"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Oňyn başlangyçlar — abadançylygyň hatyrasyna

Baky Bitarap türkmen döwleti abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly hyzmatdaşlygy durmuşa geçirýär, oňyn halkara dialoga hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Ýurdumyz sebitde we bütin dünýäde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, ýaragsyzlanmak, terrorçylyga we neşe serişdeleriniň getirilmegine, döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşmek çygrynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns gönükdirýär. Parahatçylyk we abadançylyk BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň esasy şertleri bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry esasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň uly ähmiýeti bardyr. Ine, 6-njy dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde beýan edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar munuň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, oňyn başlangyçlar öňe sürlüp, olar halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistan sebiti ösüş arkaly parahatçyl

Parahatçylyk ýoly bilen

Agzybirligiň, jebisligiň netijesinde barha pajarlap ösýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 29 ýyllyk şanly toýy halkymyzyň buýsanjydyr, bagtyýarlygyň, döwletliligiň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň giň dünýägaraýşynyň, halkara başlangyçlarynyň miwesi bolan bagtyýar zamanada ýaşaýan halkymyz bu baýramy halkara derejesinde dabaralandyrýar. Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli senenamasynyň esasy seneleriniň biri bolan Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri uly şowhun-şagalaňa beslenýär. Ýurdumyzyň bitarap, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleriň netijelerini Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mysalynda görmek bolýar. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň miweleri hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 29 ýyllyk tejribesinde aýdyň şöhlelenýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň öňünde durýan meseleler boýunça sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň mysallarynyň hatarynda 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň öňe süren dünýä ähmiýetli halkara başlangyçlary

Baky bagtyň şuglasy

Türkmenistan dünýäde parahat ýurt, asudalygyň mekany hökmünde tanalýar. Halkymyzyň asylly ýörelgesinden gözbaş alýan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýädäki abraýyny has-da artdyryp, belent derejelere ýetirýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi berildi. Şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Şol döwürden bäri ýurdumyzda syýasy, ykdysady we medeni taýdan beýik üstünlikler gazanyldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi taryhyň altyn sahypalaryna ýazyldy. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň, halkymyzyň we umumadamzadyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň rowaçlygyny görkezdi.

Hemişelik Bitaraplyga buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde hemişelik Bitaraplygymyz çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Ýurdumyzyň hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň netijesinde halklaryň arasyndaky dost-doganlyk has-da ösdürilýär. Bu günki gün dünýäniň ähli döwletleri we iri halkara guramalary bilen gatnaşyklar ýygjamlaşdyryldy. Hemişelik Bitaraplygyň nuruny jahana ýaýýan Türkmenistan sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy merkez, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwlet we dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň işjeň agzasyna öwrüldi. Durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan parahatçylyga, abadançylyga uly baha berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä derejesindäki beýik ösüşleriniň nusgasydyr. Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly, okgunly gülläp ösýän ýurda öwrüldi. Ylymda, bilimde, medeniýetde düýpli özgerişler bolup geçdi. Ilimiziň agzybirligi we jebisligi, jemgyýetçilik durnuklylygy, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gazanan guwandyryjy netijeleridir. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin zerur bolan ähli esaslar, ýagny uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan pudaklar, ýerli çig mal we zähmet serişdelerini netijeli ulanmaga ähli şertler bar.

Hoşniýetlilik ýörelgesi rowaçlanýar

Türkmen halkynyň asyrlardan dowam edip gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri häzirki ajaýyp döwrümizde rowaçlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşler gazanylýar, uly-uly üstünliklere ýetilýär. Türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda nesillerden-nesillere geçip gelýän däp-dessurlary, parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly asylly ýol-ýörelgeleri dünýä nusgalyk derejede kämilleşdirilýär. Bu günki günde eziz Diýarymyz dostlugyň mekanyna öwrüldi. Parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dünýäniň döwletleri we halklary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ileri tutmak ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyz özüniň amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny umumadamzat bähbitlerini hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkymyzyň goňşy halklar, ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryna giň ýollary açýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň rowaçlanmagy halkymyzda buýsanç döredýär.

Dost-doganlygyň we parahatçylygyň çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary barha ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Watanymyzyň abraý-mertebesi barha belende galýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik syýasaty bütin dünýäde belent mertebä mynasypdyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry halkymyzyň hakydasynda şanly sene hökmünde orun aldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy esasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Kararnama kabul edildi. Bu şanly pursat türkmen halkynyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň dabaralanmasy boldy. Şol belent üstünlikden soňra, agzybir halkymyz hemişelik Bitaraplyk syýasatyny şygar edinip, arzyly menzilleri nazarlady. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara derejesinde uly ykrarnama eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýerýändiginden nyşandyr. Dünýä bileleşiginiň halklarynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldaýandyklaryny şu taryhy wakanyň özi ýene bir gezek äşgär etdi. Türkmenistan bütin dünýäde we sebitde parahatçy

Gahyryman Arkadagymyzyň eserlerinde Bitaraplygyň waspy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserlerinde Watan mukaddesligi, Garaşsyzlyk gudraty, Bitaraplyk bagty, halkymyzyň milli gymmatlyklary, döwletlilik ýörelgeleri pelsepewi garaýyşlar, parasatly pikirlenmeler bilen çeper beýan edilýär. Milli Liderimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Bitarap Türkmenistan», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplarynda öňe sürýän paýhasly pikirleri hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde parahatçylygy we agzybirligi, dostlugy we ynanyşmagy berkitmekdäki taryhy ähmiýetini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde tutýan ornuny düýpli açyp görkezýär. Bu gymmatly eserleri okanyňda, baky Bitaraplygymyzyň halkymyza beren eşretlerine, gadyr-gymmatyna has-da buýsanýarsyň.

Bitaraplyk — milli ýörelgämiziň özeni

Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan türkmeniň hemişelik Bitaraplygy onuň milli buýsanjyna öwrüldi. Türkmen Bitaraplygy milletiň ruhy-ahlak kökleri bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň häsiýet aýratynlygyna, däp-dessurlaryna nazar aýlanymyzda asudalygy, abadançylygy dörediji we üpjün ediji milletdigini görýäris. Ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, oňşuklylyk ýaly oňyn garaýyşlar «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlarymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Baky Bitaraplygyň özenini düzýän asylly düşünjeler türkmeniň milli aňynyň özboluşly görkezijisidir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşmeýilli bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir».

Eziz Watan — Bitarap

Geldi Pyragynyň arzuw eýläni,Asuda säheri, rahat öýläni,Şahyr dilleriniň söýüp-söýläni,Gözleriň röwşeni Watan — Bitarap. Pyşyrdysy heňňamlaryň aýdymy,Tugum, seň ýüzüňde halyň öýdümi,Zemin öz görküni saňa çaýdymy?Döwri-döwran, eziz Watan — Bitarap.

Diýar

Ýer ýüzünde dost-doganly, heňňamlaryň şöhraty sen, Jahan içre at-abraýly, pederleriň yhlasy sen,Ak ýollaryň bedew batly, zamananyň ýalkymy sen,Meger, Arşyň nury birle mähire eýlenen, Diýar,Garaşsyz, Bitarap bolup dünýäde saýlanan, Diýar! Oguz handan gaýdyp asly, oguzlaryň ýurdy bolan,Asyrlaryň dowamynda ençe beýik döwlet guran,Zemin içre seniň adyň mydam äşgär, belli bolan,Diwanlarda dür söz bilen ýürekden söýlenen, Diýar,Garaşsyz, Bitarap bolup dünýäde saýlanan, Diýar!

Toýly günleriň söhbedi

Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda kabul edilen kanunlaryň ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, welaýat kitaphanasynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň guramagynda geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Gurbangylyç Durdyýew, Arazmyrat Hangeldiýew, Şatlyk Gurbandurdyýew, Aýnabat Toýlyýewa, Maýsa Jumaýewa, şeýle hem gazetiň habarçysy Bazargül Ballyýewa dagy gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz ýurdumyzyň halkara derejesinde giňden bellenilýän şanly senesiniň diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem aýratyn wakalaryň biri bolup durýandygy uly buýsanç bilen bellenip geçildi. Hemişe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine ygrarly ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Esasy Kanunymyzda hem berkidilendigi, kabul edilýän kanunlarda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alynýandygy, olaryň ählisinde hem adam hakdaky aladanyň öz beýanyny tapýandygy barada bellenip geçildi.

Dabaraly maslahat geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň guramagynda etrabyň işjeň partiýa agzalarynyň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň we ak saçly eneleriň gatnaşmagynda Esenguly etrap häkimliginde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitarap ýurt, Berkararlygyň goşa ganaty» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan, halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hem-de ösdürilmegine ýardam berýän içeri we daşary syýasaty netijesinde, parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni taýdan barha pugtalanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem çykyş edenler berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän, parahatçylygyň we ylalaşygyň üpjün edilmegine hem-de berkidilmegine gönükdirilen oňyn halkara gatnaşyklary eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da belende göterýär diýip bellediler.

Mekdep okuwçylary bäsleşdiler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, edep-ekramly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Berkarar döwletimizde giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaralar, duşuşyklar geçirilýär. Ýakynda baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky Çagalar awtoşäherçesinde  «Bitarapdyr ilimiz, rowaçlanýar ýolumyz!» atly bäsleşik geçirildi. Oňa Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň ýedinji we sekizinji synplarynyň okuwçylaryndan düzülen her biri bäş okuwçydan ybarat alty topar gatnaşdy.

Waspyň dillerde dessan

Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli dürli medeni çäreler Köneürgenç etrabynda hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär. Etrabyň 59-njy orta mekdebinde geçirilen çäre hem Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna bagyşlandy. Etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň, bilim, medeniýet bölümleriň bilelikde geçiren çäresine etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy oglan-gyzlar hem gatnaşdylar. «Bitarap Türkmenistan, waspyň dillerde dessan!» ady bilen geçirilen çärede etrabyň çagalar sungat mekdebiniň, etrabyň 12-nji çagalar bagynyň höwesjeň aýdymçy oglan-gyzlarynyň aýdym-sazly çykyşlarynda asuda-parahat ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işlerini, dost-doganlyk ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny wasp etdiler. Çäräniň dowamynda bagtyýar çagalaryň dürli milletleriň dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Uzak wagtlap dowam eden çäre bu ýerde ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Bitaraplyk — dünýäniň ýürek aýdymy

Her güni toý-baýrama beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýene-de bir şanly baýramyň — baky bagtyýarlygyň badalgasy bolan Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaralaryň şatlygy her bir adama, her bir öýe egsilmez bagt eçilýär. Şu günler eziz Watanymyzyň ähli obadyr şäherleri toý lybasyna beslendi. Türkmenabat şäher häkimliginde «Bitaraplyk ýoly — parahatlyk ýoly» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat hem şanly senä bagyşlandy. Oňa kümüş saçly eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bitaraplyk buýsanjydyr türkmeniň

Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilýär. Watanymyzyň baky Bitaraplygy ata-babalarymyzyň wysal bolan arzuwy, halkyň çüwen bagty, ýurduň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyksöýüjilik syýasatynyň özenidir. Onuň esaslary öňe sürýän garaýyşlarymyzyň binýatlyk ölçeglerine eýermäge bize giň mümkinçilik berdi. Şeýle-de halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna, garaýyşlaryna we dini ynançlaryna hormat goýmak ýaly düşünjeleriniň has-da berkemegine esas bolup durýar. Bitaraplyk syýasatynyň esasy maksady bolsa ýurduň daşary we içeri syýasatyny gülletmekden, goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr. Biziň institutymyzda bu şanly sene mynasybetli talyplaryň arasynda «Bitaraplyk buýsanjydyr türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ýaryşda talyplar Watanymyzyň Bitaraplyk syýasatyny wasp edýän goşgudyr makalalary, hekaýalary ýazmakda özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşanlar öz eserlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitleri, Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini wasp edýän eserlerini okadylar. Ýeňiji bolanlara institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy we ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanda Estoniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýaap Oradan ynanç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanda Efiopiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jemal Beker Abdulladan ynanç hatyny kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ilçä Türkmenistanyň içeri syýasaty we dünýäniň ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik, mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge, Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy. ***

Aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen maslahatda zähmet üstünliklerini beýan etdiler

Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan «Bitaraplyk – durnukly ösüşiň özeni» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Ulag-kommunikasiýalar toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.