020-nji ýylda amala aşyran işleriniň netijelerine, olaryň öňünde ýakyn geljek üçin durýan wezipelere garaldy. Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňläp, Milli Goşunyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durmalydygyny hem-de türkmen döwletiniň harby-syýasy strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmalydygyny belledi. Bu strategiýanyň mazmuny ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi nazara alnyp, işlenip taýýarlanylan, goranyş häsiýetli Harby doktrinadan hem-de alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrumyzdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine möhüm ähmiýet berildi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Inden hat gelip gowuşdy. Onda: «Jenap Şin Sung-çuly Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belleýändigimi Siziň Alyhezretiňize hormat bilen habar berýärin. Jenap Şin Sung-çuluň özüniň belent abraýy hem-de ýokary ukyplylygy bilen biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy mundan beýläk-de berkitmek we özara bähbitleri ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynanýaryn» diýlip bellenilýär. * * *

Täzelikler

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary üçin örän şowly ýyllaryň biri boldy. Olar önümçilik meýilnamasyny möhletinden öň artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýylyň soňuna çenli bu görkeziji has ýokary boldy. Fabrik boýunça meýilnamada görkezilen 35 million 506 müň 179 manatlyga derek 46 million 597 müň 409 manatlyk önüm öndürildi. Munuň özi ýyllyk meýilnamadan daşary onlarça million manatlykdan hem gowrak önümiň artyk öndürilendigini aňladýar. Fabrigiň zähmetsöýer adamlary bazar ykdysadyýeti şertlerinde öz öndürýän önümleriniň bäsdeşlige ukyplydygyny subut etdiler. Buýurmalaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümleriň hyrydarlarynyň göwünlerinden turýar. Fabrikde, esasan, harbylar üçin geýimleriň uly topary, şol sanda ulular we çagalar üçin eşikler tikilýär. Şeýle hem geçen ýylyň dowamynda ozal daşary ýurtlardan getirilýän mekdep okuwçylarynyň goşhaltalarynyň 1500-siniň, agyz-burun örtükleriniň 464 müňden gowragynyň öndürilmegi önümçiligiň giňändiginden habar berýär. Täze ýylyň ilkinji aýynda hem zähmet gadamlary batlanýar.

Parahatlyk — ýürek baýdagy

Eziz Arkadagymyzyň: «Parahatlyk — ýürek baýdagy, Älem-jahan — mähir mukamy» diýen şahyrana setirleri biziň her birimiziň ruhy ganatymyza, rowaçlyklara höweslendirýän baş şygarymyza öwrüldi. Zeminiň abadançylygyny, asmanyň asudalygyny ýaşaýşynyň ebediligine, durmuşynyň manysyna deňeýän halkymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk arkaly gazanylýan şanly ösüşleriň eşret-hözirini görýär, erkana ýaşaýar we ýüreginde beslän maksadyna sary ynamly gadam urýar.

Döwre buýsanç işjeňligi artdyrýar

Uly üstünliklere beslenen 2020-nji ýylyň soňky günlerinde hormatly Prezidentimiz täze ― 2021-nji ýyl üçin ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň öňünde möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Milli Liderimiz hususy pudagyň işini mundan beýläk-de ilerletmek, şeýle hem daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmelerden habarly bolmagyny gazanmak ugrunda-da degişli tabşyryklary berdi. Öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, esasy işi merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybarat bolan bu düzümler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Zerhal  NARMAMEDOWA,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji:

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 7-nji ýanwar (TDH). Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Bagt gadamy mübärek!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň hem asudalygyň mekany hökmünde at-owazasy dünýä dolan eziz ýurdumyzyň gül gujagynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen täze, 2021-nji ýyly garşy aldy. Beýik döwrüň döredijilikli işleriniň ruhunda gülläp ösýän, özgerýän türkmen topragyna mübärek gadamy bilen gelen bu ýylda ata Watanymyzy şöhratlandyrýan uly toýumyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanar. Eziz Diýarymyzda geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenildi. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütünleri, goşa ganaty bolan Garaşsyzlygyň hem Bitaraplygyň şanly seneleri sazlaşykly utgaşyp, toýlary goşa-goşadan gelýän ýyllary bagta besleýär. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze ýylyň bosagasynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy hem-de geljek ýylda öňde durýan maksatnamalaýyn wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýär. Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylyk we ynanyşmak esasynda halkara